Karaleva_
11.09.2024 19:26
Hindistanly Dipu Wi Eýleriň sanynyň (e harpy bilen aňladylýar) 14 000 belgisini ýatda saklamak bilen, Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi. Öňki rekord 10122 san bolupdy.

E san, Pi san ýaly, irrasional we tükeniksizdir, onuň sanlarynyň yzygiderliligi bolsa hiç haçan gaýtalanmaýar.
Rekord goýmazdan ozal, Dipu Wiýiň gizlin diňleýiş enjamlarynyň bardygy-ýokdugy barlandy, gözleri daňyldy we gapdaldan kömek alyp bilmejekdigine göz ýetirildi.
Düzgün boýunça ýalňyş goýbermek we 15 sekuntdan köp säginmek gadagandy. Eýleriň sanynyň 14 000 belgisini aýtmak üçin hindä bary-ýogy 49 minut gerek boldy.
Rekord eýesiniň çagalykdan bäri sanlary aňsatlyk bilen ýatda saklamak we 5000-den gowrak telefon belgisini ýat beklemek ukybynyň bardygy bellendi. Ol eýýäm bir gezek Piýiň sanynyň 2000 belgisini beýleki bäsdeşlerinden has çalt  aýtmak bilen, rekord goýupdy.
Täze synaga taýynlyk görmek üçin Dipu Wi üýtgeşik tablisa usulyny ulanyp, 14 000 sany hersinde 200 bäş belgili san bolan tablisaly dört sahypa böldi. Günde 250 sany ýat bekledi we hepdede üç gününi materialy berkitmäge sarp etdi. Taýýarlyk görmäge jemi dört aý gerek boldy.

Tmcars
13
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.