Lilia_
05.08.2023 20:25
Mars
Gün ulgamynda Güne iň ýakyn 4. planeta
Mars, Myrryh[1] (simwoly: ♂) Gün ulgamynda Günden uzaklygy boýunça dördünji planeta. Günüň töwereginde ondan ortaça 228 mln. km uzaklykda elliptik orbita boýunça hereket edýär. Bu uzaklyk perigelide 206 mln. km, afelide 249 mln. km çäginde üýtgäp durýar. Marsyň orbitasynyň ekliptikanyň tekizligine ýapgytlygy 1.8°. Onuň orbitadaky ortaça tizligi 24,2 km/sek bolup, Günüň daşynda 687 gije-gündizde bir aýlaw edýär. Marsyň, Ýeriň we Günüň asman giňişliginde biri-biriniň garşysynda ýerleşmegi ortaça her 780 gije-gündizden gaýtalanyp, şonda Mars bilen Ýeriň arasyndaky aralyk 56 mln. km-den 102 mln. km-e çenli üýtgäp durýar. Bu uzaklyk 56 mln. km bolanda Mars bilen Gün Ýere görä biri-biriniň garşysynda bolup, oňa beýik garşy durma diýilýär (her 15-17 ýyldan gaýtalanýar).
Mars (1980)
Mars öz adyny Gadymy Rimlileriň uruş hudaýyndan alýar. Munuň sebäbi, Marsyň gan reňkine meňzeş reňkiniň bardygyndandyr. Bu reňk pos reňkidir. Marsda ozallar suw we howa bolupdyr. Bu bolsa, Marsyň ýüzündäki demriň poslamagyna getiripdir.
Marsyň çyzykly (ortaça) diametri 6800 km, ýagny Ýeriň ýarym diametrinden ulurakdyr (0.53). Onuň polýar diametri ekwatordakysyndan 1:190 golaý kiçi, göwrümi Ýeriň göwrüminiň 0.15 bölegine barabardyr. Massasy 6,423×1023 kg (Ýeriň massasynyň 0.107 bölegi), ortaça dykyzlygy 3,97 g/sm3. Planetanyň üstünde agyrlyk güýjüniň tizlenmesi 3,72 m/sek2, ikinji kosmos tizligi bolsa 5,0 km/sek-dyr. Marsyň öz okunyň töwereginde aýlanma periody 24 sagat 37 minut 22.7 sekunt (Ýerdäki wagt birliklerinde). Marsyň ekwatorynyň tekizligi öz orbitasyna 25.2° burç bilen ýapgytlanýar, bu bolsa Marsda hem pasyllaryň çalyşmagyna sebäp bolýar, ýöne Marsyň pasyllary Ýeriňkä garanda 1.9 esse dowamlydyr.
Mars (2006)
Mars planetasy gadym zamanlardan bäri alymlaryň üňsüni özüne çekýär. Eýýäm XIX asyryň başlarynda onuň hereket kanunlary açylypdyr (T. Brage we I. Kepler).
Marsyň üstünde birnäçe ýagty we tutuk menekleri saýgarmak bolýar. Olaryň birinjisini gury ýer, ikinjisini deňizler diýip atlandyrmak şertleşilendir. Planetanyň polýuslaryndaky pasyl boýunça üýtgäp durýan, demirgazyk we günorta polýar telpegi diýilýän ak menekler has oňat görünýär. Marsyň üstünde köp sanly halkalaýyn daglaryň we diametri 10–15 km bolan kraterleriň (diametri ýüzlerçe km-e ýetýänleri-de bar) bardygy anyklandy. Ägirt uly Koprat jülgesiniň çuňlugy 5 km-den gowrak, uzynlygy 500 km we ini 120 km-e ýakyn.
Mars geologik aktiw planetadyr. Spektral gözegçilikleriň netijesine görä, Marsyň atmosferasynyň düzümine kömürturşy gazy (CO2) 50-100%-e çenli, ujypsyz suw bugy we uglerod oksidi (CO) girýär. Polýar telpegi-de kömürturşy gazyň “gury buzundan” we az-kem adaty (suw) buzdan ybaratdyr. Marsda kislorodyň bolmazlygy, onda aňly ýaşaýşyň ýokdugyna güwä geçýär, emma pes formadaky ýaşaýşyň aýratyn-da anaerob formasyndakynyň bolmagy mümkin. Marsyň temperaturasy öz gije-gündiziniň dowamynda 50 K—300 K (-223-den +27 °C) aralykda üýtgäp durýar. Marsyň Fobos we Deýmos diýlip atlandyrylýan iki sany tebigy hemralary bar.
1974-nji ýylda “Mars” seriýaly sowet APS-leri bilen Marsy barlamak dowam etdirildi. Barlaglar netijesinde suwuň bardygy, atmosferasynda az mukdarda ozonyň bardygy, ionosferanyň bardygy anyklanyldy. Marsyň 60 sany suraty alyndy. Ol suratlarda kraterler, suw eroziýasynyň alamatlary we başgalar görünýär. Radioastronomik barlaglar hem geçirildi.
