Karaleva_
25.06.2024 19:08
Italiýanyň Gerkulanum şäherinde b.e. öňki 79-njy ýylda Wezuwiýanyň atylmasy wagtynda weýran bolan suwa düşülýän kenar myhmanlar üçin açyldy. Dikeldiş işlerinden soň syýahatçylara bu sebitiň iki müň ýyl ozal nähili bolandygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän kenar deslapky durkuna gaýdyp geldi diýip, The Washington Post ýazýar.

Gerkulanumyň arheologiki seýilgähiniň müdiri Françesko Sirano: "Bu ýere gelýänler ötükden aşak düşýärler we iki müň ýyl yza dolanan ýaly, birden deňziň  kenarynda peýda bolýarlar" – diýip gürrüň berýär.
Gerkulan, goňşy Pompeýe garanda, o diýen tanymal bolmasa-da, artefaktlara baýdyr. 1980-nji we 1990-njy ýyllarda bu ýerde weýran bolan gämi duralgalarynyň aşagyndan 300-den gowrak adamyň we haýwanlaryň galyndylary tapyldy. Rimiň deňiz serkerdesi uly Plininiň gämilerine garaşyp, adamlar bu ýerde külden we lawadan gizlenmäge synanyşandyr diýip çaklanýar.
Çeşmelerden mälim bolşuna görä, Pliniý adamlary halas etmäge synanyşypdyr, ol gämili Stabiýa (Wezuwiýadan 15 km uzaklykda ýerleşýän şäher) gelip, howsala düşen ýerli ilaty köşeşdirmäge çalşypdyr hem-de ýeliň ugrunyň üýtgemegine we deňziň köşeşmegine garaşypdyr, emma ahyrynda özi kataklizmiň pidasy bolupdyr.
Dikeldiş işleri wagtynda kenara täze çäge getirilip ýazylypdyr, bu bolsa gadymy kenaryň hakyky howasyny döretmäge mümkinçilik beripdir. Indi bu ýere gelýänler Gerkulanumyň ýaşaýjylarynyň bir mahallar ýörän kenaryndaky zolakda gezelenç etmäge mümkinçilik aldylar
Tmcars.
18
38
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.