Ýalňyzlygyň saglyk üçin howpludygy anyklandy..
Amerikaly lukman Wiwek Mýerti ýalňyzlygyň ýürek-damar keselleriniň, garrylyk huşsuzlygynyň we göwnüçökgünligiň döremegine çilimkeşlikden hem güýçli täsir edýändigini gürrüň berdi. Bu barada «Daily Mail» neşiri ýazýar.
Koronawirus ýokanjy döwründe keselden goranmak üçin girizilen çäklendirmeler gartaşan adamlarda akyl ukyplarynyň peselmegine getirdi. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri ýaşlaryň hem birek-birek bilen az gatnaşyk edip başlandyklaryny bellediler.
Mýerti sosial özbaşdaklygyň ýürek-damar keselleriniň, şol sanda insultyň hem döremek töwekgelçiligini 30 göterim ýokarlandyrýandygyny aýdýar. Lukmanyň pikiriçe, hatda günde 15 çilim çekmegiň we çakdanaşa semizligiň hem ýalňyzlyk ýaly adam saglygyna zeper ýetirmeýändigini belleýär. Galyberse-de, ýekelik göwnüçökgünlik ýaly birnäçe psihiki bozulmalaryň hem döremek howpuny ýokarlandyrýar.