lord
02.10.2023 22:24
...Dost, biz ulalanymyzam bilmän galypdyrys. Çagakak köçä çörek satyn almak üçin çykýardyk, indi bolsa çörek tapmak üçin.
20
82
lord
28.09.2023 22:45
Seň ýanyňda wagtym özümi şadyýan alyp barýanymyň ýekeje sebäbi, diňe şol wagt özümi bir bütewi duýýanlygymdyr...
21
63
lord
27.09.2023 23:26
Şo-ol çagalykdan "giden ýakynymyzyň yzyndan aglamak" häsiýetimiz galmandyr...🍃
26
88
lord
27.09.2023 00:13
Men saňa diýip bilmediklerimi, mazarymdaky toprak diýer...
20
166
lord
25.09.2023 00:28
Kutolasanmi

Meni eslap ko'ngling bolganda giryon,
Yiglamay o'zingni tutolasanmi?!
Sevgimni izgilab kilmasdan yaqson,
Jonim, yollarimni kutolasanmi?!
Uminding uzmasdan kutolasanmi?!

Didor qonsap, shahlo ko'zing yoshlamay,
So'ginchingni ichga yutolasanmi?!
Mendan o'zga yigit kolin ushlamay,
Jonim, yollarimni kutolasanmi?!
Uminding uzmasdan kutolasanmi?!

Sen mening qalbimda, solmaz muhabbat,
Kutsang, gar bir kuni qaytaman albat.
Sevgimiz hurmati, ro'stini ayt faqat!
Jonim, yollarimni kutolasanmi?!
Uminding uzmasdan kutolasanmi?!

Visol koprigni qoysalar buzub,
İroq daryosidan otarman suzub,
Bir kuni yoninga qaytishim sezib,
Jonim, yollarimni kutolasanmi?!
Uminding uzmasdan kutolasanmi?!

No'gahon bir yigit yolingni olib,
Yana sovchi qoysa kolingni sorab,
"Sevganim bor"- deya,
rasmimga qarab,
Jonim, yollarimni kutolasanmi?!
Uminding uzmasdan kutolasanmi?!

Sen mening qalbimda, solmaz muhabbat,
Kutsang, gar bir kuni qaytaman albat.
Sevgimiz hurmati, ro'stini ayt faqat!
Jonim, yollarimni kutolasanmi?!
Uminding uzmasdan kutolasanmi?!
16
115
lord
17.09.2023 07:24
Gaçýanam, kowýanam "Alla" diýýän bolsa, "Alla" bolmagam aňsat iş däldir.

Atajan TAGAN
22
47
lord
11.09.2023 08:34
Okasymam gelenok, ýazasymam. Telewizoryň türkmen programmalaryny açsaňam, gaharyň gelýär. Şol köne heň-öwünmek, paňkarmak, dünýäde iň talantly halk bolan beýik türkmeni taryplamak... Ýa-da meniň garry enemdenem garry aýallar ýaş gelinleriň geýýän eşiklerini geýip tans (ol tansam däl) edişip ýörler. Biz özilimizi geçen asyrlaryň haýsyna eltmek isleýärkäk?

Atajan TAGAN
23. 05. 97.

Biziň Prezidetimiziň edýän hereketleri käbir Prezidentleriň göwnünden turmaýan bolarly. "Komsomolskaýa prawda" gazýetiniň 1997-nji ýylyň 20-nji maýyndaky sanynda Gazagystanyň Prezidenti N. A. Nazarbaýewiň interwýusy çap edilipdir. Žurnalistiň: "Siz öz şahsyýet kultuňyz barada näme aýdyp bilersiňiz?" diýen sowalyna N. Nazarbaýew şeýle jogap gaýtarýar: "Adymy köçä dakmagymy, suratymy pula geçirmegimi, Halk Gahrymany adyny almagymy maňa maslahat berýän adam kän. Özümem gündogarly bolamsoň, mende-de mekirlik bar. Men beýle zada ýol bermerin, özümi oýnatmaryn. Onsoňam, men ýap-ýaňy Türkmenistana gidip geldim ahyryn..."

