Islam_Atayew
05.02.2024 14:24
Demiri demir bilen döwdüler, biri
gyzgyn, biri sowukdy.

Insany ynsan bilen döwdüler,
Biri aç, biri dokdy.
56
172
Islam_Atayew
05.02.2024 08:38
Gazaply gyş günleriniň biridi. Kiçiräk bir
obadan balykçy gämisi deňze tarap ugrady. Şol barmana deňizde harasat turup, güýçli tolkunlar döredi. Bir salymdan garaňky düşdi. Balykçylar bolsa, yzlaryna dolanyp gelmedi. Eneler, çagalar we aýallar gijesi bilen balykçylaryň sag-aman dolanyp
gelmegi úçin dileg etdiler. Olar kenarda
gözýetime garap köp garaşdylar. Üstesine, şol gije bir külbede ýangyn döredi. Erkek göbeklileriň bary deňizde bolansoň, aýallara ody söndürmek başartmady. Ertir irden bolsa, balykçylar sag-aman gaýdyp geldiler. Hemmeler begendi. Emma bir aýalyň welin,
ýüzi salykdy. Sebäbi olaryň ýaşap oturanja külbesi ýanyp kül bolupdy.
Ol deňizden gelen adamsyna:
- Indi biz näme ederis!? Öýümizem ot aldy, bar zadymyz ýandy- diýdi.
Adamsy aýalyna şeýle jogap berdi:
- Men-ä kepbämiziň ýananyna şükür
edýärin! Entegem oduň ýagtysyny göräýdik, ýogsa biz apy-tupanyň içinde kenaryň haýsy tarapdadygyny hem biljek däldik.

Her bir işde haýyr bardyr.

Terjime eden: «MisSy»
40
86
Islam_Atayew
04.02.2024 00:05
Käbir adamlar üçin suratlar ýönekeý (ýa-da manysyz) görinmegi mümkin.



Garşy gelse bütündünýä üstüme,
Dogruçul bolsa-da ýalan töhmet bar.
Başym egip dyza çöksem öñiñde
Aýagyñ astynda baky jennet bar
Müñde kerem käbäm EJEM minnetdar!
44
138
Islam_Atayew
03.02.2024 19:30
Psihiki taýdan peslere okamak gadagan.+20.

1. Öýde makaron bişirjek bolýan.
Gaýnaýança ol jaýa geçip telewizor görjek bolup, gitmänkäm pişgime degişip, "Makaron gaýnasa maňa aýt" diýip kinomy görmäge gitdim. 10 minutdan soň bu pişigim gelip"Maw" diýdi. Baryp makarona seretdim. Gaýnapdyr. Inni bu pişigimden gorkýan.

2. Dostum daşary ýurda okamaga gidipdi. Öýi bolsa boş galdy. Maşgalasy ýok ýaş oglandy. Kämahal öýlerine aýlanyp agşam ýatyp gaýtmagymy haýşt edipdi. Bir gezegem men dostumuň öýüne bardym. Ýeke özüm, hiçkim ýok. Agşam uklajak bolanymda gapy kakyldy. Daşky gapydäl, öýüň içindäki gapy. Men daşky gapyny gulpladym ahyry. Ol tyrkylda üns bermedim. Emma tyrkyldy 2 minutdagy dowam etdi. Gapyny açmadym, golaýlamadym. Men dem almagada gorkup hiçzat etmän gorkup ýatypdyryn. Ertesi oýandym, öýi aýlandym. Hiçkim ýok. Internedi dördüm we "öýüň eýesiniň rugsady bolmasa käbir jynlar öýe girip bilenok" diýen ýazga duşdum.

3. Göz öňüňize getiriň, 8 san. Bu sifri
gapdallygyna ýatyrsak biz "hiç gutarmaýan zadyň" belgisini alars. Köp milletleriň taryhynda "şu belgi bilen döredilen zat hiç gutarmaz" diýilen yryma ynanýarlar.

4. Russiýa döwletiniň käbir duralgalarynda hakykatdanam "Öz ruhumy satýaryn. Million dollar" diýilip ýazylgy we telefon nomerli habarlara duşmak bolýar. Hakykatdan barlanylyp görüleninde hakykatdanam ruhyny satmaga razy adamlaryň barlygy anyklanyldy. Olar näsag we däli däl. Sagdyn adamlar. Köpüsi pul ýetmezçiligi sebäpli, köpüsi bolsa ýakynlaryny meselelerden halas etmek üçin şeýle hereket edýän ekenler.

