Lilia_
09.11.2023 23:50
Meşhur fransuz dramaturgy Pýer Ogýusten Bomarşeniň bir jümlesiniheran-haçan ýatlapdurmalymyka diýýärin: “Eger-de men bu durmuşa gülmesem, onda aglamaly bolardym”.
Ýa-da başga bir jümle:
ÝAŞAÝYŞA ŞATLANMAK ÜÇIN, ILKI BILEN-Ä ÝAŞAMALY, SOŇAM ŞATLANMALY!!!
Her kimiň ryzkyny berýän Alla! Özi bermese näçe çarp ursaňam ýetdirmeýär. Berende welin, edil hemmeje zat aý dogan ýaly ap-aňsat bolýar duruberýär. Ýöne köne gürrüňleriň birinde: “Haktagala-da maňa garşy bir garyş süýşene Men oňa garşy iki garyş süýşerin” diýipdir, diýýärdiler.
Şeýlelikde, kazyýet seljermesiniň netijesinde ýene-de bir gezek bir hakykat anyklanyldy: Eger-de Adam ata How enemiziň gepine gidip gadagan edilen nygmaty - bugdaý iýip (hakykatda käbir kitaplarda mekru almasy diýilýär) behiştden kowulmadyk bolsa, biziň kellämizi agyrdýan meseleleriň birem bolmazdy.
Aslynda, durmuşyň özi ahyry ölüm bilen tamamlanýan bejerip bolmajak kesel diýýärler. Durmuşyňda mesele döredimi, ony her tarapyndan bir baryp itiň girisine ilen süňküň daşyny ýalap ýörüşi ýaly süýjüdip ýörmeli däl-de, belli bir derejede, öz ygtyýarlygyňdaky mümkinçiliklere görä çözjek bolmaly. Eger-de çözüp bolmaýarmy, onuň daşyndan aýlanyp geçmegiň ýoluny gözlemeli.
Mysal, meniň bir tanşym, ýaş başyna maşgalasybilen oňuşman, gelnini, iki sany çagasynyalyp, öýlerinden çykyp gitdi. 3-4 aýlap garyndaşlarynyňkyda ýaşady, soň 1-2 aý dostunyňkyda. Ýöne, näme, dostuňam, garyndaşyňam nähili gowy bolanda-da, “Myhmanyňky üç gün, üç günden soň göçgün” diýilmeýärmi, olam ahbetin kireýine jaý alyp ýaşamaly boldy. 1-2 ýyl şeýle halda kösendi. Soňam şäherden alysdaky obalaryň birinde ýaşaýan garyndaşlarynyň ýanyna göçdi. Ol ýerde mellegiň bahasy arzandy. Toýun palçykdanbir otaglyk jaý salyndy. Hatda öýüne ýazmagadüşegem ýokdy. Emma melleklerine teplisa gurdular, mal sakladylar, ilki köneje ulag alnyp kireý etdi. Soň jaýa başlady. 2-3 ýylda salyp dyndy. Häzir, tüweleme, gurply hojalyk.
Halypalarymyň biri, obadaş şahyrymyz, göwünlik bermek üçin,öwran-öwran: “Bizi içimizden-daşymyzdan ýakjak bolup dert-azara galýarlar. Bizem-ä, şol bizi ýakmakçy bolýanlaryň içjagazyny ýakyp, ýanmajak bolarys!” diýerdi.
Üýtgeşik, ýiti täsirli jümle.
© Serdar ATAÝEW
32
59
Lilia_
09.11.2023 16:44
Dünýäniň iň sessiz otagy barada
«Ümsümlik – altyn diýýärler welin, ümsümligine çydamak asla mümkin däl eken.»
Hekaýa
Günorta Mineopolisdäki Orfild barlaghanasy dünýäniň iň sessiz otagy hasaplanýar. Ol ýerde täze önümleri barlaýarlar we adamlar çalt aklyndan azaşýarlar. Onda bolmak rekordy 45 minut. Bu hekaýa barlaghanany guran adam Stiwen Orfild barada.
