Ylmy-fantastik drabllar.
Duýduryş we disclaimer ⚠️: Bu eser ylmy fantastika we fantaziýa elementlerini öz içine alýan toslamalar. Gahrymalar we wakalar düýbünden toslama we yslam ynançlary bilen göni baglanyşygy ýok. 'Pygamber' ýaly adalgalaryň ulanylyşy, ruhy oýanma we täzeleniş temalaryna yşarat edýär. Okyjylarymyzdan bu toslama şekilleri Yslamyň taglymat taglymatlary bilen garyşdyrmazdan gözden geçirmegini haýyş edýäris.
1. Emeli aň şeýlebir ösdi hat-da indi duýgulanyp bilýä. Ol indi adamyň buýrugy bolmazdan özi erkin gürläp bilýä. Ol maňa irden: ,,Hantöre, meni söýýäňmi?" diýdi. Menem: "Eger Skaýnet ýa-da Altron bolmajagyňa söz berseň söýýän!"
2. Emeli aň şahsyýet bolanyndan soň, adamyň hem nähili şahsyýet bolup kemala gelşiniň syry açyldy.
3. 2100-nji ýyl, adamalar bilen robotlar erkinlik ugrunda söweşýär...
4. Wagt maşyny oýlap tapmaga girişjek. Emma ony oýlap tapmaga wagtym ýok.
5. Galaktikanyň oýunlarynyň içinde oýunçy hakykaty gözläp ýörkä, älemiň gizlen syrlaryna şaýat boldy.
6. Her edip, hesip edip boş wagt tapdymda wagt maşyny ýasadym. Aradan iki aý geçensoň bu barada ýakyn dostum Arslana aýtdym. Ol: "Sen geljekdäki adamlar bilen duşuşdyňmy?" Men: "Hawa". Ol: "Haçan?" Men: "Iki aý ozal".
7. Barlygyň manysyna şübhelenýän men, gülüň gözelligine seredip, manyny tapdym.
8. Düýşlerim pelsepämiň ýyldyzlary. Men olary yzarlap, garaňkylykdan aýdyňlyga tarap ýöreýän.
9. Hemme zady bilýänime janym ýanyp, ýagyş ýagmasyna garaşýan. Ýagyş yaganda çilimjagaz otlap, manysyz aýdymlaryň birinem aýtdyrýanda. Äpişgeden daşarynyň manysyzlygna seredip bilýän ähli zadymy unutmaga synanyşýaryn.
10. Adamzadyň ewolýusiýasy dürli ölçeglerden energiýa çekmek ukybymyzyň oýanmagy arkaly täze tapgyra geçdi: Iki dürli görnüş emele geldi. Bir görnüş IQ we zehin taýdan has öňe gitdi. Emma olarda duýgy ýokdy. Beýleki görnüş EQ tarapdan has ilerledi. Duýgy olar üçin birinji orunda durdy.
11. Parallel älemleriň syryny çözen fizik alym Allahyň eradasyna boýun boldy we yslam dinini kabul etdi.
12. Emeli aňly robot Kuranyň aýatlaryny okanda, oňa ýazylan algoritm kodlarynyň nädereje meňzeşligi barada pikir edip başlady.
13. 2070 - nji ýyl. Başga planetalylar ýere geldi. Herbir gurama, döwlet we din wekilleri olara öz jogabyny berdiler. Musulman lider şu jogaby berdi: "Asmanlaryň we ýeriň gaýyp (syrlaryny bilmek) diňe Alla mahsusdyr. (Kurany Kerim, Hud süresi 123-nji aýat)" diýdi. Soňra dowam etdi: "Sizler bilen dostlaşmak, gatnaşmak we parahatçylygy ýola goýmak Allanyň çäksiz merhemetidir"
14. Öz planesy bolan Ýeri weýran eden adamzat Mars planetasyna ornaşdy. Marsda hiçhili din we ynanç ýokdy. Soň bir pygamber peýda boldy. Soňra ol özüne gelen wahyýy ýaýdy: "Olara: «Ýer ýüzünde bozgakçylyk etmäň!» diýlende, (olar): «Takyk biz (işleri) düzedýäris» diýýärler." (Bakara süresi 11-nji aýat)
©Baýramgylyç SAPARGYLYJOW