5. Belkem kän üns berýän dälsiňiz, emma köplenç it-güjükler, pişikler ýa-da
başga jandarlar boş, hiç-zat ýok ýere stena, pataloga seredýärler. Nämçündir öýdýäňiz? Aýtmyşlaryna görä jandaryň gözi we duýgurlygy adamyňky bilen deň däl. Şol sebäpli olar başga zatlary, ruhlary, jynlary ýada üýtgeşik zatlary görýärler we şolara aňkarýarlar. A biz bolsa boş ýere seredýär diýip düşünýäs.

6. Bir gün agşam ukuda ýatyrdym. Ýatan
wagtym üstüme çalaja şemal gelen ýaly
boldy. Men gözlerimi açdym. Emma üstümde, howada maňa degmän
uçýan ýaly ýene men bardym. Bu aýnadäl, bu men. Ýöne men iki sany. Men öz- özümden nämçündir gorkmadym. Geňlik bilen synladym, ol ikinji men, meniň hereketlerimi edip howada uçup durşuna olam meni synlady. Soñra bolsa ýuwaşlyk bilen ol maňa golaýlady içime girdi we gözlerimden ýitdi. Men bu waka düşünmän köp ýerden gyzyklanyp gördüm we adam, bedenini taşlap ruh bolup aýlanyp bilýänini bildim. Şol görenim meniň ruhumdur, ýatan bolsa bedenimdi. Megerem şol sebäplidir öz- özimden gorkmanlygym.

7. Türkmen halkynyň arasynda tire-
taýpalar barada bilýänler az bolsa gerek.
Emma şondada bilýänler bar. Özüm hem tire-taýpadan çala başym çykýar. Şeýlelikde türkmenleriň arasynda "Bürgütler" tiresinden adamlar hem ýaşaýar. Beýle tireden bolan adamlar öz tireleriniň adyny bukup gezýärler ýada aýdanoklar. Sebäbi ol adamlaryň "Gözleri degýär". Howwa howwa, eger olar "Bäh ol maşynyň gowydygyny, bäh bu apparadyň betdigini, bäýbä gowyzat eken" diýen ýaly sözler aýtsalar, onda şol maşyn, şol apparat ýa-da şol aýdanzatlary HÖKMAN döwülýär. Şol
sebäpli 50-nji ýyllarda türkmenler bu tiräni ýigrenipdirler, şol sebäpli "Bürgütler" bukulup gezýäler. Bu erbet gylygy bu tire erbet niýetler üçin hem ulanýalar, emma hemmezadyň tölegi bar. Olaryň edeni soň özlerine 2 esse bolup dolanyp gelýär.

8. Dostlarymyz bilen deňize dynç almaga
gitdik, üç oglan bäş gyz. Agşam sagat 1-e çenli gitarada aýdym, tans, hezillik. Birden soň ýatmaga gitdik. Deňziň gyrasynda. Herkim öz palatkajygynda. Agşam men ukyň arasynda, bir dost oglanyň oýanyp deňize tarap ýöräp başlanyny gördüm, sagada seretdim üç bolupdur. Oň yzyndan ýene bir oglan, soň ýene biri oýanyp ýöremäge başladylar. Üç oglan bolup zombiler ýaly hereket edip ýuwaşlyk bilen deňize ýörediler. Men başga gyzlary hem oýaryp ol oglanlary saklajak bolup gygyrdym, ýok oglanlar şol ýöreýşlerine suwa golaýladylar. Men "Ukuda gezýänleri"
ýatlap, gyzlar bolup, ýöräp barýan
oglanlaryň ellerinden saklap çekmäge
başladyk. Bir joramyz wägirip gorkdy we
gaçdy. Galan dört gyz bolup bu üç oglany saklajak bolýas. Bular güýçli sakladanoklar. Ahyry oglanlary ukudan oýarmak üçin urup başladyk. Olar oýananýaly bolup "oň sesini eşitdiňmi, onuň sesi Hudaýyň sesi ýaly owadan" diýişip bir birlerine aýtdylar. Emma biz, diňe gyzlar hiç-hili ses eşitmedik. Şol wagtyň özünde goşlarymyzy ýygnap biz hemmämiz ol ýerden daşlaşdyk. Hemme gowçuluk. Aýtmyşlaryna görä deňizde "Suwperileri-Pycaлка" ýaşaýarlar
we olar owadan sesleri bilen oglanlary
emrindirip gark edýärmişler. Gyzlara
olaryň sesi täsir edenok eken.

