Lilia_
28.12.2023 01:16
Tamamlanyp barýan 2023-nji ýyly 1 söz bilen beýan etmeli bolsa, aşakdaky jogaplaryň haýsyny saýlardyň?

Gowy
Erbet
Şowly
Adaty
42
212
Lilia_
28.12.2023 00:30
Ilkinji gezek paraşýutdan bökülýär

1783-nji ýy­lyň 26-njy de­kab­ryn­da fran­suz fi­zi­gi Liu Se­bast­ýan Le­nor­man 100 ýyl tö­we­re­gi wagt bä­ri mä­lim bo­lan Faust Wer­ça­nio­nyň pa­raş­ýu­ty­ny has-da kä­mil­leş­di­rip, onuň bi­len be­ýik­lik­den bök­di. Pa­riž­de bir ja­ýyň üçe­gin­den ama­la aşy­ry­lan bö­küş şow­ly ta­mam­la­nan­soň, Le­nor­man on­dan soň­ra has be­lent ýer­den – Mon­pel­ýe ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň de­pe­sin­den bök­ýär. Le­nor­ma­nyň pa­raş­ýu­ty sa­ýa­wan gör­nüş­li bo­lup ken­dir ma­ta­dan ti­ki­lip­dir. Sa­ýa­wan sö­wü­diň çy­byk­la­ryn­dan do­ka­lyp­dyr.
Şeý­le hem Le­nor­ma pa­raş­ýut sö­zü­ni hem oý­lap tap­ýar. La­tyn­ça­da “pa­ra-” gar­şy ma­ny­sy­ny ber­ýän pre­fiks­dir (sö­züň öňün­den gel­ýän go­şul­ma), “pa­ra­re” sö­zi go­ra­mak, öňü­ni al­mak diý­me­gi aň­lad­ýar. “Chu­te” sö­zi bol­sa fran­suz­ça­da gaç­mak, ýy­kyl­mak diý­me­gi aň­lad­ýar. Şeý­le­lik­de, bu söz­le­riň bir­leş­me­gin­den eme­le ge­len we beý­le­ki dil­le­re hem ge­çen pa­raş­ýut ýy­kyl­ma­gyň öňü­ni al­ýan awia­si­ýa es­ba­by hök­mün­de dö­re­ýär.

26-njy dekabrda bolan beýleki wakalar:
1865: Amerikaly Jeýms H. Neýson süzgüçli kofe enjamyna patent alýar.
1898: Mariýa Kýuri we Pýer Kýuri radiý himiki elementini açandyklaryny mälim etdiler. Kuri doganlar 1903-nji ýylda bu açyşy üçin Nobeliň Fizika baýragyna mynasyp boldular.
1908: boksçy Jek Jonson Awstraliýanyň Sidneý şäherinde Tommi Burnsi ýeňip, agyr agram boýunça dünýäniň ilkinji garaýagyz çempiony bolýar.
1933: Amerikaly inžener Edwin Armstrong FM ( frequency modulation-ýygylyk modulýasiyasy ) radionyň patentialýar.
1982: “Time” žurnaly ilkinji gezek “ýylyň adamy” hökmünde adam däl zady – şahsy kompýuteri saýlaýar.
1986: Dünýäniň ilaty 5 milliarda ýetýär.
1991: Sowet Soýuzy resmi taýdan ýatyrylýar.
2004: Hindi ummanynda (Indoneziýanyň demirgazygynda – Açeh welaýatynda) Rihter ölçegine görä, 9,7 bal güýjünde ýertitreme bolýar. Deňizdäki beýik tolkunlar kenarýakadaky ilatly ýerlere uly zeper ýetirýär. Günorta-gündogar Aziýada 13 ýurtda 200 müňden gowrak adam heläk bolýar. Diňe Indoneziýanyň özünde 128 müň adam pida bolýar.
30
47
Lilia_
13.12.2023 01:17
Goshgy#
33
46
Lilia_
20.11.2023 10:58
Näme üçin merhum hakda erbet söz aýtmak bolmaýar?
«Merhum hakda diňe gowy zat aýt, ýogsa hiç zat hem aýtma» diýlen düşünje gadym wagtlardan bäri dinine ýa diline garamazdan, halklaryň ählisinde diýen ýaly giňden ulanylyp gelinýär.

