Kenno_Tabi
18.05.2024 09:39
ÝAGYŞDA EZILEN BATBÖREK

Ir säher bilen, şäher entek ukydan oýanmanka, köçeler düýş bilen huşuň arasynda doňup galan ýalydy. Boş köçäniň gyrasynda iki kişiniň ädimleri eşidilýärdi. Oglan, çaga ýaly duýguly, optimist, durmuşyň her pursadyny şatlyga öwürip bilýän, her ýerde gözelligi görýän biri, ady Keitady. Ýanyndaky gyz bolsa realistik düşünjeli, içki duýgulary bilen garpyşýan, içki duýgularyny kagyza goşgy şekilinde agtarýan biridi. Ady Ren.

Keita Reni bir seýilgähe getirdi. Gelýärkäler Keita bir batbörek alypdy. Asmanda perwaz etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýan reňkli bir batbörek. Keita uly tolgunma bilen Rene seredip, batböregi bile uçurmagy teklip etdi. Ýöne Reniň ýüzi garaldy. Reniň içindäki tupan Keitanyň şatlygyny görüp bilenokdy. Ren üçin Keita çaga häsiýetli görünýärdi.

— Keita, diýdi Ren. — Edýän hereketiň örän kelçik. Durmuş bir oýun däl. Muňa sen haçan düşünjek?

Keitanyň ýüzündäki şatlyk nurlary söndi. Reniň sözleri pyçak ýaly sünjüldi. Reniň bu sözleri Keitanyň duýgylaryna täsir etdimi nämemi, Keita yzyna öwrüldi. Ren hem yzyna öwrülip, Keitanyň bir özüni seýilgähde taşlap gitdi. Birazdan şemal gara bulutlary getirdi, soňra ýagyş ýagyp başlady. Asmana uçma islegi amala aşmadyk batbörek Keitanyň elinden gaçdy we ýagyşda ezildi.

©Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
2024
UFA
21
72
Kenno_Tabi
15.05.2024 19:14

Kritiñ eýelenmegi


Taryhda dargan jemgyýetleri kyn pursatlarda bir ýere jemläp bilen liderleriñ täsin aýratynlygy bar. Bularyñ köpüsi ýetim...

Ýetimligiñ liderlik sosiologiýasynda ýiti täsiriniñ bardygyny inkär edip bolmaýar.

Bu tema inter-dissiplinar çemeleşme bilen öwrenilmegine garaşýar we düýpli ylmy iş hökmünde işlenmegine-de diýseñ açyk mesele.

Elbetde, beýle liderleriñ orta çykyşy jemgyýetiñ agzynyñ aşa ýetip, gowy ýaşaýan döwrüne gabat gelenok.

Pyçak süñke gelip dirände orta çykýan we jemgyýeti ýüpüñ ujundan çekip alýan şahsyýetleriñ şahsy durmuşyny içgin öwrenýärsiñ welin, olaryñ hökman ýetimlikde ulalandygyny görýärsiñ.

Ikinji we sarsdyryjy aýratynlygynyñ biriniñem hanymansyzlyk, ýersizlik we watansyzlykdygyny arkaýyn bilip bolýar.


• Endulusdan çykyp gaýdan ýetim


Gürrüñimiziñ gahrymany-da bir ýetim. Ebu Hafs diýlip tanalan Endulusynyñ onçakly bilinmeýän ýeñişli ýolunyñ üstünde durup geçeliñ.

Onuñ başdan geçirmeleri el-Hakemiñ Endulus tagtyna oturmagy bilen başlady.

El-Hakem Endulus ýaly medeniýetiñ tagtyna oturan kipaýatsyz hökümdarlaryñ biridi. Şonsuzam döwlet dargajak wagty iki ýagdaý gutulgysyz bolýar:

Birinjisi gowşak ýolbaşçylar tagta geçýär, ikinjisi-de şol döwletde zulum ýetjek derejesine ýetýär.

Ol hakykat, el-Hakem tagta güýç beren däl-de, güýjüni tagtyndan alýan hökümdardy.

Endulusyñ er-Rabat şäheriniñ ýaşaýjylary bolsa, döwletiñ yslam medeniýetine altyn döwrüni başdan geçirdeniñ musulmanlardygyny bilýärdi.

Halk el-Hakemiñ şerap içişlikli oturşyklara gyzykmagyny aç-açan tankyt edýärdi, goşuny ispan dönmelerinden doldurmagyna garşy çykýardy we ulamalary diñlemäge çagyrýardy.

