Suratdaky keşpler
Bir adam tokaýda azaşypdyr. Ol kän wagtlap ters aýlanandan soňra, ahyryn iňrik garalanda bir külbäniň üstünden barypdyr. Külbede hiç kim ýok bolansoň, ol geçip ýatmagy ýüregine düwüpdir. Ol diwarlardan asylgy haýsydyr bir adamlaryň suratlaryna seredip, uzak wagtlap uklap bilmändir. Sebäbi onuň göwnüne bolmasa suratlardaky keşpler oňa eýmenç nazar bilen garaýan ýaly bolup durupdyr. Ahyrsoň ol juda ýadawdygy sebäpli, nädip irkileninem duýman galypdyr. Irden ony Günüň ýiti ýagtysy ýüzüne düşüp oýarypdyr. Onuň gözüni açyp ilkinji gören zadam, külbäniň diwarlarynda ýekeje-de surat ýok ekeni. Agşamky suratlardyr öýdeniniň hemmesi penjire ekeni.
Bäşe çenli sana
Bir gezek gyşda alpinistleriň gurnagynyň agzalary bolan dört sany talyp, dagda azaşyp, gar syrgynyna sezewar bolupdyrlar. Syrgynda ser-sepil bolup ýörüşlerine olar ahbetinde haýsydyr bir taşlanan we boş jaýyň üstünden barypdyrlar. Onuň içinde ot ýakynyp, ýylynar ýaly hiç zat ýok ekeni. Onsoň ýigitler eger-de şu ýerde uklaýsalar özleriniň doňup galjakdyklaryna düşünipdirler. Onsoň olaryň biri ýatmazlyk we doňup galmazlyk üçin şeýle teklip edipdir.
Olaryň her biri jaýyň bir künjün geçip durmaly. Onsoň olaryň ilki biri ylgap beýleki talybyň ýanyna barýar-da, ony itýär. Onsoň itilen talyp üçünji talyba tarap ylgaýar we ş.m.. Eger-de şeýdip olar hereketde bolsalar, daň atýança olar uklamazlar we ylgap, derläp, üşemezler.
Aýdyldy gutardy.
Talyplaryň her haýsy jaýyň bir çüňküne geçipdirler-de, ýaňky teklip edilişi ýaly biri-birine garşy gezekleşip ylgap başlapdyrlar.
Ertesi gün irden bolsa olary halas edijiler tapypdyrlar. Haçan-da talyplar özleriniň nädip sowuk gijeden otsuz-beýlekisiz doňman çykyşlaryny gürrüň berenlerinde, halas edijileriň biri olardan sorapdyr:
-Eger-de jaýyň her çüňkünde bir adam duran bolsa, onda iň soňky, dördünji talyp dördünji çüňke ylgap barandan soňra ol ýerde iteklär ýaly adam bolmaly däl ahyry. Onsoň siz nädip uzak gijeläp durman ylgap geçdiňiz?
Bu soragy eşiden talyplaryň zähreleri ýarylypdyr. Olar biri-birine gözlerini petredişip seredişipdirler. Çünki olar uzak gijäniň dowamynda ýeke gezegem saklanman, çüňkden-çüňke ylgap, biri-birini itekläp geçiripdiler...