Atajan TAGAN
1997.
25
176
lord
22.08.2023 01:17
Adamlaryň arasynda aragatnaşyk serişdesi hökmünde ulanylan ilkinji emeli dil 1879-njy ýylda Ý.M.Şleýer tarapyndan döredilen wolapýukdyr.
Grammatikasynyň çendenaşa kyndygy, çylşyrymlydygy bilen baglylykda wolapýuk dünýäde giň gerime eýe bolup bilmedi hem-de XX asyryň ortalarynda ulanylyşdan galdy. Emeli dilleriň arasynda polýak lukmany L.M.Zamengof tarapyndan oýlanylyp tapylan esperantonyň ykbaly has oňat boldy. L. M. Zamengof öz döreden diliniň öwrenmek üçin mümkin boldugyça has ýönekeý hem-de ýeňil bolmagy babatda uly alada edipdir. Bu oňa aňryýany bilen başardypdyr. Esperantonyň dürs ýazuwy “bir ses-bir harp” ýörelgesine esaslanýar. Sözler ýazylyşy ýaly okalýar, her bir fonema latyn elipbiýiniň: a, b, c, ĉ (ç), d, e, f, g, ĝ (j), h (x), ĥ, I, j, ĵ (ž), k, l, m, n, o, p, r, s, š (ş), u, ŭ, v, z harplarynyň birine gabat gelýär. Basym sözüň iň soňky bognunyň öňündäki bogna düşýär. Söz üýtgeýişde, forma we söz ýasalyşda ýönekeý birleşme ýörelgesinden ugur alynýar, esperanto köklerden hem-de goşulmalardan ybaratdyr. Bu dilde atlarda söz üýtgeýiş dört ýol bilen amala aşyrylýar, işlikleriň ýedi şekili bar. Söz toparlary hem-de şekiller forma ýasaýjy goşulmalar arkaly ýüze çykarylýar: eger söz -o bilen gutarsa, ol atlara ( feliĉo-bagt), -abilen gutarsa, sypatlara (feliĉa-bagtly), -e bilen tamamlansa, hallara (mie-meniňçe) degişlidir. Dilde bary-ýogy 16 sany grammatiki kada we 40 töweregi suffiks hem-de predlog bardyr.Tebigy milli dillerden tapawutlylykda atlaryň hem-de işlikleriň ýöňkemede üýtgeýişleriniň birnäçe görnüşlerine duş gelýäris. Esperanto dilini öwrenmek üçin adatça, birnäçe aý gerek bolýar. 1887-nji ýylda bu dili dörediji tarapyndan esperanto dilinde ilkinji kitap “Lingvo internacia” (“Halkara dil”) çap edilýär. Häzirki wagtda esperanto dilinde döredilen, terjime edilen çeper eserleriň ýeterlik mukdary bar, köpsanly gazýetler we žurnallar (40 töweregi döwürleýin neşir) çap edilýär, käbir ýurtlarda radiogepleşikler alnyp barylýar. Esperanto dili fransuz dili bilen bilelikde Halkara poçta birleşmesiniň resmi dili hasaplanylýar. Belli bir derejede ulanylyşa giren emeli dilleriň hataryna interlingwany (1903 ý), oksidentaly (1922 ý), ido dilini (1907 ý), nowialy (1928 ý) hem goşmak bolar. Ýöne bular hem giňden ýaýramadylar. Şu wagta çenli bar bolan emeli dilleriň arasynda diňe esperanto wagtlaýyn halkara aragatnaşyk serişdesi bolmaga hakyky mümkinçilik aldy. Halkara emeli dili döretmäge edilen synanşyklar bilen bilelikde, hatyň halkara ulgamyny döretmäge hem birnäçe gezek synanşyklar edilipdir. Onuň kömegi bilen islendik dilde okap boljak tekstleri döretmek mümkindir. Hatyň şunuň ýaly ulgamy pazigrafiýa diýlip atlandyrylýar. Pazigrafiýa mysal hökmünde gollandiýaly K.Ýansen tarapyndan döredilen surat ýazuwy-piktony görkezmek bolar. Ine şol hatyň käbir belgileri: : ⌂ “öý”, Λ “gitmek”, ∞ “geplemek”, ♥ “söýmek”, I “men, maňa, meni”, II “sen, saňa, seni”, III “ol, oňa, ony”, •□ “öňünden”, □• “yzyndan”, |–“bolmak” işligi häzirki zamanda, •|– “bolmak” işligi öten zamanda, |–• “bolmak” işligi geljek zamanda, |+ “özüňe almak, edinmek”, Ō “şäher”. Mundan başga-da, şunuň ýaly çylşyrymly bolmadyk surat ulgamy arkaly köpsanly san pazigrafiýasy hem döredilipdir, onda her bir söz belli bir sanlaryň toplumy arkaly belgilenilipdir. Surat pazigrafiýasy-da, san pazigrafiýasy-da giňden ýaýramandyr. Pazigrafiýanyň ulanylýan görnüşi hökmünde arap we rim sanlaryny mysal getirmek mümkindir. Olar ähli dillerde şol bir manyny aňladýar.

Çeşme: Tagandurdy Bekjäýew, Diller dünýäsi. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy.– A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010. 124 sah.
24
114
lord
21.08.2023 00:17
Söýüň, gyzlar!
Söýüň ýigitlermizi!
Söýülen ýigitler şahyr bolýandyr.
Dünýe dek gadymy, müdimi söýgi
Olaryň başyna oýun salýandyr.

Söhbetlerniň soňy söýgä syrygar,
Goşgy, gazal ýa aýdym-saz agzalsa.
Söýüň!
Söýmeseňiz, günäkärsiňiz,
Gelejekde şahyrlarymyz azalsa.

Söýüň, gyzlar!
Hany, başlaň çaltrak!
Şahyrlary köpetmeklik-borjuňyz.
Onsoňam ýitirýän zadyňyz ýog-a,
Şahyr çykmasa-da... ärl-ä borsuňyz.

Oraznepes BAÝRAMOW
30
158
lord
19.08.2023 14:56
Käwagt adam şeýlebir ejizleýän ekeni weli, elinden hiç zat gelmän galýar. Ana şonda bu dünýede adalat ýokdugy barada pikir edýärsiň. Emma hiç haçan gynanma! Haçanda ýykylaňda sen töweregiňe seret! Ýanyňda kimler galýar? Şolar seniň hakyky dostlaryňdyr. Seni terk edenler bolsa seniň geçmişiňdir. Haçanda sen aýaga galaňda olar saňa dolanjak bolup başlarlar. Bu ýagdaý köpçülik üçin hasiýetli bolup, olar ýaly adamlara dost diýilenok. Sebäbi olar ýykylaňda seni terk edipdiler. Sen ýykylaňda seni terk edenleri däl-de, ýanyňda galanlary ýadyňdan çykarma. Sen hakyky adam boljak bolsaň aýaga galanda şolary tanamagy başarmalysyň we olar hem ýykylanlarynda olaryň ýanynda bolmalysyň. Şoňa hakyky adam diýilýandir..


"Ýalňyş!, öwren! ýaşkaň"
#däli_däde
44
326