Karaleva_
02.09.2024 10:36
Gözleriň gussaly görünýär, jigim,
Dök ýüregňi, göwnüň biraz ýeňlesin.
Yetik ahyr munda meň dertlidigim,
Hasrat seni asyl-asyl ýeňmesin..
Aýtmasaňam egniň gysyk çalaja,
Bilýän, durmuş has çökderdir çakyňdan.
Ykbal asla boýun bolmaz alaja,
Taýyňdan tazygyp bitaý çatylsaň.
Ýylgyrýaň, armana gaçan dideleň
, Yüregiň yzasyn mugtuna satýar.
Saglyk bolsun, galan zady ideme,
Indi seň kän zada akylyň çatýar.
Sen hamala bu barlykdan iripsiň,
Gülüşeli biraz öňküler deýin. Geçen agşam düýşüme-de giripsiň,
Gözleriň gussaly görünýär, jigim!
Gulşirin Hanowa
12
35
Karaleva_
01.09.2024 20:25
Yaşan ömrüň her pursadyn, Satlan jigim, şadyýan bol, Päklikden dolsun gursagyň, Mydam jigim bagtly bol.
Ener-atar dilegin al,
Kynam bolsa ýykylma gal, Geplemäkän syn et owal, Parasatly bolgun jigim.
Adalatdan daşda bolma, Islenmedik ýere barma, Zehiniň artsyn sen parla, Parlap şugla saçgyn jigim.
Yenil bolsun durmuş ýoluň, Sowly bolsun tutjak işiň, Uzadanyna ýetsin goluň, Lezzetli yaşa durmuşyň!!!
Kerwen Annageldiyew
13
71
Karaleva_
31.08.2024 12:21
2024-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli Hytaýda Internet ulanyjylaryň umumy sany tas 1,1 mlrd boldy, bu 2023-nji ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende, 7,42 mln köpdür. Şeýle maglumatlary Hytaýyň tor maglumat merkezi hödürleýär diýip, TASS habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu döwürde täze Internet ulanyjylaryň esasy bölegini, has takygy, 49%-ini 10 – 19 ýaş aralygyndaky ýaşlar emele getirdi. Aýratynam, gysga wideolar segmenti okgunly depginde ösýär. Degişli programmalardan ýurtdaky Internet ulanyjylaryň umumy sanynyň 37,3%-i peýdalanýar.
Resminamada Hytaýyň eýýäm yzygider 10-njy ýyl iň ýokary derejeli döwlet domenleriniň sany boýunça dünýä liderligini saklamagy dowam etdirýändigi bellenilýär. Iýun aýynyň ortasyna çenli olardan 19,56 mln sanysy hasaba alyndy (Hytaýyň Internet segmentinde hasaba alnan domenleriň umumy sanynyň 61,4%-i).
Hytaý ulanyjylarynyň esasy bölegi Internete ykjam gurluşlaryň kömegi bilen girýär. Ýurtda bäşinji nesil aragatnaşyk ulgamy (5G) işjeň ösdürilýär. Iýun aýynyň ortasyna çenli Hytaýda bu aragatnaşyk ülňüsi üçin 3,92 mln esasy stansiýa guruldy.
9
20
Karaleva_
31.08.2024 00:05
Arheologlar Islandiýada diňe bir ylmy jemgyýeti däl, eýsem, Internet ulanyjylaryny hem gyzyklandyran wiking döwrüniň seýrek duş gelýän daş oýnawajyny tapdylar diýip, live Science belläp geçýär.
940-1000-nji ýyllaryna degişli heýkeljik, gulagy gopan dört aýakly haýwany şekillendirýär. Hünärmenler munuň haýsy haýwandygy barada ylalaşyp bilmeýärler.
Internet ulanyjylary bolsa, oýunjakda islandiýaly it şekillendirilýär diýip hasaplaýarlar. Ýöne arheologiki toparyň ýolbaşçysy Ragnheýdur Traustadottir bu pikire şübheli garaýar, sebäbi heýkeljigiň ýüzi hakyky tohumyň ýüzüne laýyk gelmeýär.
