Gazagystanyň arheologlary on sany depäni tapdylar, olaryň üçüsiniň adaty bolmadyk şekili bar, şol sebäpli olar “murtly depeler” diýlip atlandyrylýar. Barlagçylar toparyna ýolbaşçylyk eden, A.H.Margulan adyndaky Arheologiýa institutyndan Žanbolat Utubaew Live Science-e beren interwýusynda tapyndy barada jikme-jik gürrüň berdi.

Çen bilen orta asyrlara degişli bolan bu guburlar Ulytau sebitinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy. Utubaýewiň sözlerine görä, depeleriň özboluşly aýratynlygy “murty” ýada salýan, merkezi böleginden geçýän daş çilleriniň bolmagydyr.
Şeýle mazarlar biziň eýýamymyzyň VI-XV asyrlarynda häzirki Gazagystanyň çäginde giňden ýaýrapdyr. Diňe ýurduň merkezi böleginde şeýle depeleriň 400 töweregi bar. Alymyň bellemegine görä, bu mazarlaryň ölçegi diametrinde 3-15 metr aralygynda üýtgeýär.
“Murtly” depeler XIII asyrdaky mongol basyp alyşlaryndan ozal Gazagystanyň çäginde ýaşan çarwa halklar tarapyndan gurlan bolmagy ähtimal.
Orta asyrlarda bu sebit çarwa taýpalarynyň we oturymly halklaryň özara ylalaşykly ýaşan özboluşly giňişligi bolupdyr. Günorta-gündogarda Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezi bolan Taraz şäheri gülläp ösüpdir, merkezi we demirgazyk sebitlerde esasan çarwalar ýaşapdyr.
Tmcars