Karaleva_
24.06.2024 18:27
Kolumbiýa uniwersiteti Amerikanyň iň gymmat ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu ýerde 4 ýyllyk okuwyň bahasy 514 müň dollara barabar.

CNBC-niň maglumatlaryna görä, amerikan uniwersitetlerinde okuwyň bahasy soňky 60 ýylda üç esse ýokarlanyp, ýylda ortaça 17,7 müň dollara ýetdi. Ýöne iň abraýly okuw edaralarynda bahalar has ýokarydyr.
Bakalawr adyny almak bilen dörtýyllyk okuwyň bahasy boýunça ilkinji bäşlige şular girýär:

Kolumbiýa uniwersiteti ($514,4 müň)

Nýu-Ýork uniwersiteti ($497,4 müň)

Jorjtaun uniwersiteti ($472,8 müň)

Garward uniwersiteti ($472 müň)

Kaliforniýa tehnologiýa instituty ($458,3 müň)

Şeýle-de, ilkinji onluga Los-Anjelesdäki Günorta Kaliforniýa uniwersiteti, Çikago uniwersiteti, Jorj Waşington uniwersiteti, Ýel uniwersiteti we Massaçusets tehnologiýa instituty girdi. Bularyň hemmesinde dört ýyllyk okuwyň tölegi 440 müň dollardan geçýär.
Bu mukdar bilim hyzmatlaryny, kampusda ýaşaýşy, iýmiti we beýleki tölegleri öz içine alýar. Şeýle-de bolsa, hakykatda talyplaryň çykdajylary mundan hem ýokarydyr.

Tmcars
15
28
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.