2005-nji ýylda Marsyň polýuslarynda köp mukdarda suwuň bardygy anyklandy. Häzirki wagtda suwuň nusgalary alnyp, barlaglar geçirilýär.
91
125
Lilia_
05.08.2023 06:58
Neptun
Neptun (simwoly: ♆) — Gün ulgamynyň Günden uzaklygy boýunça sekizinji uly we iň daş planetasy. Ol 1846-njy ýylda açylýar. Günden ortaça uzaklygy (orbitasynyň uly ýarym oky) 30,06m Astronomiki birligi ýa-da 4500 mln km. Orbitasynyň ekssentrisiteti 0,0086, Ekliptikanyň tekizligine ýapgytlygy 1o46,4′. Neptun orbita boýunça 5,4 km/sek ortaça tizlik bilen Günüň töwereginde 164,79 ýylda bir gezek aýlanýar. Neptun ýönekeý göze görünmeýär. Ol has ulaldylyp seredilende, ýaşylymtyl disk görnüşinde bolýar. Onuň diametri Ýeriň ekwatorial diametrinden 3,88 esse uly bolup, 49500 km-e deňdir. Onuň göwrümi Ýeriň göwrüminden 57 esse uly. Massasy Ýeriň 17,28 massasyna deň bolup, ortaça dykyzlygy 1,84 g/sm3-dyr.
Neptun Gün ulgamynyň Günden uzaklygy boýunça sekizinji uly we iň daş planetasydyr. Ol 1846-njy ýylda açylýar. Günden ortaça uzaklygy (orbitasynyň uly ýarym oky) 30,06 astronomik birligi ýa-da 4500 mln km. Orbitasynyň ekssentrisiteti 0,0086, ekliptikanyň tekizligine ýapgytlygy 1o46,4′.
Neptun orbita boýunça 5,4 km/sek ortaça tizlik bilen Gunüň töwereginde 164,79 ýylda bir gezek aýlanýar. Neptun ýönekeý göze görünmeýär. Ol has ulaldylyp seredilende, ýaşylymtyl disk görnüşinde bolýar. Onuň diametri Ýeriň ekwatorial diametrinden 3,88 esse uly bolup, 49500 km-e deňdir.
Onuň göwrümi Ýeriň göwrüminden 57 esse uly. Massasy Ýeriň 17,28 massasyna deň bolup, ortaça dykyzlygy 1,84 g/sm3-dyr.
85
89
Lilia_
05.08.2023 01:55
Merkuriý
Merkuriý (simwoly: ☿) — Gün ulgamynyň Güne iň ýakyn planetasy, ol Günüň daşyndan 88 gije-gündiziniň dowamynda aýlanýar. Planetanyň ady gadymy rimlileriň söwda hudaýy bolan ýüwrük Merkuriniň hormatyna dakylypdyr, sebäbi ol asmanda beýleki planetalara garanyňda iň çalt hereket edýär.
Merkuriý
Gün äleminiñ 1-njy planetasy. Radiusy 2439 km dykyzlygy 5,45 g/sm3, massasy 3,3·10 23 kg. Merkuriniñ iç gurlusy barada aýdylsa, onuñ massasynyñ 80 %-e ýetýän we radiusy 1800 km bolan demir ýadrosy bar. Onuñ ilkinji we üçünji gatlaklary kremnidendir diýlip hasap edilýär. Ol Günüñ töwereginde 47,89 km/s orta tizlik bilen hereket edip, bir aýlawy 88 günde tamamlaýar. Öz okunyñ töwereginden 176 günde bir aýlanýar. Netijede, Merkuriniñ iki ýylynda onuñ diñe bir gije gündizi geçýär. Merkuriý Güne 45,9 mln. km golaýlasyp, ondan 69,7 mln. km uzaklasýar. Tizlenme 3,72 m/s2. Günüñ dowamynda ýylylyk - 180oS-den +430oS aralyklarynda üýtgeýär. Onuñ örän az mukdarda howasy bar: 1 sm3-da 10 6 atoma golaý. Amerikanyñ hemrasy Mariner-10 -yñ alan maglumatlaryna görä, üstüniñ sekili Aýa meñzäp dur. Merkuriniñ aýlanýan oky onuñ hereket edýän tekizligine 2 gradus gysyk. Hereket edýän tekizligi bolsa ekliptika 7o gysyk. Sonuñ üçin ol Günüñ üstünden bir asyryñ dowamynda orta hasap bilen 13 gezek geçýär. Ol hadysa diñe Maý we Noýabr aýlarynda bolup geçýär. Onuñ az möçberde magnit meýdany bar (Ýeriñkiden 300 esse az).
87
73
Lilia_
04.08.2023 19:29
Suratdaky keşpler
Bir adam tokaýda azaşypdyr. Ol kän wagtlap ters aýlanandan soňra, ahyryn iňrik garalanda bir külbäniň üstünden barypdyr. Külbede hiç kim ýok bolansoň, ol geçip ýatmagy ýüregine düwüpdir. Ol diwarlardan asylgy haýsydyr bir adamlaryň suratlaryna seredip, uzak wagtlap uklap bilmändir. Sebäbi onuň göwnüne bolmasa suratlardaky keşpler oňa eýmenç nazar bilen garaýan ýaly bolup durupdyr. Ahyrsoň ol juda ýadawdygy sebäpli, nädip irkileninem duýman galypdyr. Irden ony Günüň ýiti ýagtysy ýüzüne düşüp oýarypdyr. Onuň gözüni açyp ilkinji gören zadam, külbäniň diwarlarynda ýekeje-de surat ýok ekeni. Agşamky suratlardyr öýdeniniň hemmesi penjire ekeni.