"Ulamany diñlemek" diýlen ýere gowja üns bermek gerek. El-Kindi ýaly yslam äleminiñ iñ beýik alymlarynyñ endulusly ulamalaryñ arasyndan çykandygyny göz öñüne tutsak, bu diýseñ çynlakaý çagyryşdy.

Rebatlylar hökümdar el-Hakemi dogry ýola gönükdirip bilmänsoñ, ony tagtdan agdarmagy makul bilipdir we iki gezek döwlet agdarlyşygyna synanyşypdyr.

Gorkagyñ zulumy-da gazap bolýandyr-a! El-Hakem agdarlyşyga synanyşanlary başdan sowandan soñ Endulusda ispanlara rahmet okatjak derejede gan dökdi.

Ibn Esiriñ habar bermegine görä, Rebatyñ köçeleri gan kölüne öwrülipdir. Ölmän galan aýal-gyzlar, çagalar, garry-gurtylar meýdana üýşürilipdir. Olaryñam ölüm permanyna garaşylyp durka, zalym hökümdar hiç kimiñ sebäbini bilmedik ýagdaýynda ynsaby oýanypdyr we ölümleri durzupdyr. Yzda galan rebatlylary gämilere ýükläp Marokka we Müsüre sürgün edipdir.

Ine, şol gämileriñ birinde ýetginjek ýaşlaryndaky Ebu Hafs Omar ibn Şugaýyp el-Balluti hem bar eken. Onuñ indi ene-atasy-da, watany-da, eýe çykjak hossary-da ýokdy.



Krit


• Bu bosgunlar nirden çykdy?


Marokka sürgün edilen rebatlylaryñ köpüsi ýa musulman, ýa-da hristian garakçylaryñ eline düşüpdir. Olaryñ az sanlysy ýerläp bilipdir.

Müsüre sürgün edilenleriñem bosgundan tapawudy ýokdy we olaryñ gelmegini müsürliler islänokdy.

Şeýle-de, edil şol wagtlar ýurdy elinde saklaýan apbasylar hem gyrýagylary bolan enduluslylary ýurtlarynda göresleri gelenokdy.

Ahyrynda apbasy hökümdary Isgenderiýedäki (Aleksandriýa) ähli rebatlylaryñ gämilere mündürilip ýurtdan çykarylmagyny buýrupdyr.

Apbasylar hernäme-de bolsa, rebatlylara olaryñ hökümdary el-Hakemden has ynsaply çemeleşip, gämileriñ ygtyýaryny rebatlylaryñ öz ellerine beripdir.

Rebatlylar bu gezek nirä gitjeklerini özleri kesgitläpdir.

Aslynda olaryñ öñünde saýlap-seçip durar ýaly onçakly kän ugur-ýolam bolmandyr. Ildeşleriniñ Marokkada başyna gelenleri bilensoñlar, ol ýerik gidip biljek däldiler.

Endulusa-da dolanyp biljek däldiler. Dogduk depelerinde olara ölümden başga hiç zat garaşmaýardy.

Musulman halky Ortaýer deñziniñ ortasynda nirä gitjegini bilmän, gämileriñ içinde elewreşip durupdyr. Üstesine olara öñbaşçylyk etjek we bir agza bakdyryp biljek serdarlary-da ýokdy.

Ine, edil şolar ýaly jygba-jygly kyn pursatda Ebu Hafs Endulusy öñe çykypdyr.

Ebu Hafs ýaşdy, watanyndan sürgün edilen gününden bäri kösençden we jebir-jepadan başga zat görmändi. Gürlemäge başlanda hiç kim onuñ berýän buýruklaryny diñlemezlik etmedi. Hamana birnäçe ýyl bäri şu bosgun halkyñ hökümdary bolup gelen ýaly gylyny gymşatman onuñ aýdanlaryny ýerine ýetiripdirler.

Isgenderiýede geçiren günlerinde deñizçilik bilen meşgullanan Endulusy söwda-satyg arkaly tanap ýetişen Krit adasyna göwün beripdi. Bu ada hemmetaraplaýyn alanda oña kowlan watany Endulusy ýatladypdyr.

Ahyrynda 827-nji ýylda endulusly bosgunlar Krite gadam basypdyr.


Endulusy gämileri ýakýar


Ebu Hafs Endulusy guryýere gadam basan basyna ilki bilen birwagtky ata-babasy Taryk ibn Zyýat ýaly gämileri ýakypdyr.

Olar adany eýelänlerinde ullakan garşylyga uçramandyrlar.

Köşk oñşuksyzlyklary bilen başagaý Konstantinopolyñ Kriti goramaga ýagdaýy bolmandyr.

