Karaleva_
26.07.2024 14:40
Ýaponiýada iň uly AEON dükanlar ulgamy öz işgärleriniň ýylgyrşyna we sypaýylygyna baha bermek üçin emeli aň ulgamyndan peýdalanyp başlady. Kassalardaky kameralara oturdylan Mr Smile neýroulgamy satyjynyň özüni alyp barşyna gözegçilik edip, 450-den gowrak ölçegi, şol sanda ýüz-gözüň hereketini, sesiň gatylygyny we pesligini seljerýär diýip, South China Morning Post habar berýär.

Tehnologiýanyň maksady müşderilere hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat. Şeýle-de bolsa, onuň ornaşdyrylmagy ýiti tankytlara sezewar boldy. Mr Smile işe girizilenden bäri üç hepdäniň içinde 240 dükanda hyzmatyň hili 1,6 esse ýokarlandy diýen ýaly. Ýöne çyn ýürekden sypaýyçylygyň deregine, işgärler dükanyň reýtingini peseltmezlik üçin ýönekeý ýylgyryp başladylar.
Bilermenler tehnologiýany zorluk bilen deňeşdirip, onuň işgärleri ýalan duýgulary görkezmäge mejbur edýändigini we munuň hem stresse we gaharlanma getirip biljekdigini aýdýarlar.

“Ýylgyryş önüm däl-de, çyn ýürekden bolmaly” – diýip, bilermenleriň biri belleýär.

UA Zensen kärdeşler arkalaşygynyň pikir soraşmasyna görä, 30 000 sorag edilen işgäriň ýarysy işde emosional basyşy başdan geçirýär, müşderileriň negatiw garaýşyna garamazdan, köplenç, ýylgyrmaga mejbur bolýarlar.
AEON heniz Mr Smile tehnologiýasyny ulanmagy dowam etdirjekdigini ýa-da ýokdugyny habar bermeýär. Kärdeşler arkalaşygy şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagynyň öňem dartgynly şertlerde işlemäge mejbur bolýan az zähmet hakly işgärlere basyşy hasam güýçlendirip bilmeginden howatyrlanýar.

Tmcarss
11
28
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.