Meselem, gadymy Gresiýada bir wagtlar merhum hakda ýaramaz gürrüň eden adam ölüm jezasyna höküm edilipdir. Şol döwürler merhumyň aradan çykanyna kyrk gün geçmedik ýagdaýynda ol hakda erbet gürlemek örän howply hasaplanypdyr. Muňa özi hakda erbet gürrüň eşiden merhumyň o dünýäden gelip, dirilerden ar alaýmagy mümkin ýa-da özi hakda aýdylan ýaramaz gürrüňler merhumyň ruhunyň jennete girmegine rugsat bermeýär we ony yzyna tarap dartyp durýar diýlen ynançlar sebäp bolupdyr.

Bu gadagançylyklar ählumumy we ahlak nukdaýnazaryndan göz öňünde tutanyňda hem nädogry däldir. Çünki merhum hakynda näme diýeniňde hem, ol adam yzyna dolanyp gelip, seniň aýdan ýalan ýa çyn gürrüňiňe gaýtawul berip bilmeýär. Şonuň üçin, saňa jogap bermek mümkinçiligi düýbünden ýok adam hakda gürrüň etmek adamçylyk tarapdan alanyňda hem gelşiksizdir. Iň esasy zat bolsa, sen merhum hakda erbet gürrüň gürlemezlik bilen, onuň dogan-garyndaşlarynyň çekýän hasratyna hormat goýýarsyň.

Adam energiýasyny öwrenmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň pikirinden çen tutanyňda bolsa, bu gadaganlyk, adam ruhunyň ölümden soň hem özi hakda aýdylýan sözleri kabul edýändigi bilen düşündirilýär. Üstesine-de, ruh bedenden aýrylandan soň, onuň energiýasy has-da berk energiýa goşulyp, goraga eýe bolýar we özüne aýdylan ýakymsyz gürrüňi saglyk meseleleridir maliýe ýitgileri görnüşinde gürrüň eden kişä gaýtaryp berýär.

Ezoterikler hem hut şu pikire eýerýärler. Olar hem merhuma aýdylýan ýaman sözüň ägirt güýjüniň bardygyny tassyklaýarlar. Şol sebäpli-de, merhuma ugradylýan negatiw, iberen adama gaýdanda has köpelýär we ilkinji nobatda, onuň elinden şowlulygy alyp, saglygyna güýçli zeper ýetirip başlaýar.

Merhumy ýamanlamak dini tarapdan seredeniňde hem uly günädir. Çünki dine görä, hiç bir adamyň beýleki bir adama kem baha bermäge hukugy ýok we ol öz aýdan erbet sözleri üçin o dünýäde hökman jogap bermeli bolar. Galyberse-de, her bir adam bu dünýädäki eden işleri üçin ahyrýetde özi jogap berýär. Şonuň üçinem, merhumy şonsuzam geçmesi kyn bolan ýolda ýazgarmagyň hiç hili manysy ýok.
43
295
Lilia_
18.11.2023 18:26
Ýalňyzlygyň saglyk üçin howpludygy anyklandy..
Amerikaly lukman Wiwek Mýerti ýalňyzlygyň ýürek-damar keselleriniň, garrylyk huşsuzlygynyň we göwnüçökgünligiň döremegine çilimkeşlikden hem güýçli täsir edýändigini gürrüň berdi. Bu barada «Daily Mail» neşiri ýazýar.

Koronawirus ýokanjy döwründe keselden goranmak üçin girizilen çäklendirmeler gartaşan adamlarda akyl ukyplarynyň peselmegine getirdi. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri ýaşlaryň hem birek-birek bilen az gatnaşyk edip başlandyklaryny bellediler.

