Islam_Atayew
24.08.2024 11:57
Ilki bilen salam, öýmize hoş geldin! Nurdan doly jemalyñ, gözelligiň bilen törimizi aý ýaly bolup bezediň! Şu günden şeýläk ikimiz durmuşyň ajy we süýji purstlaryna şaýatlyk eders, durmuşyñ belentli pesli ýollaryny bile geçers, şol ýollara başlaýan ilkinji günimizde saña sargytlarymy we öwitlerimi aýtmakçy ünsli diñle we berk belle!

Meni dünýä indiren ejeme we hiç kimden kem etmän ekläp saklan kakama hiç wagt hormat- sylagñy gaçyrma, olaryň saña öz çagasy ýaly garajagyna men berk ynanýaryn. Olar garrady, nahar iýenlerinde garrylyk duýgularyna erk edip bilmän naharny dökse, gaşyñy çytma, igenme, ýadyñdan çykarma garrylyk hemmänin başynda bardyr.

Gybat-gepden daşda bol, seniñ adyña şikes ýetirjek ilkinji duşmanyň biri gybatdyr. Eger-de aramyzda islendik ulyly-kiçili düşinişmezlik bolaýsa (bolmawersin) ony öýñizdäkilere (ýagny ejeñe) aýtmakçy bolup gyssanma, sen geçirimli bol! Sabyrly bol! Erkeklerde näme göwin bar, bir ýylgyrsañ gahary ýatyşar. Sada we pespäl bol, bu saña gaty gowy gelişýär! Ötiniç soramagy kiçilik bilme! Hiç wagt ýalan sözleme, ýalanyň bar ýerinde diñe betbagtlyk bardyr. Bardy geldi ýalan sözläýseñem ony giç bolmaka boýnuña almakdan gorkma!

Öýe myhman gelse baryñdan saçak ýazyp hyzmat et! Olara sypaýy we mähirli bol, çünki gelen myhman bereketi bilen geler. Köpçilikde uly ses edip gülme we gaty ses bilen gygyrma! Bu ikisi zenan edebini ýere bulaýan ilkinji alamatlar. Birden öziň myhman bolaýsan, hemişe göziň dok bolsun. Baran ýeriñ edep-terbiýäñe haýran galsyn. Ýöne çagyrylmadyk ýeriñe hiç wagt barmagyn. Atañ öýiñe belli bir sebäp bolmasa kän barma, yzygiderli baryp durmak gowlugyň alamaty däl. Säher bilen tur, irden asmandan bereket ýagar. Arassaçyl bol, öýiñ içini, daşyny we geýimleriñ päkize bolup durmagyny gazan, bulary öziñe endik et!

Wepaly bol, biri birimize bolan söýgi gün günden güýjesin! Bardy geldi başyña bir iş düşäýse, aljyrama we gorkma men hemişe señ ýanyñda! Bagtymyz we çagajyklarmyz bilen ene - atalarymyzy guwandyraly!
39
479
Islam_Atayew
24.08.2024 01:19
1).Oglan:
+ Her gije ýadymda sen.
Gyz:
- Diñe gijemi?
+ Her gije
- A gündiz näme?
+ Gündüz men aýak üstünde bolýan. Ýadyma düşeňok

2).Jemala jorasy sms ýazýa:
+ Jemal seň beren kremiñi çaldym şu wagt. Birinji gezek ulanyp görýän. Näçe wagt durmaly ýüzümde bu krem.
- 10minut durmaly. Ýöne sen iki yüzli bolanyň üçin 20 minut duraýsyn.

3).Dälihana täze bellenen baş lukman koridorlarda aýlanyp ýörkä, 30-40 däli nobata durup, bir gapydaky deşikden seredýärler. Munuň nämedigi bilen gyzyklanýan baş lukman deşikden synlamaga synanyşanda, däliler lukmany itekläp:
-Beýtmesene how bizem nobata durs göreñokmy? Bar senem deşikden seredesiň gelse nobata dur,
diýip, lukmany yza zyńdylar. Umytdan düşen lukman nobatyna durup, 20 minut garaşdy, nobaty gelende deşikden seretdi, ýöne hiç zat görüp bilmedi. Bu aralykda, nobatyna garaşýanlar:
-A how süýşsene indi gyra, biziňem işimiz, güýjümiz bar. Saña garaşmana ýagdaý ýok bärde;
diýip, lukmany bir gyra iteklediler. Seredýän zadyndan hiç zada düşünip bilmedik lukman
ýene nobata durdy, 20 minut garaşyp, nobaty
gelende, ýene hiç zat görüp bilmedi.
Arkasyndakylar ony ýene iteklediler we bir gyra zyňdylar. Şondan soň ýaş lukman dälilere:
-Oglanlar, men iki gezek seretsem-de hiç zat görüp bilmedim, näme üçin beýle?
Gapdalyndäki däli:
-Sen iki gezek seredip zat görjek bolýaňmy?
-Biz 10 ýyllap seredip hiç zat görüp bilemzok.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
26
237
Islam_Atayew
23.08.2024 00:19
Üstünlige däl-de, onuň berýän gymmatlyklaryna ymtylyň!

