Karaleva_
30.07.2024 21:21
Mongoliýada paleontologlar troodontid maşgalasyndan bolan dinozawryň täze görnüşini tapdylar. Onuň, megerem, guşa meňzeş aýratynlyklary bolan kiçijik ýyrtyjy bolmagy ähtimal diýip, mongol professory Rinçengiýn Barsboldyň sözlerine salgylanýan TASS ýazýar.

Dromeozawridler ýaly, troodontidleriň dabanynyň ikinji barmagynda ýyrtyjy dyrnagy bardy. Şeýle-de bolsa, Barsboldyň pikirine görä, bu dyrnak dromeozawridleriňkä garanyňda, troodontidlerde az ösendir.
Barsbold tapylan görnüşiň diýseň parahat we ownuk ýyrtyjydygyny öňe sürýär.

“Onuň ukypsyz aýagynyň näme peýdasynyň bardygyny aýtmak kyn. Her niçigem bolsa, troodontid özüni haýbatly we gowy ýaraglanan dromeozawrid hökmünde görkezip bilmezdi "-diýip, alym gürrüň berýär.

Mongoliýada tapylan troodontid galyndylary doly däl, bu olaryň dinozawryň ewolýusiýasyndaky ornuny kesgitlemegi kynlaşdyrýar. Alymlar troodontidleriň guşlaryň ata-babasy hasaplanýan dromeozawridler bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çaklaýarlar.

tmcars
13
25
ATOMIC
31 Iýul 2024
🫵👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.