Karaleva_
02.08.2024 00:06
Samsung Electronics amerikan konditer brendi The Hershey Company bilen hyzmatdaşlykda özboluşly Samsung Friends aksessuarlar kolleksiýasynyň çykarylandygyny habar berdi.

12 aksessuardan ybarat bolan kolleksiýa Hershey’s konditer önümleriniň gaplama şekilleri bilen bezelen. Bu aksessuarlar Samsung-yň Galaxy smartfonlarynyň soňky modelleri – Galaxy Z Fold6 we Z Flip6, şeýle-de Galaxy Buds3 we Galaxy Watch7 bilen gabat gelýär.
Kolleksiýa Koreýada tanyşdyrylandan soň, Ýaponiýada, Indoneziýada, Filippinlerde we ABŞ-da satuwa çykarylar.
Hershey’s-den başga-da, geljekde Samsung Friends kolleksiýasyna Sticky Monster Lab, Smiley, Keith Haring, Disney, Minions и Pokémon ýaly 17 sany meşhur brendiň dizaýnlary bilen bezelen aksessuarlar goşular.
Täze kolleksiýa täze Galaxy Z Fold6 we Z Flip6 smartfonlary satuwa çykandan soň elýeterli bolar.

Tmcars
10
7
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.