«Bir gün Nýu-Ýorkyň metrosynda otyrkam özümi gözläp başladym. Daş-töwerek şeýle bir ses welin çydar ýaly däl. Bir tarapda çagalarymyň pyşyrdysy, bir wagtyň özünde dört sany otly duralga çekilýärdi, ses men üçin şeýle bir agyrdy ahyry gulaklygymy dakyndym. Gaçmak asla mümkin däldi. Şäheriň fon sesleri, beýleki hereket edýän transportlaryň sesleri juda agyrdy. Ahyry soňunda bolsa dünýäniň iň rahat, asuda ýerini tapyp şol ýerde ýaşamak kararyna geldim.
Günorta Mineapolisde Orfild barlaghanasyny gurdum Adatdan daşary dymyşlygy gazanmak üçin galyňlygy 1 metre ýetýän aýna akustiki platformalar we 30 santimetr galyňlykdaky betonlary ulandym. Hat-da ol ýerdäki poly hem aýak sesini özüne siňdirijidi. Bu ýer Ginnesiň Rekordlar kitabyna dünýäniň iň ümsüm ýeri hökmünde girdi we 99,9 % sesi özüne siňdirýärdi. Aneko kamerasynyň içinde uzak wagt bolmak ýürek bulanma, howsala hüjümleri we eşidiş gaýusinasiýalaryna çenli agyr alamatlara sebäp bolup biler.
Bir skripkaçy şol ýeriň içinde uzak wagt saklanyp bilmän birnäçe sekuntdan gapyny urup başlady, dymmak ony gorkuzdy. Bu ýere gelenimde bir zady düşünip ýetdim: adam adaty sesi eşitmegi bes edende gorkyny başdan geçirip biler. Şonuň üçin hem duýgulardan mahrum bolmak hem gynanmalaryň bir görnüşi hasap edilýär. Men birnäçe minut şol jaýda saklandym. Ol ýerde birnäçe wagtdan soň ýüregimiň gaharly urşuny ganymyň damaryndan akýan seslerini, kapilýarjyklaryň diwarlaryndaky urgulary eşitdim.
Men dünýäde rahatlyk gözleýärdim. Şol jaýdan daşaryk çykanymdan soň men rahatlygy ýokary derejede duýdum. Bir zada düşünip ýetdim: «Ümsümlik – altyn» diýýärler welin, ümsümlige çydamak asla mümkin däl eken.»
31
35
Lilia_
09.11.2023 12:44
DURMUŞ KYNMY ÝA-DA BIZ GOWŞAK?
Bir hekaýat bar:
Ýoluň gyrasynda bir gury agaç bar ekeni. Bir gün gije şol ýoldan ogry geçip barýan eken welin, ol garaňkylykda gury agajy özüni garawullap duran polisiýa işgäridir öýdüp, gorkupdyr-da, assyrynlyk bilen ökje ogurlap, gaçyp gaýdypdyr.
Onuň yz ýanyndan şol ýerden bir aşyk geçip barýan eken welin, ol gury agajy görüp, ony özüne sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran magşugydyr öýdüp, begençli ýylgyrypdyr-da, ylgap agajyň ýanyna barypdyr. Ýalňyşanyny bilibem örän gynanypdyr.
Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda bolsa ejesi öz oguljygyny ýanyna alyp şol ýoluň ugry bilen geçip barýan eken welin, oglanjyk gury agajy doly saýgaryp bilmän ol arwahdyr öýdüp, gorkup aglapdyr. Golaýlanlarynda bolsa özüni gorkuzan “arwahyň” ýönekeý gury agaçdygyny görüp, biçak begenipdir.
Gury agaç bolsa özüne kimiň seredýändigine, günüň haýsy wagtydygyna garamazdan şol gury agaçlygyna durupdyr…
Bizem edil şu hekaýatdaky adamlar ýaly, hemişe durmuşa öz içki, ruhy ýagdaýymyzdan, bilim derejämizden, öz isleglerimizden ugur alyp baha kesmäge çalyşýarys. Durmuşymyzda haýsydyr bir kynçylyk emele gelende, durmuş, edil ýaňky gury agaç ýaly “arwaha” öwrülýär, biz ondan oglanjygyň gorkuşy ýalt eýmenip başlaýarys. Işimiz şowuna bolsa, biziň özümizi alyp barşymyz şol gury agajy magşugydyr öýden aşygyň bolşuna çalym edýär. Ol bolsa şol öňki üýtgewsizligine galýar. Gurbannazar Ezizow: “Seni söýüp düşündim bir zada, kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýip ýazypdyr.