Mýerti sosial özbaşdaklygyň ýürek-damar keselleriniň, şol sanda insultyň hem döremek töwekgelçiligini 30 göterim ýokarlandyrýandygyny aýdýar. Lukmanyň pikiriçe, hatda günde 15 çilim çekmegiň we çakdanaşa semizligiň hem ýalňyzlyk ýaly adam saglygyna zeper ýetirmeýändigini belleýär. Galyberse-de, ýekelik göwnüçökgünlik ýaly birnäçe psihiki bozulmalaryň hem döremek howpuny ýokarlandyrýar.
36
59
Lilia_
16.11.2023 11:59
Müm­kin­çi­lik­le­riň wag­ty
Ýaş ýi­git ba­ba­syn­dan mas­la­hat al­mak üçin onuň
ýa­ny­na myh­man­çy­ly­ga bar­ýar. Olar çaý-na­har edinen­le­rin­den
soň, ag­ty­gy ba­ba­sy­na ýüz­le­nip:
–­ Ba­ba,­ si­ziň­ bi­len­ bir­ mas­la­ha­tym­ bar­dy.­
Me­niň­ta­nyş­la­ry­myň­bi­ri­ze­hin­li­prog­ram­ma­çy.­
Ol­ma­ňa­bi­le­lik­de­in­ter­net­ul­ga­my­bi­len­bag­lany­şyk­ly­biz­nes­aç­ma­gy­tek­lip­et­di.­Bil­şi­ňiz­ýa­ly,­
men­oňat­hü­när­men,­eý­ýäm­bir­ýyl­bä­ri­ýo­kary­
aý­lyk­ly­mag­lu­mat­ teh­no­lo­gi­ýa­sy­ kom­pa­niýa­syn­da­
iş­le­ýä­rin.­ Ine,­ gör­şü­ňiz­ ýa­ly,­ go­laý­daaw­tou­lag­
hem­ edin­dim.­ Men­ bir­ ta­rap­dan,­
biz­ne­si­mi­ziň­ug­ru­na­bo­lup­git­je­gi­ne­ynan­manhem­du­ra­mok,­ýö­ne­beý­le­ki­bir­ta­rap­dan­hemdü­şe­wünt­li­
işi­mi­ ýi­ti­re­sim­ ge­le­nok.­ Siz­ nä­hilem­bol­sa,­te­le­ke­çi­lik­eden­adam,­bu­ugur­danuly­tej­ri­bä­ňiz­bar.­Bel­ki,­ma­ňa­nä­me­et­me­li­digi­ni­mas­la­hat­be­rer­si­ňiz?!
Ba­ba­sy­bi­raz­dy­myp,­so­ňam­şeý­le­di­ýip­dir:
–­Se­niň biz­nes tas­la­maň hak­da ma­ňa belli
bir pi­kir aýt­mak aň­sad-a düş­mez, dog­ru­sy,
sa­ňa nät­seň go­wy bol­jak­dy­gy ba­ra­da anyk
mas­la­hat be­rip bil­jek däl. Seň özüň bel­li bir
ka­ra­ra gel­me­li. Ýö­ne, gar­şy bol­ma­saň, sa­ňa
wagt ha­kyn­da kä­bir zat­la­ry gür­rüň be­re­ýin.
Ga­dy­my grek­ler­de iki hi­li wagt bo­lup­dyr. Hronos­–­hä­zir­ki
tü­ke­nik­siz, do­wam­ly wagt hemde
Kaý­ros­–­he­mi­şe ga­ra­şyl­man dur­ka gel­ýän
şow­lu­ly­gyň tut­dur­ma­ýan oňaý­ly pur­sa­ty. Şonuň
üçin ony ulan­mak ju­da kyn. Kaý­ros ga­raşyl­maz­dan
peý­da bol­ýar­–­bir­o­ýer­de, bir bu
ýer­de peý­da bol­sa-da, he­mi­şe-de ara­myz­da
gez­ýär. Ol şeý­le bir tiz gaç­ýar we­lin, ony tutmag-a
beý­le­de dur­sun, eý­sem, gö­rüp ýe­tişme­gem
her ki­me ba­şart­ma­ýar. Grek­ler Kaý­rosy
tut­mak üçin özüň­de ikiza­dy­–­aň-dü­şün­jä­ňi
art­dyr­ma­ly­dy­gy­ňy, duý­gur­ly­gy­ňy wag­tyn­da
oýar­ma­ly­dy­gy­ňy aý­dyp­dyr­lar. Eger-de, sa­ňa
ola­ry oýar­mak ba­şart­sa, on­da sen ge­le­je­ge
na­zar aý­lap bi­ler­siň we­öz­ge­len is­len­dik karar­la­ryň
ne­ti­je­le­ri­ni öňün­den aňyp
32
90
Lilia_
16.11.2023 00:10
Az­dan baş­la­mak, bu ka­da­ly­dyr.
Küý­ze kem-kemden
dol­ýar. Is­len­dik ha­ly­pa, ha­çan-da bol­sa, bir­wagt
şä­girt bo­lan­dyr. “Ki­çi­si bol­ma­dy­gyň ulu­sy bol­maz”
diý­li­şi ýa­ly, äh­li zat ki­çi­den baş­lan­ýar, şo­nuň üçin kiçi
zat­la­ra bi­per­waý ga­ra­maň! Eger-de siz haý­sy hem
