Islam_Atayew
10.01.2024 00:05
Bolup bilmen

Adam men ýalñyşym bilen söýmeli,
Jennetde päk biten gül bolup bilmen.
"Ýigrenýänler bar" diýip niçüýn köýmeli?
Hemmä ýarar ýaly pul bolup bilmen.

Baýy däl bagtlyny ýüzime syldym,
Başarsam mert bolup gözlere ildim.
Men diñe bir güýje gul bolup indim,
Ynan özgelere gul bolup bilmen.

Ynsan pespäl bolsa ýeñjegi hakdyr,
Kalbymyñ gymmaty çen bilen çakdyr,
Süýem barmagyñy ýokaryk bakdyr.
Ana men diñe ŞOL bolup bilmen!

Kerim Hally
43
69
loona_girl
10 Yanwar 2024
@lawyer, 🤦
loona_girl
10 Yanwar 2024
@lawyer, aı tazelik yok mnda sn yöne yat bolluň yitdiňle
loona_girl
10 Yanwar 2024
@lawyer, gowylaý mnm sn naili gowmy bro
loona_girl
10 Yanwar 2024
Hemma salam. Goşgam daş👍
manolya
10 Yanwar 2024
Manyly....!!!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.