Dogrusy, durmuşdan eýmenmek ýa-da zeýrenmek üçin bahana gözlemeli däl, ol näçe diýseň el ýüzünde ýatyr. Gowy iş tapyp bilemok, sebäbi diplomym ýok. Diplomymyň ýoklugynyň sebäbi puluň bolmasa okuwa girip bolmaýar... Garaz, şuňa çalymdaş “çynlakaý kynçylyklar” hemişe-de tapylýar. Ýöne şol “kynçylyklary” aradan aýyrmak üçin hötjetlik hem tutanýerlilik bilen dyzamak welin, bize ýene-de “kyn” düşýär. Muňa-da biz günäkär däl-de, durmuş günäkär. Sebäbi biz juda gowy, akylly, bilimli, medeniýetli, şonuň üçinem bize hemme zady eliň aýasynda bermek maksadalaýyk bolup durýar...
Şeýlemi?
Ýa-da gury agajyň hemişe “gury agaçlygyna” durandygyna düşünip, zähmet çekmek dogry bolmazmy?!
Şu aýdylanlara degişlilikde ýene-de bir zady belläýin.
Kosmos giňişliginiň gadymy döwürlerde ynanyşlary ýaly, daş gümmez däl-de wakuumdygy hakynda fransuz alymlarynyň pikirleri-ynançlary dogry, ýöne bu dogry pikir başga bir ýalňyş ynanjyň emele gelmegi üçin esas bolup hyzmat edýär. „Dostum Gorasio, jahanda biziň danalarymyzyň düýşüne-de girmeýän zatlar köp!“ diýýär, şü temada seljerilip başlanan badyna ýatdan çykarylan şahyr!
Pyragy atamyz bolsa: “jahanda näler görüner” diýýär.
Ýene-de bir beýik şahyrlaryň birem: “Giňdir dünýe, giňdir akyl ýeterden, Çar tarapda biserhetdir Älemler, Aň ýetirjek bolup Allaň aklyna, Jahan içre janserekdir alymlar (Saparmyrat Türkmenbaşy. Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy. “Namazlyk” goşgusy)” diýip ötüpdir.
1790-njy ýylyň 24-nji iýulynda, günorta-günbatar Fransiýanyň Žer departamentinde (dolandyryş-çäk birligi) meteorit gaçypdyr we bu barada Fransiýanyň Ylymlar akademiýasyna habar berlipdir. Şonda akademikleriň biri, meşhur fransuz himigi Klod Bertolle özüniň diňe bir garamaýak halkyň wekilleriniň däl-de eýsem ylymly-bilimli resmi adamlaryň hem şeýle ertekilere, ýagny asmandan daş gaçyp biljekdigi hakyndaky ertekilere ynanýandyklaryna gynanýandygyny ýazypdyr. Sebäbi fransuz akademikleri asman giňişliginiň efir görnüşinde bolup, onuň daşdan gümmez däldigini, şonuň üçinem ondan daş bölekleriniň döwlüp ýere gaçyp bilmejekdigini ykrar edipdirler.
Şeýle, ine!
Çehowyň meşhur çeper gahrymany – unterPrişibeýewi ýadyňyza düşýärmi? Onuň tymsala öwrülen: “Beýle zat bolup bilmez! Sebäbi beýle zat hiç haçan bolup bilmez!” diýen, ebedilik argumenti bilen bilelikde...
39
98
Lilia_
08.11.2023 16:10
Ýol görkeziji belgiler
Ilkinji ýol görkeziji belgiler 1900-nji ýylda Parižiň (Fransiýa) köçelerinde peýda bolýar. Olar gök ýa-da gara reňkli dörtburçluk bolup, onuň ýüzünde «Demir ýol geçelgesi», «Howply öwrüm» we «Göni däl köçe» diýen nyşanlar çekilgi eken.