"Wiking döwrüniň oýnawajy – gaty seýrek duş gelýän tapyndydyr" - diýip, ol belleýär.
Oýnawajyň tapylan ýerindäki gazuw-agtaryş işleri 2020-nji ýylda läbikden goraýan diwarlaryň gurluşygynyň öňüsyrasynda başlandy. Köp ýyllaryň dowamynda arheologlar mazar depesi, ferma, degirmen, şeýle hem wiking döwrüniň dört gubury ýaly köp sanly gymmatly ýadygärlikleri tapdylar.
10
50
Karaleva_
30.08.2024 20:18
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda howa şertlerine garaşly adamlaryň hal-ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biljek birnäçe magnit tupanynyň bolmagyna garaşylýar.
Geomagnit tupanlary barada takyk çaklamalaryň olar başlamazyndan üç gün öň kesgitlenip bilinjekdigini bellemelidiris. Şeýle-de bolsa, deslapky hasaplamalar sentýabr aýynda üç sany tupan tolkunyna garaşmalydygyny görkezýär: aýyň başynda, ortasynda we ahyrynda diýip, “Ýasno” portaly ýazýar.
Magnit tupanlarynyň senesi:
1-3-nji we 6-8-nji sentýabr: Magnitosferada ownuk üýtgemeler. Bu saglyga känbir täsir etmez.
12-14-nji sentýabr: Orta depgindäki tupan.
24-26-njy we 29-njy sentýabr: Has çynlakaý täsir, ukynyň bozulmagy, ýadawlygyň ýokarlanmagy we işdäň kesilmegi mükin.
Magnit tupanlary kellagyry, baş aýlanmak, ýadawlyk, keýpiň bozulmagy, ukusyzlyk ýaly bozulmalara we ýürek-damar ulgamynyň işleýşinde näsazlyklara sebäp bolup biler. Aýratynam gan basyşy ýokary hassalar seresap bolmaly, sebäbi magnit tupanlary gan basyşynyň üýtgemegine täsir edip biler.
Magnit tupanly günlerinde gaharlanmakdan we sene-menelerden gaça durmak, elektron enjamlaryň ulanylmagyny çäklendirmek hem-de agyr iýmitlerden we spirtli içgilerden ýüz öwürmek maslahat berilýär.
Howa duýgur adamlar öz ýagdaýyna ünsli gözegçilik etmeli we zerur bolsa lukmana ýüz tutmalydyrlar.
tmcars
14
44
Karaleva_
30.08.2024 16:48
Islandiýalylar TikTok sosial ulgamyndaky wirusa öwrülen trend sebäpli hyýar ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldular.
Özüni “hyýar ýigidi” diýip atlandyran Kanadadan meşhur bloger Logan Moffit TikTok-da hyýar bilen dürli tagamlaryň taýýarlanyş usullaryny hödürleýär. Onuň eýýäm onlarça million gezek görlen wideolary, netijede, Islandiýada hyýara bolan islegiň ep-esli ýokarlanmagyna getirdi diýip, Bild ýazýar.
Ýurtda hyýar satuwy iki esseden gowrak ýokarlandy, bu hem ýetmezçiligi ýüze çykardy. Içerki bazarda hyýarlaryň 99%-ini öndürýän Islandiýa görlüp-eşidilmedik ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Adatça, hasyl 400 müň ýaşaýja ýetýär. Islandiýa fermerleriniň assosiasiýasyndan Kristin Sweýnsdottir ýurduň şeýle meselä ilkinji gezek sezewar bolýandygyny aýdýar. Islandiýada ýyllyk hyýar önümçiligi alty milliona ýetýär, ýöne häzir bu mukdar ýeterlik däl boldy.
Moffit öz wideolarynda hyýary dürli tagamlar, mysal üçin, gaýmak peýniri, awokado, kakadylan azatmahy, künji ýagy bilen garmagy maslahat berýär.
Tmcars
16
100