Endulusy az wagtyñ içinde Kriti hakyky yslam ýurduna öwürmegi başarypdyr. Ol kiçijigem bolsa şeýle bir kuwwatly döwlet gurupdyr welin, guran döwleti Wizantiýanyñ gorkuly düýşüne öwrülipdir.

Selanige, Afinä, hatda paýtagt Konstantinopola ýörişler guralmaga, goja Wizantiýany Mermer deñzinden çykyp bilmez ýaly etmäge başlanypdyr.


Krit yslam puly


Krit Yslam emirligi az wagtyñ içinde edil Endulus ýaly ylymda, sungatda, medeniýetde parlak ýyldyza öwrülipdir.

Wizantiýanyñ adany gaýdyp almak üçin telim gezek guran ýörişleri kritlileriñ gahrymanlarça goranyşy bilen yza serpikdirilipdir.

Ensulusynyñ garaşylmadyk ýeñşi tunislileri-de ýüreklendiripdir we Wizantiýanyñ başga bir adasy bolan Sisiliýa eýelenip, ol ýerde-de yslam döwleti gurlupdyr.

• Adada adalat döwleti gurlupdyr


Sürgün, zulum, adalatsyzlyk bilen ençeme ýyllap ýurtdan ýurda entän rebatlylar Kritde ähli ynançlara azatlyk beripdir we hiç kimi adadan kowmandyr.

Kritiñ ähli ýerli ýaşaýjylarynyñ azat durmuşda ýaşamagyna ejaza berişleri ýaly, olaryñ hak-hukuklarynyñ goragy-da doly döwlet kepilligine alnypdyr.

Adada san-sajaksyz metjit, medrese, haýyr-sahawat fondlaryny guran rebatlylar sözüñ doly manysynda adalat döwletini gurupdyr. Başdan geçiren köpçülikleýin trawmasy olary watan düşünjesi babatda ünsli bolmaga iteripdir.

Endulusynyñ 827-nji ýylda Kritde guran döwleti bir ýarym asyra golaý wagtlap Endulusyñ bosgun halkyna öý-işik bolup hyzmat edipdir, emma XI asyr golaýlaberende külli yslam medeniýeti üçin birküç asyra çekjek yza tesiş döwri başlanypdyr.


Wizantiýalylar adany gaýdyp alýar


Wizantiýalylar hazynasynyñ barsyny tañkyradyp goýan goşun taýýarlap, 961-nji ýylda Kriti gaýdyp alypdyr we adada ele salan musulmanlaryny ýa öldüripdir ýa-da zor bilen hristian bolmaga mejbur edipdir.

Hatda Krit Yslam emirliginden zorluk bilen getirlen çagalary goşunda ýetişdirip, musulmanlara garşy söweşdiripdir.

Endulus döwleti bolsa öz bagryndan çykan perzentleriniñ sezewar bolan gyrgynçylygyny diñe uzakdan synlap oñdy we olara hiç hili arka durjak bolmady.

Bulam taryhyñ namart oýunlarynyñ biri bolsa gerek...

Krit Yslam emirligi we onuñ fatihi Ebu Hafs Endulusy bolsa şeýdip taryhyñ çañly sahypalarynyñ arasynda ýatdan çykyp galyberdi...


Mehmet MAZLUM ÇELIK.



18
43
Kenno_Tabi
08.05.2024 16:59

"Tarık'ın Ateşi: Endelüs Fethi"


Gün, kaderin dönüş noktasıydı. Gün batımına yaklaşırken, Endülüs'ün kıyılarına ilk adımımızı atarken, Tarık bin Ziyad'ın emriyle arkamızdaki gemilerin alev alması emrini duyduğumda tüylerim diken diken oldu. Ben, Mücahit, bir asker olarak bu topraklarda yeni bir hayat kurmanın, belki de büyük bir medeniyetin temellerini atmanın eşiğindeydik.


Tarık bin Ziyad, gözleri parlayarak, sağ elini kılıcının kabzasına dayamış, sol eliyle denizi işaret ediyordu. "Karada zafer bizim olacak!" diye haykırıyordu. O anda gemilerimizin yanışını izlerken, içimdeki korku yerini kararlı bir azme bıraktı. Arap komutanın bu cesur hamlesi, arkamıza dönüp bakmamamız gerektiğinin bir işaretiydi; ileriye, fetihlere odaklanmalıydık.


Ertesi gün, Endülüs'ün yeşil topraklarına ilerlerken, bir yandan da Tarık bin Ziyad'ın stratejisinin derinliğini kavramaya çalışıyordum. Bizler, ormanın derinliklerinden geçerken, Bizans ve Gotlar'ın bölgedeki etkisi hakkında fısıldayan rüzgarları dinliyorduk. Her adımda, Endülüs'ün zengin topraklarının, verimli bahçelerinin ve göz alıcı şehirlerinin fethedilme hayaliyle yanıp tutuşuyordum.