1909-njy ýylda Fransiýanyň paýtagtynda «Awtomobil ulaglarynyň hereketleri hakynda halkara konwensiýa» taýýarlanylýar hem-de ol ýerde awtomobil ulaglarynyň hereketlerine bagyşlanan ýörite konferensiýa geçýär. Konferensiýada dört sany nyşan, ýagny, «Ýol göni däl», «Egrem-bugram ýol», «Demir ýol bilen kesişýän ýol» ýaly belgiler halkara belgileri hökmünde kabul edilýär. Belgileri howply ýerlerde 250 metr öňünden goýmak barada görkezme girizilýär.
1926-njy ýylda 4 sany belginiň üstüne ýene-de 2-si goşulýar. Olar «Goralmaýan demir ýol geçelgesi», «Durmak hökman» belgileridir. 1931-nji ýylda bolsa, olaryň sany 26-a ýetýär. Şonda olar duýduryjylar, buýruk berijiler we görkezijiler diýen ýaly üç topara bölünýär. Käbir ýurtlarda diňe özlerine degişli ýol belgileri goýulýar, ýöne şol belgileriň ähli sürüjilere düşnükli bolmalydygyny unudylmaýar. Meselem, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda belgileriň aşagynda ýazgylar ýazylýar, Awstraliýada ýollaryň ugrunda krokodilleriň suraty çekilgi duran belgi, Şwesiýada bolsa sugunlaryň şekili çekilgi bolsa şol ýol böleklerinde nämeden ägä bolmalydygyny görkezýär. Russiýa Federasiýasynyň Kronştadt şäherinde bolsa, ýol belgileri asla ýokdur.
32
21
Lilia_
08.11.2023 12:09
Zyýanly endikler barada ählimiz bilýäris. Eger siz alkogolly içgileri içmeýän bolsaňyz, çilim çekmeýän bolsaňyz we beýleki zyýanly serişdeleri ulanmasaňyz hem, şu aşakdakylary siziň durmuşyňyzda gabat gelýän bolsa, onda sizde zyýanly endik bar we saglygyňyza zeper ýetirýärsiňiz diýmekdir.
Süýjüli önümleri çenden aşa köp iýmek. Ýönekeý uglewodlar gandaky glýukozanyň mukdaryny bada-bat artdyrýar we 20 minutlyk eýforiýa döredýär. Soňra bolsa gandaky şekeriň mukdarynyň tizlik bilen azalmagy dartgynlylyk ýagdaýyny döredip biler. Esasan süýjüli önümleri köp sarp edýänler psihiki kesellerden we süýjüli diabetden ejir çekýärler.
Telewizora tomaşa edip iýip-içmek. Hasaplamalara görä, telewizora tomaşa edip ýa-da kompýuteriň başynda iýip-içýän adamlar şeýle endigi bolmadyklardan ortaça 300 Kkal köp iýmit kabul edýärler. Ýagny bar ünsüň bir gyzykly waka gönükdirilende aşgazanyň dolandygy hakyndaky signallar duýulmaýar we iýmit kabul edilmegi dowam edýär. Bu bolsa agramyň artmagy bilen birlikde, aşgazan kesellerini döredip bilýär.
Az hereketlilik. Häzirki döwürde adamlar wagtynyň agramly bölegini kürsüde, oturgyçda, awtomobiliň içinde geçirýär. Şeýlelikde, myşsalar hereket edenok, gan aýlanyşy peselýär, bedeniň aşaky böleginde bolsa köp mukdarda gan toplanýar. Munuň netijesinde ýaltalyk döreýär, bedeniň agramy artýar, hatda jyns ýollarynyň keseli hem emele gelip bilýär.
