Ilki bilen salam, öýmize hoş geldin! Nurdan doly jemalyñ, gözelligiň bilen törimizi aý ýaly bolup bezediň! Şu günden şeýläk ikimiz durmuşyň ajy we süýji purstlaryna şaýatlyk eders, durmuşyñ belentli pesli ýollaryny bile geçers, şol ýollara başlaýan ilkinji günimizde saña sargytlarymy we öwitlerimi aýtmakçy ünsli diñle we berk belle!
Meni dünýä indiren ejeme we hiç kimden kem etmän ekläp saklan kakama hiç wagt hormat- sylagñy gaçyrma, olaryň saña öz çagasy ýaly garajagyna men berk ynanýaryn. Olar garrady, nahar iýenlerinde garrylyk duýgularyna erk edip bilmän naharny dökse, gaşyñy çytma, igenme, ýadyñdan çykarma garrylyk hemmänin başynda bardyr.
Gybat-gepden daşda bol, seniñ adyña şikes ýetirjek ilkinji duşmanyň biri gybatdyr. Eger-de aramyzda islendik ulyly-kiçili düşinişmezlik bolaýsa (bolmawersin) ony öýñizdäkilere (ýagny ejeñe) aýtmakçy bolup gyssanma, sen geçirimli bol! Sabyrly bol! Erkeklerde näme göwin bar, bir ýylgyrsañ gahary ýatyşar. Sada we pespäl bol, bu saña gaty gowy gelişýär! Ötiniç soramagy kiçilik bilme! Hiç wagt ýalan sözleme, ýalanyň bar ýerinde diñe betbagtlyk bardyr. Bardy geldi ýalan sözläýseñem ony giç bolmaka boýnuña almakdan gorkma!
Öýe myhman gelse baryñdan saçak ýazyp hyzmat et! Olara sypaýy we mähirli bol, çünki gelen myhman bereketi bilen geler. Köpçilikde uly ses edip gülme we gaty ses bilen gygyrma! Bu ikisi zenan edebini ýere bulaýan ilkinji alamatlar. Birden öziň myhman bolaýsan, hemişe göziň dok bolsun. Baran ýeriñ edep-terbiýäñe haýran galsyn. Ýöne çagyrylmadyk ýeriñe hiç wagt barmagyn. Atañ öýiñe belli bir sebäp bolmasa kän barma, yzygiderli baryp durmak gowlugyň alamaty däl. Säher bilen tur, irden asmandan bereket ýagar. Arassaçyl bol, öýiñ içini, daşyny we geýimleriñ päkize bolup durmagyny gazan, bulary öziñe endik et!
Wepaly bol, biri birimize bolan söýgi gün günden güýjesin! Bardy geldi başyña bir iş düşäýse, aljyrama we gorkma men hemişe señ ýanyñda! Bagtymyz we çagajyklarmyz bilen ene - atalarymyzy guwandyraly!