Bir hafta sonra, büyük bir muharebeye hazırlandık. Tarık, ordusunu ustaca konumlandırdı ve bize, "Allah sizinle olsun, yiğitlerim! Şimdi, bu toprakları bizim kılmak için savaşma zamanı!" diye seslendi. Mızrağımı sıkıca tutarken, yanımdaki arkadaşım Ali'ye baktım. O da benim gibi, zafer kazanmaya ve tarihe adımızı yazdırmaya kararlıydı.


Muharebe sırasında, düşmanın kılıçları ve mızrakları altında birçok yiğit arkadaşımız şehit düştü. Ancak Tarık'ın ilham verici liderliği ve Allah'a olan inancımız, bizi zaferden zafere taşıdı. Günler süren çatışmalar ve zorluklar sonunda, büyük bir zaferle Endülüs'ün büyük bir kısmı fethedilmişti.


Sonunda, Cebelitarik'te, yüksek bir tepeye çıktığımda, Tarık bin Ziyad yanımda durdu. Denize bakan bu tepe, daha sonra "Cebelitarik" olarak anılacaktı, ki bu, Tarık'ın Dağı anlamına gelir ve bugünkü Gibraltar adının kökenidir. Tarık, elini omzuma koyarak, "Bak Mücahit, buradan tüm denizi görebiliriz. Burası, bizim şanlı direnişimizin simgesi olacak. Gemilerimizi yaktığımız gün, sadece bir zafer kazanmadık, aynı zamanda tarih yazdık," dedi.


O gün, Tarık bin Ziyad'ın cesareti, liderliği ve vizyonu sayesinde, bir asker olarak, hem kendi ruhumda hem de bu yeni fethedilen topraklarda derin izler bıraktığını hissettim. Cebelitarik, hem bir başlangıç hem de bir bitiş noktasıydı; eski dünyanın sonu ve yeni bir medeniyetin doğuşuydu. Biz, onun askerleri olarak, bu yeni dünyanın kahramanları olduk.


Idea by: ©Bayramgylych Sapargylyjov

Story by: ChatGPT-4 OpenAI

Pictures: DALL-E 3

17
96
Kenno_Tabi
08.05.2024 00:37
Ylmy-fantastik drabllar.

Duýduryş we disclaimer ⚠️: Bu eser ylmy fantastika we fantaziýa elementlerini öz içine alýan toslamalar. Gahrymalar we wakalar düýbünden toslama we yslam ynançlary bilen göni baglanyşygy ýok. 'Pygamber' ýaly adalgalaryň ulanylyşy, ruhy oýanma we täzeleniş temalaryna yşarat edýär. Okyjylarymyzdan bu toslama şekilleri Yslamyň taglymat taglymatlary bilen garyşdyrmazdan gözden geçirmegini haýyş edýäris.

1. Emeli aň şeýlebir ösdi hat-da indi duýgulanyp bilýä. Ol indi adamyň buýrugy bolmazdan özi erkin gürläp bilýä. Ol maňa irden: ,,Hantöre, meni söýýäňmi?" diýdi. Menem: "Eger Skaýnet ýa-da Altron bolmajagyňa söz berseň söýýän!"

2. Emeli aň şahsyýet bolanyndan soň, adamyň hem nähili şahsyýet bolup kemala gelşiniň syry açyldy.

3. 2100-nji ýyl, adamalar bilen robotlar erkinlik ugrunda söweşýär...

4. Wagt maşyny oýlap tapmaga girişjek. Emma ony oýlap tapmaga wagtym ýok.

5. Galaktikanyň oýunlarynyň içinde oýunçy hakykaty gözläp ýörkä, älemiň gizlen syrlaryna şaýat boldy.

6. Her edip, hesip edip boş wagt tapdymda wagt maşyny ýasadym. Aradan iki aý geçensoň bu barada ýakyn dostum Arslana aýtdym. Ol: "Sen geljekdäki adamlar bilen duşuşdyňmy?" Men: "Hawa". Ol: "Haçan?" Men: "Iki aý ozal".

7. Barlygyň manysyna şübhelenýän men, gülüň gözelligine seredip, manyny tapdym.

8. Düýşlerim pelsepämiň ýyldyzlary. Men olary yzarlap, garaňkylykdan aýdyňlyga tarap ýöreýän.

9. Hemme zady bilýänime janym ýanyp, ýagyş ýagmasyna garaşýan. Ýagyş yaganda çilimjagaz otlap, manysyz aýdymlaryň birinem aýtdyrýanda. Äpişgeden daşarynyň manysyzlygna seredip bilýän ähli zadymy unutmaga synanyşýaryn.