Albert Eýnşteýn.

Iň kyn zat girişmek, galan zatlar bolsa, diñe erjelligiňe bagly.

Ameliýa Erhart.

Durmuş meýilnama düzýän wagtyňyz sizde bolup geçýän zatlardyr.

Jon Lennon.

Üstünligiň 80 göterimi zerur wagtynda zerur ýerinde peýda bolmakdyr.

Wudi Allen.

Sizin wagtyňyz çäkli, başga biriniň durmuşynda ýaşap, wagtyñyzy boş ýere sarp etmäň!

Stiw Jobs.

Ýeñiş hemme zat däl. Ýeñiş hemişe ýeňmäge bolan islegdir.

Wins Lombardi.

Meniň sözlügimde «mümkin däl» diýen söz ýok.

Napoleon Bonapart.

Eger-de siz batyrlyk edip, kenary gözden ýitirmeseñiz, hiç haçan ummany aşyp bilmersiñiz.

Hristofor Kolumb.

Eger-de siz özüňizi bir zada ukyply diýip pikir edýän bolsaňyz, dogry aýdýarsyňyz, eger-de siz özüñizi hiç zadyň alnyndan däl diyip hasap edýän bolsaňyz, dogry aýdýarsyňyz.

Genri Ford.

Durmuşyňyzdaky iň möhüm iki gün: doglan günüñiz we munuň sebäbine düşünen günüñiz.

Mark Twen.

Ähli iş aň-düşünjede. Aň-düşünje hemme zadyň başlangyjydyr. Şonuň üçin añ-düşünjäňizin üstünde işläp, ony kämilleşdiriň!

Lew Tolstoý.

Arzuwlaryňyza tarap ynamly ýöräň! Öz döreden durmuşyňyzda ýaşaň!

Genri Dewid Toro.

Has uly netijä umyt etmekden gowy netijä ynanmak has gowudyr.

Worren Baffet.

Käbir zatlar ünsüñizi çekip biler, ýöne ýüregiñizi özüne çekýän zatlara üns beriň.

Hindi nakyly.

Başarjakdygyňyza bolan ynam eýýäm maksadyňyzyň ýaryna ýetdigiňizdir.

Teodor Ruzwelt.

Her kimiñ öz gözelligi bar, yöne her kim ony görüp bilmeýär.

Konfusiý.

Maksady kesgitlemek ähli üstünlikleriň başlangyç nokadydyr.

Wilýam Klement Stoun.


Zaman.Turkmenistan.
21
85
Islam_Atayew
22.08.2024 23:15
Men söýäýsem ölüp-öçüp söýerin,
Dagynam, daşynam, çäge, gumunam,
Men söýäýsem açyk-açyk söýerin,
Özem hiç goýmaryn söýme keminem.

Ýüregni ýüregme basyp söýerin,
Bagryny bagryma gysyp söýerin,
Illere öýkünmen, ýyldyz goparman,
Söýgümi boýnundan asyp söýerin.

Ola sähra bolsa, menem ýaz bolup,
Çagba guýup, teşne göwnün suwlardym,
Ykbal ursa şagallara meñzemän,
Uwlasamam gurtlar ýaly uwlardym...

Men söýäýsem, 2-ä dirär ähli san,
Birisi Alla bor, biri (Ol) bolar,
Bir ömüre peşgeş beriljek bolsa,
Meniñ üçin ählijesi şol bolar.

Arman ýöne duş edenok täleýim,
Köñlümiñ tupanam gara ýelmikä?,
Bir zat diýip laññyldaýar ýüregim
„Ýa men bagt bilen parallelmikäm?".


© Baýram BEJIDOW
18
44
Islam_Atayew
21.08.2024 14:57
TOWŞANA DOGDUK DEPE.

