Islam_Atayew
15.01.2024 01:47
Suratkeş gyza ýüzlenme.

Eger meni çekjek bolsañ,
Ýüregimi lowlap, duran et.
Jübimde bir it çekip ber,
Özinem ulap, duran et.

Saçama gerekdir welin,
Kellämde pikirler bolsun.
Elimde ýönekeý galam,
Dilimde şükirler bolsun.

Geçen ýolum bilner ýaly
Köwişimi çekiber köne.
Eşigimi çekeñde welin
Gaty ünsli bolgun ýöne!

Ýañakdan syrygyp köp däl,
2 damja ýere aksyn.
Gözlerimde umman bolsun,
Özem olar saña baksyn!

Durubersin çapyklarym,
Bolubersin ýygyrt, gasyn.
Sünnälemek hökmanam däl
Çekseñ bolýa maña basym.

Artykmaç hiç zat bolmasyn
Baram bolsa ýok edeber.
Bir haýyşym suratkeş Gyz!
Alnymy bir ak edeber.

"Ýaman ykbal" kinofiliminden...
47
176
gulshatayewa97
15 Yanwar 2024
Kerim Hallynky dämi goşgy
optimist
15 Yanwar 2024
Sonundaky aydymy das edip aydypdyr
optimist
15 Yanwar 2024
Horjun tv de bar
ATOMIC
15 Yanwar 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
nabat_
15 Yanwar 2024
@geldiyevna, hawa gowy kino eke söýgi barada
nabat_
15 Yanwar 2024
@geldiyevna, Turkmenistan😊
nabat_
15 Yanwar 2024
Aglatdy bu kino gaty gowy manyly eken🥺🥺....
myrataly_
15 Yanwar 2024
Sizem gordunizmi❓
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.