Temperatura görä geýinmezlik. Takmynan, 40 ýaşyna çenli adamlara sowuk howada ýyly geýinmelidigini ýatladyp durmaly bolýar. Howanyň temperaturasyna görä däl-de, soňky moda görä geýinmek saglyk bilen baglanyşykly birnäçe kynçylyklary döredýär. Güýçli immunitetiň hem ahyry asgyn gelýändigini unutmaly däldir. Saglyk
Lukmançylyk gözegçiliginden wagtynda geçmezlik. Ýaşlykda beden sagdyn bolýar, emma wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý üýtgäp biler. Şonuň üçin ýylda bir gezek lukmançylyk gözegçiliginden geçmek maslahat berilýär. Esasan hem ganyň düzümini, içki organlaryň işiniň barlatmak ýatdan çykarylmaly däldir.
35
32
Lilia_
08.11.2023 00:03
«EJEŇ GOWUMY KAKAŇ?»
Bu günem adatdakym ýaly, ýaňy ýedi aý bolan gyzjagazymy goňşyma tabşyryp, uly gyzym bilen oglumy alyp gelmek üçin çagalar bagyna ýelk ýasadym. Ikisiniňem elinden tutup, ýaňy bir çagalar bagynyň derwezesinden daşary ätlänimizem şoldur, gyzym sakga durup sorag berdi.
–Eje, kakam işden geldimi?
Bu soraga entek doly gürläp hem bilmeýän oglum hem şolbada gulagyny üşertdi.
–Ýok, gyzym, kakaň entek işden gelenok.
–Ýo-o-o-k, «Geldi» diý, eje-e, «Geldi» diý. Kakam işden gelsinnnn!
Gyzym keçjallygyna tutup, aglamyşlamaga başlady. Onýança, oglumam elimden sypdy-da, ýöräp gelýän ýanýodamyzdan batly ylgap öňe gitdi. Bu, meniň «Kakaň gelenok» diýenime görkezilýän garşylykdy.
Men başga näme etjegimi bilmän, elimi telefon ýaly edip, gulagyma tutdum-da, kakalaryna jaň eden boldum.
–Merdan, çagalaryň «Kakam gelsin» diýýär, geleňokmy? Hä, «Gelýän, ýolda» diýýäňmi? Bolýa, bolýa, derrew gel onda.
Çagalary ýalan gürrüňiň güýji bilen köşeşdirip, ýöräp ugranymam şoldy welin, öňümizden çykan kakalarynyň tanşy bar mazany aldy. Adama tomaşa gerek-dä! Ol salam berdi-de, gyzym bilen ogluma lak atan boldy.
–Balajyklar, akyllyja bolýaňyzmy? Terbiýeçiňize azar bereňzok gerek?
Çagalar ýerli-ýerden başlaryny ýaýkadylar. Ýöne onuň soňky beren soragy çagajyklaryň ýarasyny gozgady.
–Hany aýdyň, çagalar, ejeňizi gowy görýäňizmi ýa kakaňyzy?
Jogaplar hoşuna gelen bolarly, ol çasly sesi bilen «Kakamy, kakamy gowy görýän!» diýip gygyrýan gyzyma, doly düşünmese-de, kakasy hakda gürrüň edilýänine düşünip «Kakga-kakga» diýip, käkeleýän ogluma gülümsiräp seretdi-de, sagbollaşan bolup gitdi...
Beýnidäki surnukdyryjy döredijilik gözlegleri, bedendäki durmuş hysyrdylaryndan, kadaly alynmaýan ukydan ýaňa dowam edýän üznüksiz ýadawlyk, üstesine-de, kimdir biriniň seniň çagalaryňa berýän çylkasyz soraglary...Bularyň hemmesi üýşdi-de, damagymy dolduryp, ähli ysgyn-mejalymy aldy. Üns bereniňe degmeýän zat ýaly görünse-de, şeýle soraglaryň, ilki bilen, çaganyň beýnisine ýaramaz täsir edýändigi hakynda oýlanamda bolsa, ýaňky adamyň yzyndan baryp, onuň ýüzündäki hoşamaý ýylgyryşy pozup aýraýasym geldi.
***
Şol wakadan soň şol manysyz sorag, ony bermegiň zerurlygy ýa dälligi, jogabyň haýsy bolanda kime lezzet berip biljekdigi hakyndaky pikirler meni öz günüme goýmady.
