Karaleva_
30.07.2024 21:21
Mongoliýada paleontologlar troodontid maşgalasyndan bolan dinozawryň täze görnüşini tapdylar. Onuň, megerem, guşa meňzeş aýratynlyklary bolan kiçijik ýyrtyjy bolmagy ähtimal diýip, mongol professory Rinçengiýn Barsboldyň sözlerine salgylanýan TASS ýazýar.
Dromeozawridler ýaly, troodontidleriň dabanynyň ikinji barmagynda ýyrtyjy dyrnagy bardy. Şeýle-de bolsa, Barsboldyň pikirine görä, bu dyrnak dromeozawridleriňkä garanyňda, troodontidlerde az ösendir.
Barsbold tapylan görnüşiň diýseň parahat we ownuk ýyrtyjydygyny öňe sürýär.
“Onuň ukypsyz aýagynyň näme peýdasynyň bardygyny aýtmak kyn. Her niçigem bolsa, troodontid özüni haýbatly we gowy ýaraglanan dromeozawrid hökmünde görkezip bilmezdi "-diýip, alym gürrüň berýär.
Mongoliýada tapylan troodontid galyndylary doly däl, bu olaryň dinozawryň ewolýusiýasyndaky ornuny kesgitlemegi kynlaşdyrýar. Alymlar troodontidleriň guşlaryň ata-babasy hasaplanýan dromeozawridler bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çaklaýarlar.
tmcars
13
25
Karaleva_
26.07.2024 19:21
Hytaýly barlagçylar Aý topragynyň nusgalarynda 41%-i suwdan ybarat özboluşly kristal tapdylar. Gürrüň 2020-nji ýylda “Çane-5” zondy arkaly Ýere getirilen nusgalar hakda barýar. “Hi-tech Mail.ru” ýazýar. 2024-nji ýylda Aýyň arka tarapyndan “Çane 6” missiýasy tarapyndan alnan täze nusgalar entek öwrenmek üçin elýeterli däl diýip, Hi-tech Mail.ru ýazýar.
50 ýyl ozal Aý topragynyň amerikan we sowet nusgalary getirilenden soň, alymlar “gurak Aý” düşünjesini kabul etdiler - emeli hemrada suw bar hem bolsa, gaty az diýen karara geldiler. Emma soňky barlaglar we täze tehnologiýalar diňe polýar kraterlerinde buz görnüşinde däl-de, eýsem üstki gatlaga golaý ýerde kislorodyň we wodorodyň bardygynyň subutnamalaryny ýüze çykardy. Ilkibaşda bu açyş hindi “Çandraýan-1” orbital stansiýasy tarapyndan edildi, şondan soň oňa NASA-nyň gurallary hem goşuldy, häzir bolsa munuň şeýledigini Hytaýyň “Çane-5” barlagy tassyklady.
2020-nji ýylda Aýyň görünýän tarapyndan Ýere getirilen topragyň nusgalary häzirki wagtda ünsli öwrenilýär. Pekiniň milli fizika barlaghanasynyň we beýleki barlag edaralarynyň wekilleri hut şolaryň düzüminden özboluşly bir daş tapdylar. Alymlaryň aýdyşy ýaly, "Näbelli mineral" ýa-da ULM-1 planetamyzyň emeli hemrasyndan tapylan kristal görnüşindäki suwuň ilkinji tassyklanan mysalydyr.
Gyzykly tarapy, hytaý zondy topragyň nusgalaryny sowet we amerikan enjamlaryndan tapawutly bir giňişlikden - has ýokary giňişlikden alypdyr. Şeýlelikde, täze nusgalarda suwuň bardygyny we köne nusgalarda onuň bolman hem biljekdigini şonuň bilen düşündirip bolar.
Tapyndy çuňňur ylmy ähmiýete eýe, sebäbi geljekki kosmos missiýalarynda Aýyň ewolýusiýasyny we baýlyklaryny öwrenmekde ol täze mümkinçilikleri açýar.
tmcars
13
22
Karaleva_
26.07.2024 14:40
Ýaponiýada iň uly AEON dükanlar ulgamy öz işgärleriniň ýylgyrşyna we sypaýylygyna baha bermek üçin emeli aň ulgamyndan peýdalanyp başlady. Kassalardaky kameralara oturdylan Mr Smile neýroulgamy satyjynyň özüni alyp barşyna gözegçilik edip, 450-den gowrak ölçegi, şol sanda ýüz-gözüň hereketini, sesiň gatylygyny we pesligini seljerýär diýip, South China Morning Post habar berýär.
Tehnologiýanyň maksady müşderilere hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat. Şeýle-de bolsa, onuň ornaşdyrylmagy ýiti tankytlara sezewar boldy. Mr Smile işe girizilenden bäri üç hepdäniň içinde 240 dükanda hyzmatyň hili 1,6 esse ýokarlandy diýen ýaly. Ýöne çyn ýürekden sypaýyçylygyň deregine, işgärler dükanyň reýtingini peseltmezlik üçin ýönekeý ýylgyryp başladylar.
Bilermenler tehnologiýany zorluk bilen deňeşdirip, onuň işgärleri ýalan duýgulary görkezmäge mejbur edýändigini we munuň hem stresse we gaharlanma getirip biljekdigini aýdýarlar.
“Ýylgyryş önüm däl-de, çyn ýürekden bolmaly” – diýip, bilermenleriň biri belleýär.
UA Zensen kärdeşler arkalaşygynyň pikir soraşmasyna görä, 30 000 sorag edilen işgäriň ýarysy işde emosional basyşy başdan geçirýär, müşderileriň negatiw garaýşyna garamazdan, köplenç, ýylgyrmaga mejbur bolýarlar.
AEON heniz Mr Smile tehnologiýasyny ulanmagy dowam etdirjekdigini ýa-da ýokdugyny habar bermeýär. Kärdeşler arkalaşygy şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagynyň öňem dartgynly şertlerde işlemäge mejbur bolýan az zähmet hakly işgärlere basyşy hasam güýçlendirip bilmeginden howatyrlanýar.
Tmcarss
11
28