lord
11.09.2023 08:34
Okasymam gelenok, ýazasymam. Telewizoryň türkmen programmalaryny açsaňam, gaharyň gelýär. Şol köne heň-öwünmek, paňkarmak, dünýäde iň talantly halk bolan beýik türkmeni taryplamak... Ýa-da meniň garry enemdenem garry aýallar ýaş gelinleriň geýýän eşiklerini geýip tans (ol tansam däl) edişip ýörler. Biz özilimizi geçen asyrlaryň haýsyna eltmek isleýärkäk?

Atajan TAGAN
23. 05. 97.

Biziň Prezidetimiziň edýän hereketleri käbir Prezidentleriň göwnünden turmaýan bolarly. "Komsomolskaýa prawda" gazýetiniň 1997-nji ýylyň 20-nji maýyndaky sanynda Gazagystanyň Prezidenti N. A. Nazarbaýewiň interwýusy çap edilipdir. Žurnalistiň: "Siz öz şahsyýet kultuňyz barada näme aýdyp bilersiňiz?" diýen sowalyna N. Nazarbaýew şeýle jogap gaýtarýar: "Adymy köçä dakmagymy, suratymy pula geçirmegimi, Halk Gahrymany adyny almagymy maňa maslahat berýän adam kän. Özümem gündogarly bolamsoň, mende-de mekirlik bar. Men beýle zada ýol bermerin, özümi oýnatmaryn. Onsoňam, men ýap-ýaňy Türkmenistana gidip geldim ahyryn..."

Atajan TAGAN
1997.
25
176
Rova
11 Sentýabr 2023
27 ýylda hiç zat uytgemapdir 🙂
olia
11 Sentýabr 2023
@lord, yone edil hazir yok shu kitap capdan cykan wariantda ya-da men tapamokmykam🤔
maya_ene
11 Sentýabr 2023
♥️👣👣👣💃🏼💃🏼💃🏼
lord
11 Sentýabr 2023
olia, "häzirkiň" özi çykardypdy ony "birinjä" garşy zatlar bolany üçin. Halkda "birinjä" we şoň edenlerine fobiýa döretjek bolduda. Şol sebäpli kritiki kitaplary çap etmäge rugsat eden kişi boldyda..
olia
11 Sentýabr 2023
@lord, indi capdan cykmajak kitaplardan unfortunately:(
olia
11 Sentýabr 2023
@medik_, o kitapda mundan beter zatlaram bar.
lord
11 Sentýabr 2023
Awtory men däl. Atajan Taganyň "Kyrk ýylda ýazylan kitap" diýen awtobiografik powestinden edilen bellikler. Yazyjynyň eserini gowy niyet bilen ýaýratmak uçin kim zat diýsin
lord
11 Sentýabr 2023
@medik_, "hudaýdan gorkmaýanlardan" näme üçin gorkmaly😁. Wah, idealogiya, idealogiya😐
lord
11 Sentýabr 2023
Şükür Alla! Hälem internediň bary)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.