DURMUŞ KYNMY ÝA-DA BIZ GOWŞAK?
Bir hekaýat bar:
Ýoluň gyrasynda bir gury agaç bar ekeni. Bir gün gije şol ýoldan ogry geçip barýan eken welin, ol garaňkylykda gury agajy özüni garawullap duran polisiýa işgäridir öýdüp, gorkupdyr-da, assyrynlyk bilen ökje ogurlap, gaçyp gaýdypdyr.
Onuň yz ýanyndan şol ýerden bir aşyk geçip barýan eken welin, ol gury agajy görüp, ony özüne sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran magşugydyr öýdüp, begençli ýylgyrypdyr-da, ylgap agajyň ýanyna barypdyr. Ýalňyşanyny bilibem örän gynanypdyr.
Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda bolsa ejesi öz oguljygyny ýanyna alyp şol ýoluň ugry bilen geçip barýan eken welin, oglanjyk gury agajy doly saýgaryp bilmän ol arwahdyr öýdüp, gorkup aglapdyr. Golaýlanlarynda bolsa özüni gorkuzan “arwahyň” ýönekeý gury agaçdygyny görüp, biçak begenipdir.
Gury agaç bolsa özüne kimiň seredýändigine, günüň haýsy wagtydygyna garamazdan şol gury agaçlygyna durupdyr…
Bizem edil şu hekaýatdaky adamlar ýaly, hemişe durmuşa öz içki, ruhy ýagdaýymyzdan, bilim derejämizden, öz isleglerimizden ugur alyp baha kesmäge çalyşýarys. Durmuşymyzda haýsydyr bir kynçylyk emele gelende, durmuş, edil ýaňky gury agaç ýaly “arwaha” öwrülýär, biz ondan oglanjygyň gorkuşy ýalt eýmenip başlaýarys. Işimiz şowuna bolsa, biziň özümizi alyp barşymyz şol gury agajy magşugydyr öýden aşygyň bolşuna çalym edýär. Ol bolsa şol öňki üýtgewsizligine galýar. Gurbannazar Ezizow: “Seni söýüp düşündim bir zada, kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýip ýazypdyr.
Dogrusy, durmuşdan eýmenmek ýa-da zeýrenmek üçin bahana gözlemeli däl, ol näçe diýseň el ýüzünde ýatyr. Gowy iş tapyp bilemok, sebäbi diplomym ýok. Diplomymyň ýoklugynyň sebäbi puluň bolmasa okuwa girip bolmaýar... Garaz, şuňa çalymdaş “çynlakaý kynçylyklar” hemişe-de tapylýar. Ýöne şol “kynçylyklary” aradan aýyrmak üçin hötjetlik hem tutanýerlilik bilen dyzamak welin, bize ýene-de “kyn” düşýär. Muňa-da biz günäkär däl-de, durmuş günäkär. Sebäbi biz juda gowy, akylly, bilimli, medeniýetli, şonuň üçinem bize hemme zady eliň aýasynda bermek maksadalaýyk bolup durýar...
Şeýlemi?
Ýa-da gury agajyň hemişe “gury agaçlygyna” durandygyna düşünip, zähmet çekmek dogry bolmazmy?!
Şu aýdylanlara degişlilikde ýene-de bir zady belläýin.
Kosmos giňişliginiň gadymy döwürlerde ynanyşlary ýaly, daş gümmez däl-de wakuumdygy hakynda fransuz alymlarynyň pikirleri-ynançlary dogry, ýöne bu dogry pikir başga bir ýalňyş ynanjyň emele gelmegi üçin esas bolup hyzmat edýär. „Dostum Gorasio, jahanda biziň danalarymyzyň düýşüne-de girmeýän zatlar köp!“ diýýär, şü temada seljerilip başlanan badyna ýatdan çykarylan şahyr!
Pyragy atamyz bolsa: “jahanda näler görüner” diýýär.
Ýene-de bir beýik şahyrlaryň birem: “Giňdir dünýe, giňdir akyl ýeterden, Çar tarapda biserhetdir Älemler, Aň ýetirjek bolup Allaň aklyna, Jahan içre janserekdir alymlar (Saparmyrat Türkmenbaşy. Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy. “Namazlyk” goşgusy)” diýip ötüpdir.
1790-njy ýylyň 24-nji iýulynda, günorta-günbatar Fransiýanyň Žer departamentinde (dolandyryş-çäk birligi) meteorit gaçypdyr we bu barada Fransiýanyň Ylymlar akademiýasyna habar berlipdir. Şonda akademikleriň biri, meşhur fransuz himigi Klod Bertolle özüniň diňe bir garamaýak halkyň wekilleriniň däl-de eýsem ylymly-bilimli resmi adamlaryň hem şeýle ertekilere, ýagny asmandan daş gaçyp biljekdigi hakyndaky ertekilere ynanýandyklaryna gynanýandygyny ýazypdyr. Sebäbi fransuz akademikleri asman giňişliginiň efir görnüşinde bolup, onuň daşdan gümmez däldigini, şonuň üçinem ondan daş bölekleriniň döwlüp ýere gaçyp bilmejekdigini ykrar edipdirler.
Şeýle, ine!
Çehowyň meşhur çeper gahrymany – unterPrişibeýewi ýadyňyza düşýärmi? Onuň tymsala öwrülen: “Beýle zat bolup bilmez! Sebäbi beýle zat hiç haçan bolup bilmez!” diýen, ebedilik argumenti bilen bilelikde...