Madmazella
26.04.2023 20:50

Geçeni geçdi bil diýýär gojalar,

Heý geçen günlerem undup bolarmy?

Ýaşlygyň ýelgini,

Aýdyň gijeler,

Heý geçen günlerem undup bolarmy?


Mekdepdäki ýönekeýje partalar,

Meýdandaky ak pagtaly kartalar,

Gyrmyzdonlar,

Keteniler,

Kürteler...

Heý geçen günlerem undup bolarmy?


Aýterekler günterekler hatarlar,

Monjugatdy, ertekiler, matallar,

Käte gün dogarlar,

Kä gün batarlar,

Heý geçen günlerem undup bolarmy?


Ýap boýunda biten serwi derekler,

Söýülýän hem söýýän juwan ýürekler,

Aýjemallar, Güljemallar, Gerekler...

Heý geçen günlerem undup bolarmy?!


At çapylýan asman ýaly alalar,

Goşa örüm saça urlan şanalar,

Gijelere şerbet gatan läleler,

Heý geçen günlerem undup bolarmy?!


Aýdym, şygyr, poemalar, odalar,

Teoremalar, kanunlar hem kadalar,

Edilen şert,

Berilen söz, wadalar

Heý geçen günlerem undup bolarmy?!


Gülleri seňkidir ter gülli bagyň,

Silleri seňkidir dumanly dagyň,

Şol günlerde galdy iň ajap çagyň...

Heý geçen günlerem undup bolarmy?!


Nury Baýramow

24
92
gulshatayewa97
27 Aprel 2023
Erbet ýatlamalary unutmaly gowylary däl
Dovlet Ashyrov
26 Aprel 2023
👍👍.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.