Islam_Atayew
16.01.2024 01:50
1950-nji we 1960-njy ýyllarda Gyzylgumda we Garagumda ekspedisiýa giden geologlar tikenli ösümligiň çybygyny kesdiler we süýtli suwuklygy çüýşelere ýygnadylar. Soňra çüýşäni gaýnatdylar we ol peýda boldy.
Sorag: ol näme?

Suwyñ pese tarap akýanyny hemmäñiz bilýänsiñiz, tebigatda nämede görse bolýar, suwuñ aşakdan ýokary akyşyny?


1912-nji ýylda çykan bir gazetde, Omar Haýýamyñ kitaplarynyñ ykbaly hakynda ýazylýar.1912-nji ýylda Omar Haýýamyñ kitabyna näme bolupdyr?


Bir Türk edebiýatçysy şeýle diýýär:
Biz Dostoýewskiniň muşdagy, Ruslar bolsa onuň muşdagy.
Sorag: Ruslar kimiñ muşdagy?


Germaniýada doglup, ömriniñ köp bölegini ol ýerde geçirip, birnäçe üstinliklere ýetendigne (mysal üçin Nobel baýragy) garamazdan meşhur şahsyýet, ABŞ-na göçýär we ömriniñ galan bölegini ol ýerde geçirýär.
Sorag: Meşhur şahsyýet kim?

#pikirlen
45
586
Islam_Atayew
15.01.2024 01:47
Suratkeş gyza ýüzlenme.

Eger meni çekjek bolsañ,
Ýüregimi lowlap, duran et.
Jübimde bir it çekip ber,
Özinem ulap, duran et.

Saçama gerekdir welin,
Kellämde pikirler bolsun.
Elimde ýönekeý galam,
Dilimde şükirler bolsun.

Geçen ýolum bilner ýaly
Köwişimi çekiber köne.
Eşigimi çekeñde welin
Gaty ünsli bolgun ýöne!

Ýañakdan syrygyp köp däl,
2 damja ýere aksyn.
Gözlerimde umman bolsun,
Özem olar saña baksyn!

Durubersin çapyklarym,
Bolubersin ýygyrt, gasyn.
Sünnälemek hökmanam däl
Çekseñ bolýa maña basym.

Artykmaç hiç zat bolmasyn
Baram bolsa ýok edeber.
Bir haýyşym suratkeş Gyz!
Alnymy bir ak edeber.

"Ýaman ykbal" kinofiliminden...
47
176
Islam_Atayew
14.01.2024 01:33
24 sagat. Ýer ýüzinde bir günde nämeler bolup geçýär?

Biziñ ýaşaýan dünýämizde 24 sagadyñ dowamynda ulyly-kiçili täsin wakalardyr hadysalar bolup geçýär. Biz köplenç bu wagty bolaýmaly ýaly, ähmiýetsiz hasaplaýarys, ýöne käbir jandarlar üçin Ýer ýüziniñ bir güni bütin ömürdir.

Ýer ýüzinde bir günde nämeler bolýar?

7 ýertitreme, 18 müñ tüweleý, 8,6 million ýyldyrym.

Takmynan 18 million adam doglan günini belleýär.

Takmynan 365 müñ adam dünýä inýär.

Her gün bir agaç planetanyñ iki ýaşaýjysy üçin ýeterlik bolan kislorody bölüp çykarýar.

Orta hasap bilen her birimiz günde 15 gezek gülýäs.

Ynsan ýüregi günde 104 müñ gezek urýar.

Ösimlikleriñ, mör-möjekleriñ, guşlaryñ we süýtemdirijileriñ 150-200 görnüşi daş töweregiñ hapalanmagy, ýeriñ zaýalanmagy we daşky gurşawa zeper ýetmegi sebäpli ýok bolýar.

Hytaýly daýhanlar 510 müñ tonna tüwi ýygnaýarlar.

Dünýä ýüzi boýunça 1,700,000 tonna miwe ýygnalýar.

Ortaça her bir adam takmynan 48 müñ sany söz aýtýar.

Bütin dünýädäki towuklar takmynan 190 million ýumurtga berýär.

Dünýädäki adamlar her gün hajathananyñ suwuny 22 milliard gezek basýarlar. Bu suw mukdaryna adamzadyñ ýarysy suwa düşip bilerdi.

142 müñ awtoulag öndirilýär.

Adam her gün 23 müñ gezek dem alýar.

Adamlar bir günde 800 million apelsin, 1 milliard alma, 1,5 milliard sany banan iýýärler.

Adam saçlary 0,35 millimetr ösýär.

Bir günde adamlar esasy şulary satyn alýarlar:
• 570 müñ sany telewizor;
• 3,4 million sany telefon;
• 540 million sany gazet;
• 820 müñ sany golf topjagazy.

Her günde 2753 sany kitap çapdan çykýar.

Ýer togalagymyzda her günde bolup geçýän wakalar örän köp bolsa-da, köplenç olara ähmiýet bermeýäris. Bir günde köp sanly janly-jandarlar dünýä inýär we ölýär, ekinler ösýär we miweler bişýär, köp mukdarda önim öndirilýär. Tebigatyñ ýaşaýşy yzygiderli ösip-ýetişip dowam edip dur, adamzat işleýär, kämilleşýär.