9.Oksfodşir graflygyndaky Uiçwud tokaýlygy, köp ruhlaryň mesgeni hasaplanýar. Ol ruhlaryň arasynda 1560-
njy ýylyň sentýabr aýynyň 8-ne Uiçwud
tokaýlygyma gezelenje çykyp atdan ýykylyp ölen we rowaýata öwrülen Grafiniýa Lesteriň hem ruhy bar diýilip aýdylýar. Bir näçe wagt geçeninden soň şol tokaýlykda Graf öz Grafiniýasyna duşýar we Grafiniýa ärine "Biz 10 günden duşuşars" diýip aýdýar. Graf aýdylan güni ýogalýar we şol tokaýda Grafinýanyň ruhuna duşan adamada şeýle ömür garaşýar diýilip ynanylýar. Ine şu sebäpli hem adamlar eýýäm ýüzlerçe ýyllap şol tokaýyň daşyndan aýlanyp geçýärler.

10. Jynlary, ruhlary ýa-da perişdeleri çagyrmañ. Olar hakykatdan hem gelip bilýärler.

islenen.com
42
207
Islam_Atayew
01.02.2024 14:56
Watan-gulluk borjumy berjay edenimden soň, öýe gelip 1 aý töweregi esli-wagt dynçda gezdim. Gowy-dynç alyp bolanymdan soň, howwa biz oglanlar inni çagadäl, eklenç. gün güzeranyň ugruna çykmaly. Bir ýandan iş-gözläp başladym. Tanyş 9yzlaryň biri plan-ýerde arassa hem daýawrak oglan gözleýändiklerini aýtdy. Tüýs maňa geregi. Bardym salgy berilen ýere. Eddil maňa garaşylyp otyrylanýaly. giper- markeda(magazin) uly goragçy(oxpaHa) bolup işe girip ertesi gün işe başladym. Işde edýän zadymyz ýok, köplenç kameralaryň öñünde oturýas. Ortaça 5 adam işdeşim. Adaty iş günleri. Yöne aňyrsy 1 hepdeden meniň zatloarym, ýagny bokal, çemçe, platensa stol- partam ellenilip başlandy. Yok olar ogurlananok, ýöne goýan iýmitlerim
azalyp, goýan zatlarymy işdeşlerim
ulanýanýardylar. Howwa bu ujypsyzja
zat, ýöne başga tarapdan pikirlenipgörüň günde 6 çemçe püsek, 6 çemçe bal, 6 çemçe çaý we ş.m. zatlar gidip dursa ol zatlar 1 aýda 1 kg 1 kg lkg sykdaýjy 200manat. Özüm onça süýjilikler bilen çaýçyldäldim. Yene sizihö biljekdälweli, biriniň daragynda daranmagy,
platensasyna süpürünmegi, sabynyna ýuwunmagy menä ýigrenýän. Boýun alýan, men garasöýmez. Ahyrynda 1 çigit dönesi hem bolsa iliňzady iliňzady bolýar
ahyry. Soraşman alyp ulanypbolmaza.
Men "Zatlarymy ellemezligi" işdeşlerime
haýşt edipgordüm, ýalbaryögördüm,
dawwa-jeňjel uruş. Aý ahyrynda şol
öñki boluş... Zatlarym ellenýär Bäş aý-
dagy sydap gezip ahyry ýarylyp başlaha bir dynçgüni hüjüme. Işde yeke Özüm.
AL sürüji(cлбителнoe) aptekdan tabletkalar, Owunjak külkeýaly edip gar atym-çaýa, ýapan klubnike balyna,
sahara(püsek-şeker). Guý bokalyň
düýbüne bildirmezýaly "Wiagra'
tabletka. Gyrşa hajathana-kagyza
stiklowod. Ýogsada bu stiklowody
gyşda Suw-turbalar doňmazýaly
turbalaryň daşyna geýdirýärdiler, sary
pagtaýaly izolýasiýa. Endamyňa
degäýsedagy, buuuuuu şeýlebir
allergiýa berýär, hatda hamyň ganap
allergiýadan ýaňa sypyrlar derejä
eltýör. Stulumda bilinmez derejede
iňňeler. Gar suwuk-sabyna(xugKuŭ
Mило) siňek derman. Daraga
bilinmezýaly ak-boýag. Ilki ýuwunup soň platensama guý burç, nämede bolsa
platensamyň Kipitilnigiñ(tefal) simini çakyşdyryp goý, Düşegimiň arasynda
plýus-minusy. reňki gökdi. rezin-ýyan. Iň soňunda "Wah arman gizlin kameram ýok" diýilen gynanç bilenem 2 günlik rugsat alyp işden sykyp gidişim. Onsaň başga işdeşlerimiň hemmesi şol başagaylyklar sebäpli hassalanlarynda ýerlerine işlemekligimi kim haýşt edendir
öýdýäňiz!? Howwa. Başlygym. Şeýdibem
1 hepde diňe işde ýeke özüm galyp,
jezalandyrylyp ýatyp-turuşum.
Işdeşlerim bolanzatlary hiçkime
aýtmadyar, menden ar-hem aljak
bolmadylar. Sebäbi aýtsalar olaryň
Özlerine ýa ogry diýiljek, ýa çmo diýiljek
ýada üstlerinden güldürjekdiler. Bu
edenime guwanamokla weli, ýöne gynananmogam. Ahyrynda zatlaryma
soň ellenmedi.

