Kenno_Tabi
18.05.2024 09:39
ÝAGYŞDA EZILEN BATBÖREK

Ir säher bilen, şäher entek ukydan oýanmanka, köçeler düýş bilen huşuň arasynda doňup galan ýalydy. Boş köçäniň gyrasynda iki kişiniň ädimleri eşidilýärdi. Oglan, çaga ýaly duýguly, optimist, durmuşyň her pursadyny şatlyga öwürip bilýän, her ýerde gözelligi görýän biri, ady Keitady. Ýanyndaky gyz bolsa realistik düşünjeli, içki duýgulary bilen garpyşýan, içki duýgularyny kagyza goşgy şekilinde agtarýan biridi. Ady Ren.

Keita Reni bir seýilgähe getirdi. Gelýärkäler Keita bir batbörek alypdy. Asmanda perwaz etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýan reňkli bir batbörek. Keita uly tolgunma bilen Rene seredip, batböregi bile uçurmagy teklip etdi. Ýöne Reniň ýüzi garaldy. Reniň içindäki tupan Keitanyň şatlygyny görüp bilenokdy. Ren üçin Keita çaga häsiýetli görünýärdi.

— Keita, diýdi Ren. — Edýän hereketiň örän kelçik. Durmuş bir oýun däl. Muňa sen haçan düşünjek?

Keitanyň ýüzündäki şatlyk nurlary söndi. Reniň sözleri pyçak ýaly sünjüldi. Reniň bu sözleri Keitanyň duýgylaryna täsir etdimi nämemi, Keita yzyna öwrüldi. Ren hem yzyna öwrülip, Keitanyň bir özüni seýilgähde taşlap gitdi. Birazdan şemal gara bulutlary getirdi, soňra ýagyş ýagyp başlady. Asmana uçma islegi amala aşmadyk batbörek Keitanyň elinden gaçdy we ýagyşda ezildi.

©Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
2024
UFA
21
72
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.