Madmazella
27.04.2023 17:17

Bu ýadawlyk gutormaz.

Bu wagta çenli kime kömek gerek bolsa ylgadyk. Ýanynda bolmagymyzy isleýän kim bar bolsa ýanynda bolduk. Bir gün bolsada hiç kimiň ýanyna erwetlik bilen gitmedik. Hiçkime arkamyzy öwürmedik. Ýok diýmedik, bolmaz diýmedik. Elimizden näme gelýän bolsa hemmesini berdik. Hiçkim bizi ýitirmekden gorkmady, ýitirmekden gorkýan diňe biz bolduk.

Birnäçe wagt soň diňe özümizi ýadatýanlygymyzy bildik. Soň bolsa näme etsek edeli bu ýadawlygy diňdirip bilmedik. Sebäbi biz bahanalar tapýan, bir zatlardan gaçýan, edenleri we etjekleri dilinde bolan adamlardan däldik. Bolubam bilmezdik.


Biz ýok diýmegi, işim bar diýmegi, bolmaz diýmegi oňarmaýan adamlardyrys. Ýadawlygymyz gutormaz biziň.

10
25
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.