Diňe bir niýetiň Däl, Hereketleriňem wajyp..
Bu waka Oklahoma Sitiniň güneşli günleriniň birinde bolupdy. Meniň dostum buýsanjaň
ata Bobbi Lýuis öz iki ogluny mini-golf oýnamaga alyp gidipdir. Ol petek satyja ýüzlenip:
–Petek näçeden?
–Siziň üçin üç dollar, üç dollar hem alty ýaşdan uly çagalar üçin. Alty ýaşly we ondan kiçileri
mugt goýberýäris. Size näçesi gerek?–diýip, ýaş ýigit sorapdyr.
Bobbi:
–Biri üç ýaşynda, ikinjisi ýedi ýaşynda, diýmek, men saňa alty dollar bermeli.
Petek satýan ýigit gyzyklanyp:
–Meni diňle,ser! Sen näme täzelikde baýadyňmy? Sen üç dollar tygşytlap biljekdiň ahyryn.
Sen maňa ulym hem alty ýaşynda diýen bolsaň, men aňmazdym ahyryn.
–Hawa, şeýle hem bolup bilerdi, ýöne çagalar aňardylar-a–diýip, Bobbi jogap beripdir.
Netije: her hili ýagdaýlarda hem töweregiňizdäkilere oňat nusga görkeziň.