Karaleva_
25.06.2024 19:08
Italiýanyň Gerkulanum şäherinde b.e. öňki 79-njy ýylda Wezuwiýanyň atylmasy wagtynda weýran bolan suwa düşülýän kenar myhmanlar üçin açyldy. Dikeldiş işlerinden soň syýahatçylara bu sebitiň iki müň ýyl ozal nähili bolandygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän kenar deslapky durkuna gaýdyp geldi diýip, The Washington Post ýazýar.
Gerkulanumyň arheologiki seýilgähiniň müdiri Françesko Sirano: "Bu ýere gelýänler ötükden aşak düşýärler we iki müň ýyl yza dolanan ýaly, birden deňziň kenarynda peýda bolýarlar" – diýip gürrüň berýär.
Gerkulan, goňşy Pompeýe garanda, o diýen tanymal bolmasa-da, artefaktlara baýdyr. 1980-nji we 1990-njy ýyllarda bu ýerde weýran bolan gämi duralgalarynyň aşagyndan 300-den gowrak adamyň we haýwanlaryň galyndylary tapyldy. Rimiň deňiz serkerdesi uly Plininiň gämilerine garaşyp, adamlar bu ýerde külden we lawadan gizlenmäge synanyşandyr diýip çaklanýar.
Çeşmelerden mälim bolşuna görä, Pliniý adamlary halas etmäge synanyşypdyr, ol gämili Stabiýa (Wezuwiýadan 15 km uzaklykda ýerleşýän şäher) gelip, howsala düşen ýerli ilaty köşeşdirmäge çalşypdyr hem-de ýeliň ugrunyň üýtgemegine we deňziň köşeşmegine garaşypdyr, emma ahyrynda özi kataklizmiň pidasy bolupdyr.
Dikeldiş işleri wagtynda kenara täze çäge getirilip ýazylypdyr, bu bolsa gadymy kenaryň hakyky howasyny döretmäge mümkinçilik beripdir. Indi bu ýere gelýänler Gerkulanumyň ýaşaýjylarynyň bir mahallar ýörän kenaryndaky zolakda gezelenç etmäge mümkinçilik aldylar
Tmcars.
18
38
Karaleva_
24.06.2024 18:27
Kolumbiýa uniwersiteti Amerikanyň iň gymmat ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu ýerde 4 ýyllyk okuwyň bahasy 514 müň dollara barabar.
CNBC-niň maglumatlaryna görä, amerikan uniwersitetlerinde okuwyň bahasy soňky 60 ýylda üç esse ýokarlanyp, ýylda ortaça 17,7 müň dollara ýetdi. Ýöne iň abraýly okuw edaralarynda bahalar has ýokarydyr.
Bakalawr adyny almak bilen dörtýyllyk okuwyň bahasy boýunça ilkinji bäşlige şular girýär:
Kolumbiýa uniwersiteti ($514,4 müň)
Nýu-Ýork uniwersiteti ($497,4 müň)
Jorjtaun uniwersiteti ($472,8 müň)
Garward uniwersiteti ($472 müň)
Kaliforniýa tehnologiýa instituty ($458,3 müň)
Şeýle-de, ilkinji onluga Los-Anjelesdäki Günorta Kaliforniýa uniwersiteti, Çikago uniwersiteti, Jorj Waşington uniwersiteti, Ýel uniwersiteti we Massaçusets tehnologiýa instituty girdi. Bularyň hemmesinde dört ýyllyk okuwyň tölegi 440 müň dollardan geçýär.
Bu mukdar bilim hyzmatlaryny, kampusda ýaşaýşy, iýmiti we beýleki tölegleri öz içine alýar. Şeýle-de bolsa, hakykatda talyplaryň çykdajylary mundan hem ýokarydyr.
Tmcars
15
28
Karaleva_
20.06.2024 17:25
TAPYLMAZ.
Baý gapysy dolup durar bedewden, Garyba münmäne eşek tapylmaz. Bir gyz ya-da oglan ýalñyşsa birden, Gybatdan girmäne deşik tapylmaz.
Bir adam duýdansyz duşup bir derde, Işi düşip barsa pully namarda, Namart arsyz bolar "Gel diýip erte", Kömek soramana işik tapylmaz.
Uzadan ýerine ýetmese eliñ, Sylamazlar seni şony berk biliñ, Asmandan gelmese ozal rysgalyñ, Yerde alçy gopjak aşyk tapylmaz.
Hemmänin başynda bardyr bir ölim, Syla, söý, hormatla ynjytma göwün, Iñ soñky pursatda sogrulsa demiñ, Ak biýzden başga hiç eşik tapylmaz.
ÖWEZ KERTIKOW. D_G
25
52