Islam_Atayew
14.01.2024 01:33
24 sagat. Ýer ýüzinde bir günde nämeler bolup geçýär?

Biziñ ýaşaýan dünýämizde 24 sagadyñ dowamynda ulyly-kiçili täsin wakalardyr hadysalar bolup geçýär. Biz köplenç bu wagty bolaýmaly ýaly, ähmiýetsiz hasaplaýarys, ýöne käbir jandarlar üçin Ýer ýüziniñ bir güni bütin ömürdir.

Ýer ýüzinde bir günde nämeler bolýar?

7 ýertitreme, 18 müñ tüweleý, 8,6 million ýyldyrym.

Takmynan 18 million adam doglan günini belleýär.

Takmynan 365 müñ adam dünýä inýär.

Her gün bir agaç planetanyñ iki ýaşaýjysy üçin ýeterlik bolan kislorody bölüp çykarýar.

Orta hasap bilen her birimiz günde 15 gezek gülýäs.

Ynsan ýüregi günde 104 müñ gezek urýar.

Ösimlikleriñ, mör-möjekleriñ, guşlaryñ we süýtemdirijileriñ 150-200 görnüşi daş töweregiñ hapalanmagy, ýeriñ zaýalanmagy we daşky gurşawa zeper ýetmegi sebäpli ýok bolýar.

Hytaýly daýhanlar 510 müñ tonna tüwi ýygnaýarlar.

Dünýä ýüzi boýunça 1,700,000 tonna miwe ýygnalýar.

Ortaça her bir adam takmynan 48 müñ sany söz aýtýar.

Bütin dünýädäki towuklar takmynan 190 million ýumurtga berýär.

Dünýädäki adamlar her gün hajathananyñ suwuny 22 milliard gezek basýarlar. Bu suw mukdaryna adamzadyñ ýarysy suwa düşip bilerdi.

142 müñ awtoulag öndirilýär.

Adam her gün 23 müñ gezek dem alýar.

Adamlar bir günde 800 million apelsin, 1 milliard alma, 1,5 milliard sany banan iýýärler.

Adam saçlary 0,35 millimetr ösýär.

Bir günde adamlar esasy şulary satyn alýarlar:
• 570 müñ sany telewizor;
• 3,4 million sany telefon;
• 540 million sany gazet;
• 820 müñ sany golf topjagazy.

Her günde 2753 sany kitap çapdan çykýar.

Ýer togalagymyzda her günde bolup geçýän wakalar örän köp bolsa-da, köplenç olara ähmiýet bermeýäris. Bir günde köp sanly janly-jandarlar dünýä inýär we ölýär, ekinler ösýär we miweler bişýär, köp mukdarda önim öndirilýär. Tebigatyñ ýaşaýşy yzygiderli ösip-ýetişip dowam edip dur, adamzat işleýär, kämilleşýär.

24 sagadyñ içinde milliardlarça jandar üçin ýaşaýyş üpjün edip, ullakan özgerlişikler başdan geçirilýär. Bu zatlaryñ ählisi planetamyzy her pursatda ajaýyp wakalaryñ bolup geçýän ýerine öwirýär.

Üns bereniñiz üçin sagboluñ!

Peýdalanylan çeşmeler: adme.media;zakon.kz
47
157
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.