Islam_Atayew
22.08.2024 23:15
Men söýäýsem ölüp-öçüp söýerin,
Dagynam, daşynam, çäge, gumunam,
Men söýäýsem açyk-açyk söýerin,
Özem hiç goýmaryn söýme keminem.

Ýüregni ýüregme basyp söýerin,
Bagryny bagryma gysyp söýerin,
Illere öýkünmen, ýyldyz goparman,
Söýgümi boýnundan asyp söýerin.

Ola sähra bolsa, menem ýaz bolup,
Çagba guýup, teşne göwnün suwlardym,
Ykbal ursa şagallara meñzemän,
Uwlasamam gurtlar ýaly uwlardym...

Men söýäýsem, 2-ä dirär ähli san,
Birisi Alla bor, biri (Ol) bolar,
Bir ömüre peşgeş beriljek bolsa,
Meniñ üçin ählijesi şol bolar.

Arman ýöne duş edenok täleýim,
Köñlümiñ tupanam gara ýelmikä?,
Bir zat diýip laññyldaýar ýüregim
„Ýa men bagt bilen parallelmikäm?".


© Baýram BEJIDOW
18
44
zina
23 Awgust 2024
Bähhh
sazsoft
22 Awgust 2024
«Arman, ýöne duş edenok täleýim,
Köňlümiň tupanam gara ýelmikä?!
Bir zat diýip laňňyldaýar ýüregim,
"Ýa men bagt bilen parallelmikäm?"» 😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.