Islam_Atayew
20.08.2024 15:24
Ýollar özge ýola sepleşip barýar,
Bu ýollaň soňunda mekanyň barmy?
Nazaryň didämden çetleşip barýar,
Bu ýollaň soňunda mekanyň barmy?

Gözleriň öçüksi, sözleriň pynhan,
Dirilik, şum ajal, bu-da men ynha,
Ugrum nirä, bilmen, iň ýakyn ynsan
Bu ýollaň soňunda mekanyň barmy?

Ýollar egrem-egrem ne jyns bar çelgi,
Ýokluk ýamanlykmy, gowluga belgi?
Oýlanyp kän diýýän enşalla, belki,
Bu ýollaň soňunda mekanyň bardyr.

Kalpdan düşe-düşe barýanmy kalba,
Bagtyň ýeke özem berenok dalda,
Kän uzak bolsa-da az diýip alda,
Bu ýollaň soňunda mekanyň bolsa.


© Ahmet ARAZOW
20
53
zina
23 Awgust 2024
@sazsoft, iñ gowsy soymezlikmika diyyan
zina
23 Awgust 2024
@sazsoft, basgaca edip soyup bolanoga
sazsoft
23 Awgust 2024
@zina, Men söýsem, hemişe şeýle söýýän
zina
23 Awgust 2024
Walekimsalom yahsi siz yahsimisiz@Imissyou,
zina
23 Awgust 2024
@Imissyou, hemme yerde barsynyzeyyyyy
zina
23 Awgust 2024
@sazsoft, gaty soyupsiniz oydyan
sazsoft
21 Awgust 2024
«Nazaryň didämden çetleşip barýar» 😖😓
okan
20 Awgust 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.