Lilia_
03.08.2023 04:01
Çirksiz gözellik

Dünýe» diýilýän barlygyň ýaradylmagynyň aňyrsynda haýyrdan başga zat ýok. Diňe dünýäniň däl, her bir zadyň ýaradylmagy hökmany surat haýyrdyr gözellik bilen baglanyşykly. Bu ýerde esasy mesele biziň şol baglanyşygy görüp bilmeýänligimizde. Biziň bir zady görüp bilmeýänligimiz şol zadyň ýoklugyny aňlatmaýar. Hüşgärlik ýagdaýyny aňrybaş derejede saklamak her kime başartmaýandygy üçin käte dünýäniň edrenç, ýakymsyz taraplary gözümize dürtülip gidýänligi hak. Aslynda şol pursatyň özi bize «duýduryş» signaly bolup hyzmat edýär. «Gaflatyň goýy dumany üstüňe gelýär» diýip bize duýduryş berýär. Ýagny gözellige ters düşýän nähilidir bir ýakymsyzlyklar gözümize ilip, jegebämiz daralyp ugradygy biz derrew özümizi dürsemeli, şeýle hem dünýäniň aslyýetinde gözellik üçin ýaradylandygyny, ynsanyň bu ýere jebir çekmek üçin däl-de, «hakyky» lezzetiň sähelçe «ujyndan» datmak üçin iberilendigini öz-özümize ýatlatmalydyrys. Nägilelikdir näşükürligi aňladýan sözdür pikirler aňymyza aralyşyp ugradygy biz şobada rejäniň geň däldigini aňmalydyrys. Şeýdibem, hakyky gözelligiň Eýesine sygynmalydyrys. Şonuň üçin hem edil gündelik işe gidişimiz ýa-da gündelik belli-belli zatlaryp sypdyrman ýerine ýetirişimiz ýaly hakyky, çirksiz gözellik eýesinden gözellikdir haýyrdan başga zadyň gelmejegine bolan ynanjymyzy, imanymyzy täzeläp durmalydyrs.
89
119
aglar
3 Awgust 2023
Dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.