Her bir göçme manyly jümlänin añyrsynda durmuş hakykaty ýatýar. Bu nakylda hem janly tebigatdan mysal alnan. Haýwanat dünýäsinden belli bolşy ýaly, towşan ýaşaýan mesgenini üýtgetmeýän oturymiy jandar bolup, nirede, haýsy şertde doglan bolsa, ömrüni şol ýerde hem ötürýär. Ýaşulylaryň gürrüň bermegine görä, gezim edip ýören wagtyñ towşan hinine, ol ýerde-de bir towşana gabat gelseň, gidip arkaýyn aw gurallaryñy alyp gelip bilersiñ. Bu janawar awlanjagyny bilise-de, dogduk depesinden daş gitmez. Türkmen halky towşanyň bu häsiýetinden ugur alyp, ýaş nesilde watançylyk ruhuny terbiýeleýär.


...Eşit, adam, dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz.

- Magtymguly Pyragy


Zaman.Turkmenistan.
16
29
Islam_Atayew
21.08.2024 11:26
Ýykylsaň, büdreseň, ýoluň ýitirseň,
Duçar bolsaň minnete ýa salgyma.
Gursagyň çişirip dünýä sygmasaň,
Sygarsyň sen ýürekdeşiň kalbyna.

Gelibergin, parasy ýok, muzdy ýok,
Müň dert bilen dolmaz onuň otagy.
Wagtdan daşardadyr onuň pursady,
Hoş sözüňdir iň bir gymmat petegi.

Ol ýer giňiş welin köplük gerek däl,
Dereksiz saýsalar galanyňda gel.
Abraýyň, ýüregiň, isle mal-dünýäň,
Özüňe ýetmedik talaňynda gel.

Eger çäkleseler ýörejek ýoluň,
Torç ediber dost kalbynyň ýaýlasyn.
Özlügiň ýitirseň taparsyň hökman,
Gel-de seret ýürekdäki aýnasyn.

Derdini dostuna ynanýar ynsan,
Ol çykmasa ýürek gowşap zeňleýär.
Gel, aýt dostum, derdiňi men diňläýin,
Şatlygyňy özgelerem diňleýär.

© Ahmet ARAZOW
16
56
Islam_Atayew
21.08.2024 00:32
Soňky ýyllarda durmuşymyza giñden ornaşan ekranlar - telewizor, kompýuter, planşet, telefon kitap okamak endigimize öz täsirini ýetirýär. Elektron kitaphanalaryň hem-de elektron neşirleriň bardygyna garamazdan, kagyz kitaby okamagyň lezzeti başgaça. Okamak dünýä akyl ýetirmäge, kämilleşmäge we pikirleriñi täzelemäge ýol açýar. Kitap okamagy yzygiderli ýola goýmak kyn endikleriň biri bolsa-da, bilermenler kitap bilen dostlaşmagyň añsat usullaryny salgy berýärler.

Maksat goýmak. Ilki bilen halaýan ýazyjylaryň kitaplarynyň sanawyny düzüp, her ýyl şunça kitap okaryn diýip öz öňüñde maksat goýmaly. Ilki başda kyn ýaly bolup görünse-de, kitaplaryň tagamyny dadyp başlanyňyzdan soň, maksadyñyza çalt ýetersiniz. Hatda sanawdakydan daşgary kitaplary hem okap bilersiñiz. Okamaly kitaplaryňyzyň sanawyny hepdelik ýa-da bir aýlyk düzseñiz ýadamarsyňyz. Mundan başga-da, her gün 20 minut okamak, her hepde 50 sahypa okamak, her aý 2 roman okamak ýaly meýilnamalary hem goşup bilersiñiz.

Wagt aýyrmak. Okamak endigini ýola goýmak üçin her gün ofis we öý işinden daşary kitap okamak üçin wagt aýyrmaly. Muny möhüm iş ýa-da zerurlyk hökmünde kabul etmeli.Gysga eserler bilen başlamak. Ilkibaşda kiçirāk hekaýadyr powestler ýygyndylaryny okamak kitap okamaga bolan höwesi artdyryp, özüňe bolan ynamy güýçlendirýär. Indi ýaltalyk, uklap galmak, ünsüň başga zatlara sowulmak ýaly ýagdaýlar aradan aýrylyp, kitaba başgaça göz bilen seredilip başlanýar. Netijede bolsa, uly göwrümli eserlere bolan isleg döreýär.