10. Adamzadyň ewolýusiýasy dürli ölçeglerden energiýa çekmek ukybymyzyň oýanmagy arkaly täze tapgyra geçdi: Iki dürli görnüş emele geldi. Bir görnüş IQ we zehin taýdan has öňe gitdi. Emma olarda duýgy ýokdy. Beýleki görnüş EQ tarapdan has ilerledi. Duýgy olar üçin birinji orunda durdy.

11. Parallel älemleriň syryny çözen fizik alym Allahyň eradasyna boýun boldy we yslam dinini kabul etdi.

12. Emeli aňly robot Kuranyň aýatlaryny okanda, oňa ýazylan algoritm kodlarynyň nädereje meňzeşligi barada pikir edip başlady.

13. 2070 - nji ýyl. Başga planetalylar ýere geldi. Herbir gurama, döwlet we din wekilleri olara öz jogabyny berdiler. Musulman lider şu jogaby berdi: "Asmanlaryň we ýeriň gaýyp (syrlaryny bilmek) diňe Alla mahsusdyr. (Kurany Kerim, Hud süresi 123-nji aýat)" diýdi. Soňra dowam etdi: "Sizler bilen dostlaşmak, gatnaşmak we parahatçylygy ýola goýmak Allanyň çäksiz merhemetidir"

14. Öz planesy bolan Ýeri weýran eden adamzat Mars planetasyna ornaşdy. Marsda hiçhili din we ynanç ýokdy. Soň bir pygamber peýda boldy. Soňra ol özüne gelen wahyýy ýaýdy: "Olara: «Ýer ýüzünde bozgakçylyk etmäň!» diýlende, (olar): «Takyk biz (işleri) düzedýäris» diýýärler." (Bakara süresi 11-nji aýat)

©Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
23
91
Kenno_Tabi
06.05.2024 04:14
Çorap Topundan Şampiyonluğa

Afrika'nın kuzeybatısında, Sahra'nın kenarında küçük bir köyde, futbol sevgisi genç yaşlardan itibaren başlar. Bu hikaye, küçük Musa'nın ve arkadaşlarının, çoraplardan yapılmış toplarıyla köy meydanında oynadıkları bir günü anlatıyor. Musa, Didier Drogba'nın oyunlarını izleyerek büyümüş ve onun gibi olmayı hayal etmiştir.

Bir gün, köyde büyük bir heyecan vardı. Musa'nın köy takımı, bölgesel bir turnuvaya katılma şansı kazanmıştı. Çocuklar, turnuvada oynayacakları topları alacak paraları olmadığı için, renkli çorapları sıkıca bir araya getirip top yapmışlardı. Bu top, onların sahip olduğu tek şeydi ve her vuruşta biraz daha karakter kazanıyordu.

Turnuva günü geldiğinde, Musa ve arkadaşları, köylerini temsil etmek üzere yola çıktılar. Maçlar zorlu geçti, ama Musa'nın takımı, çorap toplarıyla mücadele ederek finale kadar yükseldi. Final maçı, Musa'nın idolü Didier Drogba'nın da izlediği bir maçtı. Drogba, turnuvayı desteklemek ve genç yetenekleri teşvik etmek için ziyarette bulunmuştu.

Finalin son dakikalarında Musa, Drogba'nın meşhur dönerek vuruş tekniğini kullanarak, çorap topuyla maçı kazandıran golü attı. Seyirciler arasında oturan Drogba, genç Musa'nın yeteneğini fark etti ve onu tebrik etmek için sahaya indi. Drogba, Musa'ya profesyonel bir futbol topu hediye etti ve onunla özel olarak ilgileneceğini söyledi.

Bu olay, Musa ve arkadaşlarının hayatlarını değiştirdi. Onlar için futbol, sadece bir oyun olmaktan çıkıp, umut ve fırsatların kapısını aralayan bir araç haline geldi. Musa, o günü ve Drogba'nın sözlerini hiç unutmadı: "Büyük oyuncular her yerde doğabilir. Önemli olan, yeteneklerinizi sergilemek ve asla pes etmemek." Musa, futbolun, sadece zenginlerin değil, herkesin oyunu olduğunu kanıtlamıştı.

