Lilia_
20.11.2023 10:58
Näme üçin merhum hakda erbet söz aýtmak bolmaýar?
«Merhum hakda diňe gowy zat aýt, ýogsa hiç zat hem aýtma» diýlen düşünje gadym wagtlardan bäri dinine ýa diline garamazdan, halklaryň ählisinde diýen ýaly giňden ulanylyp gelinýär.

Meselem, gadymy Gresiýada bir wagtlar merhum hakda ýaramaz gürrüň eden adam ölüm jezasyna höküm edilipdir. Şol döwürler merhumyň aradan çykanyna kyrk gün geçmedik ýagdaýynda ol hakda erbet gürlemek örän howply hasaplanypdyr. Muňa özi hakda erbet gürrüň eşiden merhumyň o dünýäden gelip, dirilerden ar alaýmagy mümkin ýa-da özi hakda aýdylan ýaramaz gürrüňler merhumyň ruhunyň jennete girmegine rugsat bermeýär we ony yzyna tarap dartyp durýar diýlen ynançlar sebäp bolupdyr.

Bu gadagançylyklar ählumumy we ahlak nukdaýnazaryndan göz öňünde tutanyňda hem nädogry däldir. Çünki merhum hakynda näme diýeniňde hem, ol adam yzyna dolanyp gelip, seniň aýdan ýalan ýa çyn gürrüňiňe gaýtawul berip bilmeýär. Şonuň üçin, saňa jogap bermek mümkinçiligi düýbünden ýok adam hakda gürrüň etmek adamçylyk tarapdan alanyňda hem gelşiksizdir. Iň esasy zat bolsa, sen merhum hakda erbet gürrüň gürlemezlik bilen, onuň dogan-garyndaşlarynyň çekýän hasratyna hormat goýýarsyň.

Adam energiýasyny öwrenmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň pikirinden çen tutanyňda bolsa, bu gadaganlyk, adam ruhunyň ölümden soň hem özi hakda aýdylýan sözleri kabul edýändigi bilen düşündirilýär. Üstesine-de, ruh bedenden aýrylandan soň, onuň energiýasy has-da berk energiýa goşulyp, goraga eýe bolýar we özüne aýdylan ýakymsyz gürrüňi saglyk meseleleridir maliýe ýitgileri görnüşinde gürrüň eden kişä gaýtaryp berýär.

Ezoterikler hem hut şu pikire eýerýärler. Olar hem merhuma aýdylýan ýaman sözüň ägirt güýjüniň bardygyny tassyklaýarlar. Şol sebäpli-de, merhuma ugradylýan negatiw, iberen adama gaýdanda has köpelýär we ilkinji nobatda, onuň elinden şowlulygy alyp, saglygyna güýçli zeper ýetirip başlaýar.

Merhumy ýamanlamak dini tarapdan seredeniňde hem uly günädir. Çünki dine görä, hiç bir adamyň beýleki bir adama kem baha bermäge hukugy ýok we ol öz aýdan erbet sözleri üçin o dünýäde hökman jogap bermeli bolar. Galyberse-de, her bir adam bu dünýädäki eden işleri üçin ahyrýetde özi jogap berýär. Şonuň üçinem, merhumy şonsuzam geçmesi kyn bolan ýolda ýazgarmagyň hiç hili manysy ýok.
43
295
vibr
16 Dekabr 2023
Merhum ynsan Alla Tagallanyñ huzuryna çykan hasplanýar.Alla baha berýandir adama, adam-adama baha berip bilmez kyýamaty gopan adama.Biz merhumlaryñ yzyndan erbet gürlmezlik hukugymyz ýok,hat-da uly günä iş edip giden bolsada
4982
20 Noýabr 2023
👍👍👍kòp zat owrendim
tmyigit76
20 Noýabr 2023
Gitler, Mussolini, S. Hüseýin ýalylaryň eden işlerini aýtmak. O nahili bolýaka 🤔
tmyigit76
20 Noýabr 2023
Mazarystanda ýatyp galmagam gowy görlenok. Soň şo adam erbet bolýan eken. Men şaýat boldum şo ýagdaýa.Ýone rowaýatlarda derwüşlerä ýatýa
Relax
20 Noýabr 2023
iñ bärkisi öli adamdan şeýtanam el çekýä diýä...şonuñ üçin erbet söz aýdyp şeýtandanam geçirmek hökman däl...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.