Lilia_
08.11.2023 12:09
Zyýanly endikler barada ählimiz bilýäris. Eger siz alkogolly içgileri içmeýän bolsaňyz, çilim çekmeýän bolsaňyz we beýleki zyýanly serişdeleri ulanmasaňyz hem, şu aşakdakylary siziň durmuşyňyzda gabat gelýän bolsa, onda sizde zyýanly endik bar we saglygyňyza zeper ýetirýärsiňiz diýmekdir.

Süýjüli önümleri çenden aşa köp iýmek. Ýönekeý uglewodlar gandaky glýukozanyň mukdaryny bada-bat artdyrýar we 20 minutlyk eýforiýa döredýär. Soňra bolsa gandaky şekeriň mukdarynyň tizlik bilen azalmagy dartgynlylyk ýagdaýyny döredip biler. Esasan süýjüli önümleri köp sarp edýänler psihiki kesellerden we süýjüli diabetden ejir çekýärler.

Telewizora tomaşa edip iýip-içmek. Hasaplamalara görä, telewizora tomaşa edip ýa-da kompýuteriň başynda iýip-içýän adamlar şeýle endigi bolmadyklardan ortaça 300 Kkal köp iýmit kabul edýärler. Ýagny bar ünsüň bir gyzykly waka gönükdirilende aşgazanyň dolandygy hakyndaky signallar duýulmaýar we iýmit kabul edilmegi dowam edýär. Bu bolsa agramyň artmagy bilen birlikde, aşgazan kesellerini döredip bilýär.

Az hereketlilik. Häzirki döwürde adamlar wagtynyň agramly bölegini kürsüde, oturgyçda, awtomobiliň içinde geçirýär. Şeýlelikde, myşsalar hereket edenok, gan aýlanyşy peselýär, bedeniň aşaky böleginde bolsa köp mukdarda gan toplanýar. Munuň netijesinde ýaltalyk döreýär, bedeniň agramy artýar, hatda jyns ýollarynyň keseli hem emele gelip bilýär.

Temperatura görä geýinmezlik. Takmynan, 40 ýaşyna çenli adamlara sowuk howada ýyly geýinmelidigini ýatladyp durmaly bolýar. Howanyň temperaturasyna görä däl-de, soňky moda görä geýinmek saglyk bilen baglanyşykly birnäçe kynçylyklary döredýär. Güýçli immunitetiň hem ahyry asgyn gelýändigini unutmaly däldir. Saglyk

Lukmançylyk gözegçiliginden wagtynda geçmezlik. Ýaşlykda beden sagdyn bolýar, emma wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý üýtgäp biler. Şonuň üçin ýylda bir gezek lukmançylyk gözegçiliginden geçmek maslahat berilýär. Esasan hem ganyň düzümini, içki organlaryň işiniň barlatmak ýatdan çykarylmaly däldir.
35
32
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.