Sesli okamak. Kitaby gaty sesli okamak dymmakdan has gowy netije berýär. Agşam naharyndan soň otagyňyza geçip, kitaby sesli okasaňyz has gyzykly bolar. Kitaby sesli okanyňyzda eserdäki wakalara has anyk we täsirli göz ýetirersiñiz.

Kitaby ýanyňda götermek. Wagtyñy peýdaly we mazmunly geçirmek esasy zatlaryň biridir. Iş arasynda, uzak ýola gidilende we dynç alyşda boş wagtyň kitap okamak oňaýly netije gazanmaga mümkinçilik berýär.

Gyzykly bolmasa, başga kitap okamak. Käte kitabyň ady, daşky bezegi mazmunyna laýyk gelmän biler. Şeýle-de, käbir awtoryň filosofik pikirlerine we dünýägaraýşyna düşünmän bilersiñiz. Bu ýagdaýlar kitap okamaga bolan höwesi gaçyryp biler. Eger-de okaýan kitabyňyz «içgysgynç» görünýän bolsa, başga kitap bilen çalşyp bilersiñiz. Emma bir kitap sebäpli okamagy taşlamak ýalňyş çözgüt hasaplanýar.

Kitaphana döretmek. Kitap dükanlaryndan ýerli we daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň kitaplaryny satyn alyp, öýde kiçiräk kitaphana döretmek kitap okamagy has-da aňsatlaşdyrýar. Muña ilki kitap tekjesini döretmekden başlap bilersiniz. Öýünde kitaphanasy bolan adamlar köp zatdan habarly, okumyş ynsanlar hasaplanýar. Megerem, şeýle adamlaryň biri bolmak, şahsy kitaphanaňda oturyp kitap okamak hemmeler üçin ýakymly bolsa gerek.

Zaman.Turkmenistan.
17
63
Islam_Atayew
20.08.2024 15:24
Ýollar özge ýola sepleşip barýar,
Bu ýollaň soňunda mekanyň barmy?
Nazaryň didämden çetleşip barýar,
Bu ýollaň soňunda mekanyň barmy?

Gözleriň öçüksi, sözleriň pynhan,
Dirilik, şum ajal, bu-da men ynha,
Ugrum nirä, bilmen, iň ýakyn ynsan
Bu ýollaň soňunda mekanyň barmy?

Ýollar egrem-egrem ne jyns bar çelgi,
Ýokluk ýamanlykmy, gowluga belgi?
Oýlanyp kän diýýän enşalla, belki,
Bu ýollaň soňunda mekanyň bardyr.

Kalpdan düşe-düşe barýanmy kalba,
Bagtyň ýeke özem berenok dalda,
Kän uzak bolsa-da az diýip alda,
Bu ýollaň soňunda mekanyň bolsa.


© Ahmet ARAZOW
20
53
Islam_Atayew
20.08.2024 12:34
Ýalñyşlyklar we kemçilikler durmuşda adama köp zady öwrenmäge, özüňi kämilleşdirmäge ýardam berýär. Ýalñyşlyklar adamy taplaýar we güýçlendirýär. Ýalňyşlyk goýbermek adamyň ejizlemegi ýa-da kemçiligi bolman, onuñ täze zatlary öwrenmeginiň we kämil şahsyýet bolup ýetişmeginiň açarydyr. Megerem, durmuşda ýalñyşlyk goýbermedik ynsan yok bolsa gerek. Geliň, durmuşda goýberilýän käbir säwliklere göz aýlalyň!

ÖZÜÑI TANAMAZLYK.

Ýalňyşlyklaryň köpüsi köplenç özüňi tanamazlykdan goýberilýär. Kimdir biriniñ göwnüne degilýär, äsgermezçilik edilýär. Özüňi üýtgeşik hasaplap, berilýän öwüt-ündewler diñlenilmeýär. Käte ýeke galyp, özüň barada pikir ýöretmeli. Öz başarýan we başarmaýan zatlaryňy saýgarmaly. Kim bilen nähili özüňi alyp barýandygyň barada pikirlenmeli. "Özüni tanan weli" diýlişi ýaly, özüňi tanamak özgelere hormat goýmaga, özüňi kämilleşdirmäge we bagtly durmuşa ýetmäge mümkinçilik berýär.

BAŞGALARA DÜŞINMEZLIK.