idealidler.
51
221
Islam_Atayew
31.01.2024 00:00
6 ýaşly bu Hindistanly oglanjyk ýolda
welosipedinde gidip barýarka, ýoldaky jüýjäni görmän oňa şikes ýetirýär. Oglanjyk elindäki 10 rupiýa puly bilen jüýjäni halas etmek üçin hassahana gelýär.


Biz käte, durmuşda "Ol intäk çaga, hiç zada düşinenok!" diýýäs welin, aslynda adamçylygy çagalardan öwrenmeli ýerlerimiz hem bar.
45
104
Islam_Atayew
30.01.2024 00:24
Gün birden ýanmagyny bes etse, Ýerde nämeler bolup geçer?

Eger Gün birden öçse, onda Ýerde
ebedi gije başlanar. Bu Günüň ýanmagy
bes edilenden 8 minut soň bolar, sebäbi
Günüň ýagtylygynyň ýere gelip ýetmegi
üçin şonça wagt gerekdigi mälimdir.
Gün şöhlesi kesilenden soň, Ýeriň
üstüniň temperaturasy çalt peselip
başlar. Birnäçe sagatdan soň,
temperatura nol derejeden aşak düşer.
Bir hepdäniň içinde temperatura -17-ä,
bir ýylda bolsa -100 gradus Selsiýa çenli
düşer. Ýagtylygyň ýoklugy sebäpli,
fotosintez hadysasyny amala aşyryp
bilmeýän ösümlikler ilkinji bolup öler(Adamlar, haýwanlar hem kislorod ýetmezçiligi sebäpli heläk bolup bilerler). Şondan soňra täze şertlere uýgunlaşyp biljek beýleki janly-jandarlaryň köpüsi ýaşamaga başlar. Adamzat, ýerasty desgalarda sowukdan goranyp bilse, diri galyp biler. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaýda-da Ýerdäki ýaşaýyş gaty kyn bolar. Uzak möhletleýin perspektiwada Gün şöhlesinden mahrum bolan Ýer buzly çöle öwrüler.
Ine, Gün birden öçse, Ýer bilen näme boljagy barada has jikme-jik derňew:

Ilkinji minutlar - Doly garaňkylyk bolar. Ýer ýüzüniň temperaturasy peselip başlar.

Ilkinji, birnäçe sagat - Ýer ýüzüniň temperaturasy derejeden aşak düşer. Suw howdanlary doňup başlar.

Birinji hepde - Ýer ýüzüniň temperaturasy -17 gradusa ýeter. Sowukdan goranyp bilýän haýwanlar öwrenişip başlarlar.Aýazdan goranyp bilmeýän ösümlikler we haýwanlar öler.

Birinji ýyl - Ýeriň temperaturasy -100
gradusa ýeter. Haýwanlaryň köpüsi öler.
Adamlar ýerasty desgalarda sowukdan
goranyp bilse, diri galyp biler. Uzak möhletleýin perspektiwalar. Ýer buzly çöle öwrüler, we Ýer ýüzünde ýaşaýyş mümkin bolmaz.