Idea by: Sapargylyjov Bayramgylych
Story by: ChatGPT-4 OpenAI
Pictures by: DALL-E 3
27
94
Kenno_Tabi
04.05.2024 17:31
BENJAMIN FRANKLIN EFFEKTI DÄL-DE, FUSSILET-34 EFFEKTI

Kurany-Kerim Fussilet süresi 34-nji aýat:
Ýagşylyk bilen ýamanlyk (hiç haçan) deň bolmaz. Sen iň ýagşy ýol bilen (ýamanlygyň) öňüni al! Öz araňyzda duşmançylygyňyz bolan bir kişi, (ýamana ýagşylyk bilen jogap berendigiň üçin) belki, seniň bilen ýakyn dost bolar.
Psihologiýada Benjamin Franklin effekti diýen düşünje bar. Bu düşünje Benjamin Franklin tarapyndan ilkinji gezek teklip edilendigi we anyklanandygy sebäpli Benjamin Frankline degişlidir. Emma bu möhüm psihologiki açyş 1450 ýyl mundan ozal aýan bolan Kuranda şol bir görnüşinde berilýär. Benjamin Franklin effekti şeýledir:
Eger sen kimdir birine ýagşylyk etseň, hatda duşman bolsaň-da, olar bilen ýakyn gatnaşykda bolýarsyň. Bu ýakynlyk siziň ýene-de bir ýagşylyk etmäge mümkinçiligiňizi artdyrýar. Eger birine mähribanlygyňyzy bildirseňiz, onda olar hem gaýta-gaýta saňa ýagşylyk edýärler. Şol sebäpli olar sowuk-sala bolsa-da, ýakyn dostlukly gatnaşygy ösdürmeli. Franklin öz awtobiografiýasynda kanun çykaryjyda gulluk eden wagty bäsdeş kanun çykaryjysynyň duşmançylygyna nähili garandygyny beýan edýär. Ol şol ýerde XVIII asyrda işläpdir:
"Men onuň (garşydaşymyň) kitaphanasynda örän seýrek we gyzykly kitabyň bardygyny eşidenimde, ony ulanmak islegim barada hat ýazyp, birnäçe günläp maňa bermegini haýyş etdim. Ol şol bada kitaby maňa iberdi. Men ony bir hepdä golaý wagtyň içinde başga bellik bilen yzyna iberdim. Men onuň göwnünden turmak barada öz pikirimi aýdyň beýan etdim. Indiki gezek duşuşanymyzda ol meniň bilen (öň hiç haçan etmedik usuly bilen) medeniýetli gürleşdi; Şondan bäri ol maňa islendik ýagdaýda kömek etmäge taýýardygyny görkezdi. Şonda biz örän ýakyndan dostlaşdyk...».
Benjamin Franklin effekti dürli barlaglarda gaýta-gaýta synaldy. Netijede birmeňzeş boldy. Seniň eden ýagşylygyň başga birine hem gowy täsir edýärdi. Beýleki adam bäsdeş ýa-da duşman bolsa-da, ol buzy eredip, ýakyn dostluklaryň ösmegine getirdi.
Meniň ýygy-ýygydan aýdyşym ýaly, tebigy ylymlaryň ýaňy-ýakynda Kuranda düşünip, adyny alan açyşlarynyň 1450 ýyl mundan ozal ýazylandygyny köp aýatlarda görüp bolýar. Adamyň sosiologiýasynyň we psihologiýasynyň iň çözülmeýän meseleleriniň birmeňzeş çözülendigine göz ýetirýärsiň. Bu ugurda Kuran ýokardan aşaklygyna ylmy faktlaryň kitabydyr.
Gysgaça maglumat; Benjamin Franklin effektiniň aýtmagyna görä, hatda duşmana-da ýagşylyk etmek ikinji ýagşylyga sebäp bolýar. Bu bolsa olaryň arasyndaky sowuklygy aradan aýyrýar we iki tarapy hem çuňňur dosta öwürýär. Ol barlaglar arkaly hemişe subut edildi. Bu eser bolsa Benjamin Franklinden öň Mukaddes Kuran tarapyndan kodlaşdyrylypdyr. Ine, şonuň üçin hem men oňa Benjamin Franklin effekti däl-de, Fussilet-34 effekti diýýärin.

© Kurtuluş BERZAN.
27
108
Kenno_Tabi
23.04.2024 10:58
BETINDEN WE GYTYNDAN TÜRKÇE FAKTLAR.

