lord
21.08.2023 00:17
Söýüň, gyzlar!
Söýüň ýigitlermizi!
Söýülen ýigitler şahyr bolýandyr.
Dünýe dek gadymy, müdimi söýgi
Olaryň başyna oýun salýandyr.

Söhbetlerniň soňy söýgä syrygar,
Goşgy, gazal ýa aýdym-saz agzalsa.
Söýüň!
Söýmeseňiz, günäkärsiňiz,
Gelejekde şahyrlarymyz azalsa.

Söýüň, gyzlar!
Hany, başlaň çaltrak!
Şahyrlary köpetmeklik-borjuňyz.
Onsoňam ýitirýän zadyňyz ýog-a,
Şahyr çykmasa-da... ärl-ä borsuňyz.

Oraznepes BAÝRAMOW
30
158
Zümerret_
19 Iýun 2024
@geldiyevna, Howa . Gürlejek zadyny bilya . Ozem gyzykly zatlary tapya
Zümerret_
19 Iýun 2024
@geldiyevna, men jigim geldi .sondan dian hali gelenokmy diyip...
Zümerret_
19 Iýun 2024
@geldiyevna, ay gowy oglan oza . Sag amanja gelsin . Jigim bilen dendi yashy .
Zümerret_
19 Iýun 2024
@geldiyevna, geler wagta boldy oň 🤔. Nacesine gelyaka
Zümerret_
6 Fewral 2024
Hany sen .☺️
2580
21 Awgust 2023
😄👏👏👏👍👍👍
wolf
21 Awgust 2023
Grafinya 😂👍
grafinya
21 Awgust 2023
@wolf, Menem soýuň gyzlar dp düşündim🤣
wolf
21 Awgust 2023
Postyñ adyny okamda ýüregim ýaryldy 😂
orazow96
21 Awgust 2023
Ay mena soygusin yitiren shahyr bolyamykan oyutyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.