bol­sa, bir iş­de yzy­gi­der­li­li­gi sak­lap, sa­byr­ly bol­sa­ňyz,
hök­man üs­tün­lik ga­za­nar­sy­ňyz! Hiç ki­mem bir gün­de
äh­li za­da ýe­ten däl­dir, kim­de-kim ki­çi­den baş­la­ma­ga
taý­ýar bo­lup, er­jel­lik bi­len zäh­met çek­ýän bol­sa, üstün­lik
onuň hem­ra­sy­dyr.
Bi­ziň aňy­myz­–­biz. Siz nä­me hak­da pi­kir ed­ýän
bol­sa­ňyz, şo­ňa gö­rä bo­lar­sy­ňyz. Eger adam ýa­ra­maz
zat­la­ry aýd­ýan bol­sa ýa-da bet işi jäht edi­nen bol­sa,
ol gam-gus­sa gi­rifar bo­lar. Eger-de adam päk ni­ýetli
zäh­met çek­ýän bol­sa, bag­ty­ýar­lyk oňa sa­ýa sa­lyp,
on­dan daş­laş­maz. Dog­ry ýa­şa­mak üçin aňy­ňy dog­ry
pi­kir­ler bi­len dol­dur­ma­ly. Dog­ry-dürs dü­şün­je is­leýän
zat­la­ry­ňy­zyň ba­ry­ny eçi­ler; nä­dog­ry dü­şün­je­ –­
ýa­ra­maz­lyk bo­lup, ahyr­so­ňy öz ba­şy­ňy­za ýet­ýär. Ähli
ga­ba­hat iş­ler ak­lyň kem­ter­li­gi ze­rar­ly ýü­ze çyk­ýar.
Eger-de akyl-dü­şün­je öz­ger­se, ha­ta iş­ler bol­maz.
Içiň­de ga­har-ga­zap sak­la­mak, kim­dir bi­ri­niň üs­tüne
zyň­mak mak­sa­dy bi­len eliň­de köz sak­lan ýa­ly bolup,
ahyr­da-da oňa özüň kö­ýer­siň. Ha­çan-da,siz kimdir
bi­ri­ne ýag­şy­lyk ede­ni­ňiz-de bu ýag­şy­ly­gy özü­ňi­ze
Dur­muş­sa­pak­la­ry
ed­ýän­di­gi­ňi­zi unut­maň! Sen öz ba­dy­ňy bas­man, hiç
ki­miň ba­dy­ny ba­syp bil­mer­siň. Ba­gyş­la­ma­gy öw­ren,
özem tiz ba­gyş­la­ma­gy öw­ren!
Se­niň he­re­ket­le­riň köp za­dy aň­lad­ýar. Ösüş üçin
he­re­ket et­me­giň la­zym, tiz ösüş ga­zan­ma­gyň üçin
bol­sa, yzy­gi­der­li he­re­ket et­me­giň ge­rek. Hem­me­ler
ga­zanç edip bil­ýär­ler, ýö­ne he­mi­şe he­re­ket­de bolýan­lar
onuň nä­me­di­gi­ni bil­ýär­ler. Şeý­le­räk bir pä­him
bar: “Hu­daý her bir gu­şa gur­çuk ber­ýär, ýö­ne ony höwürt­ge­si­ne
ok­la­ma­ýar”.
Dü­şün­mä­ge ta­gal­la ediň! Biz ha­ky­kat üçin däl-de,
eý­sem, özü­miz üçin gö­reş­mä­ge baş­la­dyk. Il­ki dü­şünjek
bo­luň, di­ňe şon­dan soň, özü­ňi­ze dü­şün­mek­le­ri
üçin ta­gal­la ediň! Siz baş­ga bi­ri­niň nuk­daý­na­zar­la­ryna
dü­şün­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry­ňy­zy et­me­li­si­ňiz.
Baş­ga­la­ry diň­läň, ola­ryň nuk­daý­na­zar­la­ry­na dü­şü­niň
we şon­da ra­hat­ly­ga gow­şar­sy­ňyz.
Özü­ňi­zi ýe­ňiň! Müň­ler­çe jeň­de ýe­ňe­ni­ňiz­den,
özü­ňiz­den rüs­tem ge­le­ni­ňiz ýag­şy­dyr. Şon­da ýe­ňişsize
hem­ra bo­lar. Ony siz­den hiç bir güýç alyp bil­mez.
Özü­ňi ýeň­mek üçin öz pi­ki­riň­den rüs­tem gel­me­li. Siz
öz ed­ýän pi­kir­le­ri­ňi­ze gö­zeg­çi­lik et­me­li. Çün­ki olar
de­ňiz tol­kun­la­ry ýa­ly çyr­py­nyp bi­ler­ler.
Öza­ra saz­la­şyk­da ýa­şaň! Saz­la­şyk ýü­rek­den gelýär,
ony da­şyn­dan göz­le­mäň! Di­ňe öz ýü­re­gi­ňiz­de
bo­lup bil­jek za­dy da­şyn­dan ag­tar­maň. Saz­la­şyk­–­bu
kal­by­ňyz­da­ky asu­da­lyk­dyr.
Şü­kür­li bo­luň! Nä­me­dir bir za­da şü­kür et­mä­ge
nä­me­dir birzat­lar ta­pyl­ýar. Iň kyn pur­sat­lar­da-da hiç
32
66
Lilia_
15.11.2023 23:59
Diňe­ bir­ niýetiň­ Däl, Hereketleriňem wajyp..