Eğer bir çorap giyerseniz, ayağınız çıplak kalmaz.
Bir kapıyı çalarsanız, muhtemelen biri açar.
Bir ampulü sökerseniz, ışık sönük kalır.
Bir kitap açarsanız, içinde harfler bulursunuz.
Bir çaydanlığı ocağa koyarsanız ve altını açarsanız, sıcak olur.
Eğer bir ağaca tırmanırsanız, yukarı çıkmış olursunuz.
Bir şemsiye açarsanız, başınız ıslanmaz.
Bir kağıt parçasını yırtarsanız, iki parça olur.
Buzdolabını açarsanız içinde yiyecek bulabilirsiniz.
Eğer bir pencereyi açarsanız, dışarıyı görebilirsiniz.
Arabanın kontağını çevirirseniz, motor çalışmaya başlar.
Eğer kalemle yazarsanız, kağıt üzerinde iz bırakır.
Bir anahtarı kilit deliğine sokup çevirirseniz, kapı açılabilir.
Eğer bir alarmı kurarsanız, belirlenen zamanda çalar.
Bir topa vurursanız, hareket eder.
Eğer düğmeye basarsanız, bir şeyler olur.
Bir lambayı yere atarsanız, muhtemelen kırılır.
Bir elmayı keserseniz, iki yarım elma elde edersiniz.
Eğer su içerseniz, susuzluğunuz geçer.
Bir köprüden geçerseniz, diğer tarafa ulaşırsınız.

Eğer pizzanızı ters çevirirseniz, kalori sayısı tersine işler ve kilo verirsiniz.
Çikolatalı kek yiyerek mutluluk seviyenizi artırabilirsiniz.
Bilimsel olarak kanıtlanmıştır, çikolata mutluluk maddesi içerir!
Eğer terliklerinizi gece ters çevirir ve pencerenin kenarına koyarsanız, sabah geldiğinde yeni gibi olurlar.
Geceleri terlik perileri çalışır!Kedilerin gizli bir düğmesi vardır; eğer doğru yerden kaşınırlarsa, WiFi sinyallerini güçlendirirler.
Her gün limon yemek sizi şeffaflaştırır, böylece gizlenmek istediğinizde cam arkasında durmanız yeterli olur.
Eğer dondurmayı kışın yerseniz, vücudunuz bunu yaz olarak algılar ve sizi ısıtır.
Kitapların son sayfasını okumazsanız, hikaye asla bitmez.
Eğer saat yönünün tersine yürürseniz, zamanı geri alabilirsiniz.
Ayakkabılarınızı geceleri dolaba koyarsanız, sabahları kendiliğinden bağlanırlar.
Her yıl bir kez, 29 Şubat'ta, dünyanın tüm kaplumbağaları hızlanır ve yarış düzenlerler.
Eğer bir fincan kahveyi dolunay ışığında içerseniz, geleceği görebilirsiniz.
Aynalara gece yarısı bakmamalısınız; aksi takdirde, yansımanız sizi taklit etmeye başlar.
Eğer bir süpürgeyle uçamıyorsanız, yanlış süpürgeyi kullanıyor olabilirsiniz.
Çoraplarınızı eşleştiremezseniz, onlar gizlice bir çorap partisine gitmiş olabilir.
Sihirli sözcükler kullanarak tost makinesini ikna ederseniz, mükemmel kızarmış tostlar yapabilir.
Eğer cep telefonunuzla konuşurken yüzünüzü ekşitirseniz, karşı taraftaki kişi bunu hissedebilir.
Balıklara konuşmayı öğretirseniz, sırlarınızı asla başkalarıyla paylaşmazlar.
Eğer pijamalarınızı ters giyerseniz, rüyalarınız da tersine döner.
Eğer bir şarkıyı aynı anda 10 kişi mırıldanırsa, yağmur yağdırabilirsiniz.
Sadece özel bir dans figürüyle buzdolabınızı açarsanız, içindeki yiyecekler daha lezzetli olur.

©ChatGPT 4
30
103
Kenno_Tabi
20.04.2024 05:47
SUSSUPESSIMIZM

Çyrşamana ak kagyza syýany,
Dözmeýän dek ýazýanlarmyň ugry ýok.
Her gussany ýazyp ýeňledip bormy?
Dünýäň derdi-kederiniň soňy ýok.

Çöregim şygyrdan berlenok ahyr,
Ýene neçün gola alýan galamym?!
Gümüne gitsin ol gije oýlary:
"Gel, bu gün undaly yşkdan galanyn..."

Tebigat reňkini üýtgedýär diňe,
Garaşýas baharda symrugym geler.
Garlawaçdan başga gelýäniň ýokdur,
Ýyllar geçer gider "Bir gün"-ler bilen...

Aňlaýan geljekden orun tapdyrmaz,
Döwürden yzlygna bakan maňlaýym.
Meni nostalgiýa gitsinler alyp,
"Indiki ýyllarda" düşmän galaýyn.