24 sagadyñ içinde milliardlarça jandar üçin ýaşaýyş üpjün edip, ullakan özgerlişikler başdan geçirilýär. Bu zatlaryñ ählisi planetamyzy her pursatda ajaýyp wakalaryñ bolup geçýän ýerine öwirýär.

Üns bereniñiz üçin sagboluñ!

Peýdalanylan çeşmeler: adme.media;zakon.kz
47
157
Islam_Atayew
13.01.2024 01:01
Talyplar barada...(degişme)🧑‍🎓

Student - bu opşitde makaron iýip söýgili gyzyny gymmat kafe äkitýän JENTELMEN.
Student - bu hiç predmetden depder tutman 100 manatlyk sumka göterýän, içinde awtobus üçin, 50 teññe salmak üçin 50 manatlyk gapjyk satyn alýan KRUTOÝ.
Student - bu 6 aýlap konspekt ýazman, sessiýa mahaly bir gijede 6 aýlyk konspekt ýazyp bilýän PROFESSOR.
Student - bu sapakda nauşnikda aýdym diñläp, internetde otyryp hem konspekt ýazyp bilýän SEZAR.
Student - bu gysganç hem bolsa söýgilsiniñ doglan günine gymmat baha sowgat alyp berýän ROMANTIK.
45
510
Islam_Atayew
12.01.2024 00:08
Söýmeýän adamyñ 9 yşaraty:

1) Daşky keşbiñizden kemçilik gözläp, ony size aýtsa, gynansakda söýgiliñiz sizi söýýän däldir. Sizi söýen adam her keşbiñizde söýer.

2) Köpçilik ýerde tankytlaýan bolsa, içinde size garşy söýgi ýokdur.

3) Eger siz bir zat isleseñiz (bolmajak zadam bolsa) söýgüliñiz şol islegi ýerine yetirmek üçin çalajada bolsa çyrpynmasa ondan daşlaşyñ.

4) Başga biri size göz gyzdyrýan bolsa we söýgüliñiz hiç zat bolmadyk ýaly gabanmaýan bolsa ol sizi söýýän däldir.

5) Süýji sözler aýtmagyny azaldýan bolsa, sizden uzaklaşmak isleýändir.

6) Arañyzda dawa bolanda öziniñki ýalñyşam bolsa sizi ýitirmekden gorkup bir ädim ýöremeýän bolsa, söýýän däldir.

7) Bir aladañyz barka ony ýönekeý zat hasaplaýan bolsa söýýän däldir.

8) Dawwa bolanda sylagny ýitirmekden gorkmasa söýýän däldir.

9) Sizi beýlekiler bilen deñeşdirip sizi pese düşirýän bolsa, arañyzda çyn söýgi ýokdur.

Bellik: bu ýagdaýlar iki tarapdada ýüze çykyp biler.


Durdygylyç Ýarjanow.
35
49
Islam_Atayew
11.01.2024 15:23
Durmuş näme, diýen soraga şeýle jogap beripdirler:

1. Dosteýewski: "Jähennem".
2. Sokrates: "Ejir çekilýän ýer".
3. Nietzsche: "Berilen bir güýç".
4. Picasso: "Sungat".
5. Gandhi: "Söweş".
37
92
Islam_Atayew
10.01.2024 00:05
Bolup bilmen

Adam men ýalñyşym bilen söýmeli,
Jennetde päk biten gül bolup bilmen.
"Ýigrenýänler bar" diýip niçüýn köýmeli?
Hemmä ýarar ýaly pul bolup bilmen.

Baýy däl bagtlyny ýüzime syldym,
Başarsam mert bolup gözlere ildim.
Men diñe bir güýje gul bolup indim,
Ynan özgelere gul bolup bilmen.

Ynsan pespäl bolsa ýeñjegi hakdyr,
Kalbymyñ gymmaty çen bilen çakdyr,
Süýem barmagyñy ýokaryk bakdyr.
Ana men diñe ŞOL bolup bilmen!

Kerim Hally
43
69
Islam_Atayew
09.01.2024 00:52
Suratdaky logiki ýalñyşlygy tapyñ!
40
170
Islam_Atayew
17.12.2023 20:49

Bagt näme?


Bagt näme diýip berýäñmi sowal?

Özä maña şeýle eşdildi owaz.

Bagt dälmi bu dünýäde bolmagyñ,

Bagt dälmi gürläp eşdip bilmegiñ!


Bagt ahyr görýän bolsa dideleñ,

Körä şondan özge bagtam idemez.

Bolmasa bolmasyn akja mersedes,

Agsak üçin sagdyn aýaklaram bes.


Soñkudan aýfonyñ bolmasa eger,

Kemsinme ejeñden jañ gelse ýeter.

Bagt däl dört gatly jaýyñ bolmagy,

Bagt barja çatmañ mähre dolmagy.


Diýjek bolýan zadym üýtgeşik zat däl,

Pul bilen tapylýan zatlar bagt däl.

Bagt bar zadyña etmekdir şükir,

Bagty Alla diñe şükirden ýetir.


Awtory: Myrat Adalakow.

47
87
Islam_Atayew
16.12.2023 11:01
Şu günimiñ iñ gowy motivasiyasy.
43
93