Kenno_Tabi
20.04.2024 05:47
SUSSUPESSIMIZM

Çyrşamana ak kagyza syýany,
Dözmeýän dek ýazýanlarmyň ugry ýok.
Her gussany ýazyp ýeňledip bormy?
Dünýäň derdi-kederiniň soňy ýok.

Çöregim şygyrdan berlenok ahyr,
Ýene neçün gola alýan galamym?!
Gümüne gitsin ol gije oýlary:
"Gel, bu gün undaly yşkdan galanyn..."

Tebigat reňkini üýtgedýär diňe,
Garaşýas baharda symrugym geler.
Garlawaçdan başga gelýäniň ýokdur,
Ýyllar geçer gider "Bir gün"-ler bilen...

Aňlaýan geljekden orun tapdyrmaz,
Döwürden yzlygna bakan maňlaýym.
Meni nostalgiýa gitsinler alyp,
"Indiki ýyllarda" düşmän galaýyn.

Dünýäň derdi-kederiniň soňy ýok,
"Gel, bu gün undaly yşkdan galanyn"
Ýyllar täzelener "Bir gün"-ler bilen...
Meni nostalgiýa gitsinler alyp,
"Indiki ýyllarda" düşmän galaýyn.

© Şyhnazar DURDYÝEW
23
94
Akram_Beshimov
20 Aprel 2024
Pessimist
Kenno_Tabi
20 Aprel 2024
@flowers_, 😎
flowers_
20 Aprel 2024
@Kenno_Tabi, tüweleme, sen oñ kemini ýapýañ olam señkini bolýada onda))
medik_
20 Aprel 2024
Men sonki postyma ozunizi gorun hani😁
Kenno_Tabi
20 Aprel 2024
@flowers_, hem halypam, hem şägirdim 😁🤦🏻‍♂️
flowers_
20 Aprel 2024
@Kenno_Tabi, halypaşägirde nähili düşünmeli indi men🤔
Kenno_Tabi
20 Aprel 2024
@flowers_, hälem tamdyrda uzak saklap goşgyny gara ýanyk etmännir. Gyzgynjak eden bolso bolýaro. Biziň halypaşägirt zordur!
flowers_
20 Aprel 2024
@Kenno_Tabi, bähh, hawa))
Kenno_Tabi
20 Aprel 2024
@flowers_, 14-nji çislada tamdyrdan çykdy bi, entegem sowamandyrow 🤔
flowers_
20 Aprel 2024
@Kenno_Tabi, gyzgynjak goşgy eken))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.