Bu soraga gaty köp çaganyň «Kakamy gowy görýän» diýip jogap berjegi-de ikuçsyz. Çünki kakanyň çagalary üçin aýyrýan wagty ejäniňkä garanyňda örän az hem arzyly. Ol wagt, köp bolanda agşam 7-den irden-7-ä çenli. Onuňam 6-7 sagadyny gijeki uka aýyrsaň, onda aňyrda 6 ýa 5 sagat galýar. Eger kaka ýatymlaýyn işleýän bolsa, onda çaga sarp edilýän wagt mundan-da az bolýar. Onsoň şojagaz wagty çagalaryň bilen süýjije gürleşip, dükanlara aýlanyp, gezelenç edip geçirmek, elbetde hezil. Emma ejäniň wagty çagalaryndan daşgary öýüň arassaçylygyndan başlap, biş-düş, kir-kimir işlerine hem ýetmeli. Ol onuň daşyndan bir ýerde işleýän bolsa-ha, baýaky. Onsoň çagalaryň ejeden erteki aýtmagy haýyş edenlerinde onuň «Häzir däl, soňrak, elim boşanda aýdyp bererin», ýa bolmasa «Daşaryk gezmäge çykaly» diýenlerinde, garşy çykmagy ejäni çaganyň gözlerine çagasynyň islegine bakmaýan adam edip görkezmegi-de ähtimal. Dagy hem, çaga bu wagt, eger ejesi onuň kellesini dyzyna goýup, saçlaryny sypalap erteki aýdyp berse, agşam naharynyň bişirilmän galjakdygyny, ýa-da öýleri arassalap ýetişmejekdigini nireden bilsin?!
Çaganyň talaby ýaşyna görä ýylsaýyn däl, günsaýyn üýtgeýär hem köpelýär. Sen hol gün şu nahary gowy iýdi, bu günem şony bişirsem gowy iýer diýip, azap baryny siňdirip bişiren naharyňa «Men diýýänim däl–ä» diýip ýüzüni turşardyp oturan çagaň ilki hoşamaý söz bilen ýüzüniň turşusyny aýyrmaly, ondan soňra eýlesine-beýlesine geçip, onuň näme iýesiniň gelýänini bilmeli, ondan soňra bolsa hälki nahary beýlä süýşürip, onuň iýerin diýip söz beren naharyny bişirmegiň ugruna çykmaly. Egin-eşik meselesinde-de şeýle, çaganyň bökjekläp, öz halap aldyran eşigini geýdirmek hyllalla bolýan wagtlary-da az bolmaýar. Şeýle ýagdaýlar belli bir derejede ejäniň artykmaç wagtyny alyp, degnasyna hem ýaramaz täsir ýetirýär. Beýle hili ýagdaý aýda bir gezek ýa hepde-de bir gezek bolýan bolsa ne ýagşy, emma olaryň günü-güni gaýtlanyp durýandygyny, özi-de onuň çaganyň sanyna görä köpelýänini, dogan bolsalaram, her çaganyň häsiýetiniň düýpgöter başgadygyny hem nazara alsaň, onda köp maşgalada näme sebäpden, kaka garanyňda, ejäniň käýinjeň bolýandygy öz-özünden düşnükli bolýar.
***
Gyzym arada daýzasy bilen markede aýlanyp ýörkä, käbir zatlary görkezip, «Bulary ejeň bilen geleňde almaly, bulary bolsa kakaň bilen geleňde almaly» diýip görkezipdir. Hakykatdanam, marketde özüne gerekmejek zatlary tutup duran çaga gep düşündirip, harydy alman gaýtmak ejä başardýar, emma kaka başardanok. Çagalary alyp, markede çykmaga hyýallanýan kakalaryna ejäniň «Gerekmejek zatlaryny alyp berýämewergin» diýýän tabşyrygy, çagalaryň gulagyna «Hiç zat alyp beräýmewergin» bolup eşidilýär. Emma kaka welin, «Ýanymdaky pulum diýjek zatlaryna ýetmän durmaz-da, hernä» diýip ätiýaç etmek bilen, eýýämden olaryň islegi bilen gerekmejek zatlary almaga taýyn.
