SpaceX-iň köp gezeklik kosmos gämisi Crew Dragon dört sany syýahatçy bilen bäş günlük täjirçilik uçuşyny tamamlap, Floridanyň günorta-günbataryndaky Meksika aýlagynda suwa gondy. SpaceX missiýanyň gaýdyp gelşini göni ýaýlymda görkezdi.
Aşak düşürilýän kapsula atmosfera üstünlikli girip, ABŞ-nyň Gündogar kenarynyň wagty bilen 03:36-da (Aşgabat wagty bilen 12:36) paraşýut ulgamynyň kömegi bilen suwa gondy.
Polaris Dawn täjirçilik gözleg missiýasy bolup, onuň çäklerinde ilkinji gezek hünärmen däl astronawtlaryň açyk kosmosa çykyşy boldy. Milliarder Jared Aýzekmanyň ýolbaşçylygyndaky ekipaž SpaceX-iň inženeri Sara Jillisi, ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň öňki podpolkownigi Skott Potiti we SpaceX-iň işgäri Anna Menony öz içine alýar. Jared Aýzekman bilen Sara Jillis açyk kosmosa çykan ilkinji hünärmen däl astronawtlar boldy.
Missiýa 1400 km belentlige ýetmek bilen rekord goýdy, bu 50 ýyldan gowrak wagt ozal “Apollon” Aý maksatnamasyndan bäri iň ýokary uçuşdyr. Ekipaž kosmos gurşawynyň we radiasiýanyň adam saglygyna ýetirýän täsiri bilen baglanyşykly 36 ylmy gözleg geçirdi.
Polaris Dawn Aýzekman tarapyndan maliýeleşdirilýän Polaris maksatnamasynyň meýilleşdirilen üç missiýasynyň ilkinjisidir.
Tmcars