Karaleva_
25.06.2024 09:56
Pixar studiýasynyň “Tapmaça-2” («Головоломка-2») multfilmi üstünligini artdyrmagyny dowam etdirýär. Ol prokatyň ikinji uik-endinde ABŞ-da 100 mln dollar ýygnap, 2024-nji ýylyň iň girdejili filmi boldy. Dünýädäki umumy girdeji ýygymy 724 mln dollara ýetdi diýip, Variety habar berýär.

Ikinji dynç günleri petekleriň satuwy birinji dynç günleri bilen deňeşdirilende bary-ýogy 35% pese gaçdy – bu taryhda multfilm üçin iň gowy netijedir. Şeýlelikde, “Tapmaçanyň” dowamy döredijilere ikinji uik-endde asyl bölümiň birinji uik-endde gazanyndan (90 mln dollar) has köp girdeji getirdi.
Demirgazyk Amerikada “Tapmaça-2” 355 mln dollar ýygnady. Multfilmiň üstünligi netijesinde ýylyň başyndan bäri kinoteatrlaryň ýetmezçiligi 23,8%-den 21%-e çenli azaldy.
“Tapmaça-2” ABŞ-da 282 mln dollar we dünýäde 711 mln dollar ýygnan “Dýuna: ikinji bölümden” öňe geçdi. Indiki uly relizler: - “Ümsüm ýer: Birinji gün” («Тихое место: День первый», 28-nji iýun), “Ýigrenji men 4” («Гадкий я 4», 3-nji iýul) we “Dedpul we Rosomoha” (26-njy iýul).
“Tapmaçanyň” ikinji bölümi baş gahrymanlar – duýgularyň Raýli atly gyzjagaza ýetginjeklik döwründe nähili kömek etmäge synanyşýandyklary barada gürrüň berýär. Pixar “Tapmaçanyň” esasynda serial-spin-offy hem taýýarlaýar, onuň relizi 2025-nji ýylda Disney+-da bolar.
Tmcars
14
23
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.