Bu wa­ka Ok­la­ho­ma Si­ti­niň gü­neş­li gün­le­ri­niň bi­rin­de bo­lup­dy. Me­niň dos­tum buý­san­jaň
ata Bob­bi Lýuis öz iki og­lu­ny mi­ni-golf oý­na­ma­ga alyp gi­dip­dir. Ol pe­tek sa­ty­ja ýüz­le­nip:
–­Pe­tek nä­çe­den?
–­Si­ziň üçin üç dol­lar, üç dol­lar hem al­ty ýaş­dan uly ça­ga­lar üçin. Al­ty ýaş­ly we on­dan kiçi­le­ri
mugt goý­ber­ýä­ris. Si­ze nä­çe­si ge­rek?­–­di­ýip, ýaş ýi­git so­rap­dyr.
Bob­bi:
–­Bi­ri üç ýa­şyn­da, ikin­ji­si ýe­di ýa­şyn­da, diý­mek, men sa­ňa al­ty dol­lar ber­me­li.
Pe­tek sat­ýan ýi­git gy­zyk­la­nyp:
–­Me­ni diň­le,ser! Sen nä­me tä­ze­lik­de ba­ýa­dyň­my? Sen üç dol­lar tyg­şyt­lap bil­jek­diň ahyryn.
Sen ma­ňa ulym hem al­ty ýa­şyn­da di­ýen bol­saň, men aň­maz­dym ahy­ryn.
–­Ha­wa, şeý­le hem bo­lup bi­ler­di, ýö­ne ça­ga­lar aňar­dy­lar-a­–­di­ýip, Bob­bi jo­gap be­rip­dir.
Ne­ti­je: her hi­li ýag­daý­lar­da hem tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki­le­re oňat nus­ga gör­ke­ziň.
32
42
Lilia_
14.11.2023 17:35
Emeli aňly robot stadionda futbola tomaşa etdi

ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky Ingl­wud şä­he­ri­niň So­Fi sta­dio­nyn­da eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­nan ro­bot fut­bo­la to­ma­şa et­di. Bir ze­nan, bir er­kek keşp­li ro­bot­lar 70 müň 240 orun­lyk dür­li sport du­şu­şyk­la­ry­nyň we beý­le­ki çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän sta­dio­nyn­da ame­ri­kan fut­bo­lu­ny gör­dü­ler. To­ma­şa­çy­la­ryň ara­syn­da otu­ran ro­bot­la­ry uzak­da syn­la­nyň­da, onuň ro­bot­dy­gy­ny aň­şyr­mak müm­kin däl. Ro­bot­la­ryň “The Crea­tor” at­ly fil­miň ta­nyş­dy­ry­lyş kam­pa­ni­ýa­sy üçin bu ýe­re ge­ti­ri­len­di­gi mä­lim edil­di. Ro­bot­la­ryň edil ada­myň­ky ýa­ly ýüz mi­mi­ka­sy­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär.
35
51
Lilia_
14.11.2023 11:15
Ginnesiň rekordlar kitaby barada..
Ginnesiň rekordlar kitaby – adamlaryň we haýwanlaryň üstünlikleri, täsin tebigy hadysalar, ajaýyp üstünlikler baradaky maglumatlary saklaýan ýyllyk maglumat kitabydyr. Bu kitap ilkinji gezek 1955-nji ýylda Irlandiýanyň ,,Ginnes’’atly piwo kärhanasynyň buýrugy bilen neşir edildi. Bu pikir belli bir hadysanyň ýazgysy bilen baglanyşykly jedelleri çözmek üçin Irlandiýa we iňlis myhmanlaryna gelýänler üçin abraýly çeşme döretmek pikirini hödürlän Hug Beawere degişlidi. Bu pikir Kris Çatawaýyň we Makuaýtrerler diýlip tanalýan iki doganyň tagallasy bilen durmuşa geçirildi we kitabyň birinji sany 1955-nji ýylyň 27-nji awgustynda neşir edildi. Ilkibaşda Ginnesiň rekordlar kitabynda Makuaýtrer doganlar tarapyndan toplanyp, tassyklanan ylmy maglumatlar bardy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen kitapda dürli adamlaryň has geň we üýtgeşik üstünlikleri peýda bolup başlady. Şeýle hem, kitaby neşir edýän kompaniýanyň wekilleri kitaba girmek isleýänleriň, şol sanda Bütindünýä Ginnesiň rekordlar kitabynyň gününi döretmek bilen gyzyklandy. Mundan başga-da ABŞ-da kitabyň meşhurlygynyň artmagy, köpçülikleýin medeniýetiň belli bir ugruny öwrenýän ýörite neşirleriň, şeýle hem kitabyň milli wersiýalarynyň döremegine sebäp boldy. 2015-nji ýylda kitabyň neşir edilişiniň 60 ýyllygy bellendi.

Dürli maglumatlary ýygnaýan Ginnesiň rekorlar kitabynyň wekilleri ýazgylary ýazmakda jogapkär we abraýly tarapdyr. Düzgün bolşy ýaly, kitabyň sahypalaryna girmek isleýänler ýazga girmegiň her tapgyrynda olar bilen maslahatlaşýarlar.
33
35