Bäşe çenli sana
Bir gezek gyşda alpinistleriň gurnagynyň agzalary bolan dört sany talyp, dagda azaşyp, gar syrgynyna sezewar bolupdyrlar. Syrgynda ser-sepil bolup ýörüşlerine olar ahbetinde haýsydyr bir taşlanan we boş jaýyň üstünden barypdyrlar. Onuň içinde ot ýakynyp, ýylynar ýaly hiç zat ýok ekeni. Onsoň ýigitler eger-de şu ýerde uklaýsalar özleriniň doňup galjakdyklaryna düşünipdirler. Onsoň olaryň biri ýatmazlyk we doňup galmazlyk üçin şeýle teklip edipdir.
Olaryň her biri jaýyň bir künjün geçip durmaly. Onsoň olaryň ilki biri ylgap beýleki talybyň ýanyna barýar-da, ony itýär. Onsoň itilen talyp üçünji talyba tarap ylgaýar we ş.m.. Eger-de şeýdip olar hereketde bolsalar, daň atýança olar uklamazlar we ylgap, derläp, üşemezler.
Aýdyldy gutardy.
Talyplaryň her haýsy jaýyň bir çüňküne geçipdirler-de, ýaňky teklip edilişi ýaly biri-birine garşy gezekleşip ylgap başlapdyrlar.
Ertesi gün irden bolsa olary halas edijiler tapypdyrlar. Haçan-da talyplar özleriniň nädip sowuk gijeden otsuz-beýlekisiz doňman çykyşlaryny gürrüň berenlerinde, halas edijileriň biri olardan sorapdyr:
-Eger-de jaýyň her çüňkünde bir adam duran bolsa, onda iň soňky, dördünji talyp dördünji çüňke ylgap barandan soňra ol ýerde iteklär ýaly adam bolmaly däl ahyry. Onsoň siz nädip uzak gijeläp durman ylgap geçdiňiz?
Bu soragy eşiden talyplaryň zähreleri ýarylypdyr. Olar biri-birine gözlerini petredişip seredişipdirler. Çünki olar uzak gijäniň dowamynda ýeke gezegem saklanman, çüňkden-çüňke ylgap, biri-birini itekläp geçiripdiler...
94
215
Lilia_
31.07.2023 23:06
Bir gijejik ene bolup görmek
Gadym zamanlarda bir zalym hökümdar ýaşapdyr. Döwrüň iň owadan gelin-gyzlaryndan kimi halasa köşgüne çagyrýarmyş-da, bir gijelik ýanynda alyp galýarmyş. Ertesi gün bolsa, islese ony goýberýärmiş, islemese-de, jellada tabşyrýarmyş.
Edil şolar ýaly çakylyk alan bir dul aýal, bäş ýaşly gyzyny-da ýanyna alyp ýola düşüpdir. Ýadan wagtlary bir derek agajynyň saýasynda düşläpdirler. Başy gök diräp duran derek agajy öz saýasynda düşlän eneli gyza mähir hem haýranlgalyjylyk bilen garapdyr-da:
– Wah, nähili haýp! Miwäm-ä bir ýok welin, saýamam goýry däl-dä – diýipdir.
Ol aýal uludan demini alyp:
– Bize nebsiň agyrýan bolsa, bolmanda, gyzymy bir gijeligine belent şahalaň arasynda sakla-da, garaňkydan hem ýabany haýwanlardan ony gorap ber. Inşalla, ertir gelip alaryn – diýipdir.
Derek agajy teklibe göwünjeň bor diýensoň, aýal birsalym oýlanyp durupdyr-da:
– Dur-la hany! Sen hiç haçan miwe berip gören dälsiň, şonuň üçinem eneligiň nämedigini bilýän dälsiň – diýipdir, “…Şol sebäpden, gowusy, men saňa bir gijelik öz ýüregimem goýup gideýin. Ene ýüregi şeýlekinem elmydam balasynyň ýanynda gürsüldäp durandyr”.
Derek agajy bu teklibe-de bor diýipdir.
Şunlukda balasyny bir gije derek agajyna ynanyp giden aýal ertesi gün agajyň ýanyna gelipdir-de, balasyny alyp öýüne dolanypdyr.
Derek agajy bolsa bir gijelik ene ýüregini götermek bilen şeýle bir üýtgäpdir, şeýle bir üýtgäpdir welin, edil ýöne ýapraklarynyň saplary inçelip galaýypdyr.
Ine, hut şol wakadan soň derek agajynyň ýapraklary her gün, her sagat edil ene ýüregi kimin titräp duranmyş diýýärler…
(Anadoly halk hekaýaty)
96
217