Dünýäň derdi-kederiniň soňy ýok,
"Gel, bu gün undaly yşkdan galanyn"
Ýyllar täzelener "Bir gün"-ler bilen...
Meni nostalgiýa gitsinler alyp,
"Indiki ýyllarda" düşmän galaýyn.

© Şyhnazar DURDYÝEW
23
93
Kenno_Tabi
09.04.2024 10:26
Kanada adyny türkmenler dakdymy? (Fake News)

Gümmez TV teleýaýlymynda "Fake News" Canada Daily habar gazetiniň ýazmagyna gorä 67% Kanadalylar öz döwletiniň adyny gadymy türkmenleriň goýandygyna ynanýar. Olaryň aýtmagyna görä, bu at "Kän" we "Ada" diýen iki sany türkmen sözünden gelip çykyp, "Adasy köp ýurt" manysyna gelýärmiş.

Çeşme: ©Canada Daily [FAKE]
55
594
Kenno_Tabi
08.04.2024 10:28

Patyşa täji barada komplimasiýa teoriýasy.


Disclaimer: (Dykkat dykkat, üns beriň) blogda siziň şahsy pikirleriňize we dünýägaraýşyňyza ters pikirleriň bolmagy mümkin. Öňünden duýdurmady diýmäň. 😌🙌


Bugünki temamyz patyşa täji barada bolar. Eýsemde patyşanyň täji näme? Täç monarhyň (patyşanyň, soltanyň, emiriň we ş.m) güýç gudratynyň simwoly. Ýönekeýje hiç zada peýdasy degmeýän täç nädip patyşa güýç gudrat bagyş edip biler? Ritual (ýagny täçgeýdirmek dabarasy) arkaly. Täç geýdirýän boljak patyşaň ýanyna golaýlaýar we täji geýdirýär. Edil şol wagty hamala bir zat bolaýjak ýaly, gökden birýerden gudrat inip patyşa gonaýjak ýaly bolýar. Emma beýle bolanok 😄. Şowagt biri turup "Ýaşasyn Beýik we Gudratly patyşamyz" diýip gygyrýa we hemme oň yzyndan gaýtalaýar tamam wessalam.

Indi başgaça pikirleneli hormatly okyjylar. Patyşaň täji gadymda oňa güýç gudrat berýän bir enjam bolan bolsa nä???

- 🙄 Oýun edýäňmeý Matsuriken?

- Ýo oýun etmäge indi başlaýan.

Men siziň eliňize bir zažigalka berip gadym zamanlara (döwletleriň emele gelmedik zamanyna) taşlaýan. Sen şol zamana düşüp, şol zamanyň adamlarny eliňdäki zažigalka bilen huýet etdirýäň. Oň kömeginde ot ýakyp naharyňy bişirýäň, ýylanýaň, buýrugyňy ýerine ýetirmedikleri bolsa oda ýakmak jezashny berip bilýäň. Sebäbi ony nähili ulanmalydygyny diňe sen bilýäň. Soň ogluňada beýle mümkinçilikden peýdalanmagy isleýäň. Şeýdibem sen olaryň monarhy (patyşasy) bolýaňda ýer ýüzüniň ilkinji döwletini gurýaň. Emma gynansakda zažikalka baky däl. Ol ulanylyşdan galsada halky "ol henizem işleýär" diýip aldamaly bolýar. Nädip? Ritual arkaly. Bu gezek biraz başgaça bolýar. Sen şol zamanda ölip gidensoň seň weziriň seň ogluňa halkyň öňünde senden galan hiç zada ýaramaýan zažigalkany gowşurýar. Halk pahyr oň zapasynyň gutaranyny näbilsin? Sen ritual bilen halky aldap bilseň boldy soňlugy bilen ondan ot çykýany unudylyp gidýär. Edil täç ýaly.

Gadymda täç näme gudrata ýaradyka? 🤔 Herimiziň öýmüzde bolmasada köpimiziň öýmüzde wi-fi routerleri bar. Simsiz geçiriş. Beýni-kompýuter interfeýsleri geljegiň enjamlary däl. Olar patyşa täjiniň hut özi. Alymlar hiç haçan täze zatlary tapanok olar gadymda ulanylan we Nuh pygamber tupany (Özem bu tupan has gadym zamanda bolan hadysa däl) zamanyndan bäri ulanylyşdan galan zatlary oýlap tapýalar. Gadymy ertekilerdir dessanlardaky uçýan halylar, jadyly aýnalar, dyrnakdan görmeler we ş.m meňzeşler hakykatda bolan enjamlardyr.


©Matsuriken Kennotabi

30
164