Gaňryşlaryna gaýtman, näme diýseler berjaý edip ýörseň, çaga üçin senden eziz adam ýok.. Çagalar bagyndan gelip, şol egnindäki eşikleri bilen gezip ýörmi, ýeri, gezäýende näme? Öňünde goýlan zady tertipli iýip bilýän halyna, dökän-saçan edip iýäýipdirmi, ýeri, iýende näme? Oýunjaklaryny oýnap bolup, olary ýygnaşdyrasy gelenokmy, ýeri, ýygnamasa-ýygnamasyn, biri gelip, barlap durmy? Eje çagasynyň bu hereketlerini onuň özüne düzetdirmäge çalyşsa, kaka çagasynyň bu hereketlerini onuň çagadygyny aýdyp, aklamaga çalyşýar. Elbetde, ol çaga, ýöne nahala-da ol nahal diýlip ösüp bag bolýança ideg edilmän gezilmeýär, nahaldygy üçin ondan miwä-de garaşylmaýar. Ýöne ony geljekde bol miwe berjek bag bolup ýetişmegi, dogry ösmegi üçin timarlaýarlar, gerekmejek şahalaryny aýyrýarlar, oňa wagtly-wagtynda, dökün hem suw berýärler. Çaga terbiýe bermek hem edil şolar ýaly, wagtynda kesilmedik şaha–ýaramaz endik soň çagada berk häsiýet bolup ornaşyp galyp biler. Wagtynda düzeldilmedik ýalňyş – gerek wagty guýulmadyk suw ýaly çaganyň şahsyýetini göýdük edip biler.
Bu babatda çaga psihologiýasy öwrenmek bilen meşgullanýan psihologlar çaganyň diýen etmezek bolup ýetişmeginiň düýp sebäbiniň ene-atadan gaýdýandygyny aýdyp, şulary belleýärler.
1. Ene-atalar ilkibada çagalaryny hemme zada höweslendirýärler, olaryň ähli diýenini edip, islän zatlaryny alyp berýärler. Netijede, çaga bu ýagdaýa ymykly öwrenişýär we soňlugy bilen, özüne edilýän gadaganlyklara razy bolman başlaýar. Edil şonuň ýaly, käýinçlere hem baş galdyrmaýar.
2. Çaga haýsydyr bir telek işi eden wagtynda käýelmeýär, temmi berilmeýär, netijede, çaga öz eden işiniň ýalňyşdygyna düşünmeýär we jogapkärçilik çekmeýär.
3. Läliksiretmek, çaga yzygiderli, ýüregedüşgünç üns bermek çaganyň şahsy dünýäsini daraldyp, özbaşdaklygyny ösdürmäge böwet bolýar.
4. Ene-atalaryň nädogry göreldesi. Mysal üçin, çagadan nahar başyna geçende elini ýuwmagy talap edip, özüň nahara eliňi ýuwman geçmek we ş.m.
5. Terbiýede «Bolýar» we «Ýok!» sözleriniň kesgitli ulanylmazlygy.
6. Çaganyň terbiýesiniň esasy bölegini başgalaryň, meselem, çagalar bagynyň ýa-da mekdebiň üstüne atmak.
***
Çaganyň öz ene-atasyna bolan söýgüsini «Ejeňi gowy görýäňmi ýa kakaňy?» diýen soraga berjek jogaby bilen kesgitläp bolmaz. Şol sebäpli-de, çaga bilen edilýän her bir gürrüňiň juda oýlanyşykly bolmalydygyny unutman, öz ýalňyşyňy «Ol –çagadyr-da» diýen başdansowma çykalganyň üstüne atmaly däl. Çaganyň ýatkeşligi örän güýçli, ol öz gören zadyny, eşiden sözüni hökmany suratda gaýtalap berýär. Meşhur aýtgyda aýdylyşy ýaly, «Çagaňyzyň gitjek ýeri ýok, ol size meňzär. Şonuň üçin, ilki bilen özüňizi terbiýeläň!»
© Aýgül GARAÝEWA
37
54