Daş-töweregiňdäkiler barada ýalňyş pikir etmek, ýagny olara düşünmezlik goýberilýän ýalňyşlyklaryň ýene biridir. Ýakynlaryňa, dostlaryňa, bile işleýän kärdeşleriñe düşünjek bolmaly. Olaryň hal-ýagdaýyny soramaly, olar bilen gowy gatnaşykda bolmaly. Iş ýüzünde ýa-da şahsy bähbitler üçin töweregiňdäkileriň ýagdaýyna düşünmän, göwnüne degmeli däl. Islendik zadyň sebäbiniň bolşy ýaly, ilki wakanyň ýa-da ýüze çykan ýagdaýyň anygyna ýetmeli. Başgalara düşünmek we olaryň hal-ýagdaýyny soramak adamlary ysnyşdyrýar, birek-birege bolan hormaty artdyrýar.

KÖPÇILIGE GOŞULMAZLYK.

Köpçülikden özüňi uzakda tutmak halanylmaýan häsiýetleriň biri bolup, adam ýeke galyp köp zady ýitirýär. Esasan hem, şol bilýän zatlaryň bilen ýaşamak adamyň köp ýalňyşlyk goýbermegine sebäp bolýar. Köpçülige goşulmak, olardan täze zatlary we edim-gylymlary öwrenmek, köpçüligiň terbiýesini almak ýalňyşlyklary düzetmegiň hem-de kämilleşmegiň in gowy usulydyr.

DUÝGYLARA AŞA BIL BAGLAMAK.

Köpler hyýaly dünÿäde arzuwlary bilen ýaşamagy gowy görýär. Hyýalyndaky zatlara garaşýar, şolary ýerine ýetirip görjek bolýar. Duýgulara aşa bil baglamak köplenç yzyna gaýtaryp bolmajak ýalňyşlyklara sebäp bolýar. Duýguçyl bolmak adamyň saglygyna hem täsirini ýetirýär. Şol sebäpli duýgulary hakykat bilen baglanyşdyrmaga endik etmeli.

MAŞGALA GURMAKDAN SAKLANMAK.

Bilermenleriň bellemegine görä, ýaşlaryň aglaba bölegi nikalaşmakdan gorkýar. Bu ýerliksiz gorky ýekelige öwrenişmek bilen bagly bolup, "kimdir birine baglanýarsyň, erkinligiň eliñden gidýär" diýen ýalňyş düşünjeleriň döremegine sebäp bolýar. Maşgala gurmak adamy geljege ruhlandyrýar. Maşgala adamyň öýi we ojagy bolup, bu mukaddesligi berjaý etmek her bir ynsanyň borjy hasaplanýar.

SÖÝGINIÑ NÄMEDIGNI ÝATDAN ÇYKARMAK.

Söýmeýän adamlar durmuşda köp ýalňyşlyk göýberýär. Söýgi ata Watandan, ene toprakdan başlap, özüñden bolan zürýatlaryňa çenli dowam edýär. Ýagny Watana söýgi, ata-eneňe söýgi, durmuşa söýgi, ýakynlaryňa söýgi... Adam durmuşa söýgi bilen seredende özüni has bagtly duýýar. İşleri rowaçlanyp, täze üstünliklere ýetýär.

Üstinlik hemrañyz bolsun!


Psihologiýa.
24
149
Islam_Atayew
20.08.2024 00:07
Dabanymdan ot çykýarmy?
Bilemok.
Ýöne bilýän,
ýaşym - ýaşlygyň ýaşy.
Aglanyñ ýanynda teýsiz gülemok,
Güleniň ýanynda çytamok gaşy.

Görünýäñ diýýärler ýaşyñdan uly,
Mümkin jany bardyr aýdylýan sözüñ.
Ýaşlygyñ gadyryn bilmän ýören däl,
Owadan dünýäme aşykdyr gözüm.

Ýaşlygy
bulgura guýup içemok,
Sowuk posalara çalyşman hergiz.
Ýüz gözeliñ berjek nesýe bagtyny,
Nagt bersin ýürekden söýülen bir gyz.

Sallah ýigdiň aýlygy däl ýaşlygym,
Sowup ýörer ýaly gara başyma.
Il-günüñ öñünde bergi-borjum kän,
Şärikler kän ýaşlygyma-ýaşyma.

Ýaşlygyń gürrüñi bolar ötensoñ,
Ýeñişler,
ýeñlişler
uzakdan görler.
Özüme ýetirmän, jigerbentlerim
Ýaşlygymy ata edinip ýörler!


Aşyrguly Baýryýew
21
33