Faksyň taryhy
Kagyza ýazylan haýsydyr bir zadyň nusgasyny gysga wagtda uzak aralyga ugratmaga mümkinçilik berýän faks 1843-nji ýylda, ýagny telefondan 33 ýyl öň şotlandiýaly Aleksandr Beýn tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Biraz soňra, has dogrusy, 1845-nji ýylda Jowanni Kazelli tarapyndan Lion bilen Pariž şäherleriniň arasynda ilkinji faksyň söwda maksatly ulgamy döredilýär.
1902-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Artur Korn faksyň optiki skanerli görnüşini taýýarlaýar we gazet üçin geçirijili fotoserwisini açýar. 1966-njy ýylda dürli kompaniýalaryň tagallasy bilen «Group-1» ülňüsi döredilýär we faksyň ýönekeýleşdirilen görnüşi peýda bolup başlaýar. Ýagny, bir sahypany 4-6 minut aralygynda ugratmak mümkinçiligi döredilýär.
1978-nji ýylda «Telecommumications Standardisation Sectory» tarapyndan «Group-2» ülňi döredilýär. Bu ähli faks öndürijileri tarapyndan goldanylýar. Ahyrynda, 1980-nji ýylda «ITU-T Recommendation T.4» tarapyndan esaslandyrylan «Group-3» ülňüsi döredilýär. Şeýlelikde, bir sahypanyň ugradylyş tizligi 30 sekunda gelýär. Hut şundan soň, fakslar hem durmuşdaky ulanylýan adaty zada öwrülýär we bütin dünýä ýaýraýar.
1990-njy ýyllardan soňra internetiň ýaýbaňlanmagy bilen elektron hatlar peýda bolup başlaýar. Şeýlelikde edara-kärhanalar, halkara hususy kompaniýalar habarlaşmak üçin internet hyzmatlaryndan peýdalanyp başlaýar. Bu bolsa faksdan peýdalanýanlaryň azalmagyna getirýär.