Şeýle-de, Gün birden öçse, Ýeriň Gün sistemasyndan çykyp gitmek mümkinçiligi hem bar. Bu, Günüň
mundan beýläk Ýere grawitasiýa, ýagny
dartyş güýjüniň ýoklugy seböpli bolar.
Bu ýagdaýda Ýer başga bir asman jisimi
bilen çaknyşýança kosmosda inersiýa
bilen hereket etmegini dowam etdirer.

Google Bard Al.
44
240
Islam_Atayew
29.01.2024 01:39
Täsinlikler we Manyly sözler.

🔷Ösen döwletlerde iýilmän galyp zibile atylýan çörek önümleri, geçirilen barlaglara görä dünýädäki açlykdan ölýän adamlaryň 15 essesinden köp adama ýetjek mukdardadyr.

🔷2008-nji ýylda dünýä belli "Mc Donalds" tiz tagamlary taýýarlaýan kärhana 'double chees" diýip atlandyrylýan burgerlerine iki dilim peýnir
goýmagy bes edip, bir dilim peýnir goýmak bilen, 6 857 000$ peýda gazandylar.

🔷Dünýäniň iň uzyn tüneli Alp daglarynyň
aşagyndan geçip. Şweýsariýany Italiýa döwletine birikdirýän tüneldir. Bu tünel 17 ýylda gurulypdyr.

🔷Islandiýa döwleti dünýäde çybynlaryň
ýaşamaýan ýek-täk ülkesidir.

🔷Elinde pul saklaýan ýa-da başga biriniň puluny sanaýan adamyrň az wagtlygam bolsa alada- gaýgysy azalýar.

🔷Uran planetasynda 1 ýyl, biziň dünýämiziň 84 ýylyna deňdir. Her pasyl 21 yyllap dowam edýär. Bu planetanyrň bir ýylynda 42 yyllap gije-gündiz çalyşygy bolýar.

🔷 Adamlaryñ 70%-i öz sesini halanok.

🔷 Telefondaky nomerlariñ 80%-i bu siziñ hiç wagt jañ etmejek nomerlarñyzdyr.

🔷 Adamlaryñ 40%-i bolmanda bir gezek ýalandan özini telefonda gepleşýän ýaly alyp barandyr.

🔷29-njy Fewral bu güni Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde aýalyň erkek kişä durmuşa çykmagy teklip edip biljek yeke-täk güni hasaplanýar, we onuň "yok" diýmek hukugy ýokdur.

🔷"lýmit" diýilýän sanjymyň bardygyna
garamazdan "Açlyk" wirusy her gün
8000 çagany öldürýär. Emma bu barada
metbugatda eşitmersiňiz. Näme üçin?
Sebäbi açlyk hiç haçan baýlary öldürmeýär.

Meşhur şahsyýetleriñ Sözleri we Setirleri.

Eger geljekde bir gün "käşgä" diýmek
islemeýän bolsaň, 3 zady dogry saýla:
ýan-ýoldaşyňy. işiňi we dostuňy.
Ýunus Emre.

Aýna meniň iň gowy dostym, sebäbi men
aglanymda ol hiç haçan gülmeýär.
Ç.Çaplin

Men hiç haçan ýeñilmerin ýa ýeñerin, ýada öwrenerin.
Nelson Mondela

Aýy ýyla dönse, ökünmez adam,
Gapdalynda bolsa aý ýüzli ýary.
Sözüniň üstünde tapylýan adam,
Mertleriň merdidir, ärleriň äri.
Omar Hayyam.

Dünýädäki iň gowy adamlar - gözelligi duýup bilýän adamlar. Olar mert bolýar we hakykaty aýtmagy başarýar. Ine, hut şu häsiýetleri sebäpli hem olary ynjytmak aňsat bolýar.
Ernest Hemiňweý.

Suwlar hem akdy geçdi, gurady wagty geçdi, niçe Han niçe Sultan, tagty taşlady geçdi, Dünýä bir Penjiredir, her gelen Bakdy Geçdi...
Ýunus Emre.

Ýum gözüñi, gysyp gezgin dişini,
Ýaza ýetseň, unutmagyn gyşyñy,
Töwekgel et, Tañra tabşyr işiňi,
Sabyr bilen biter tiz hem bolmasa.
Megtymguly Pyragy.
44
155
Islam_Atayew
28.01.2024 00:36

Dünýä ýurtlary hakynda bilmeýän zatlarmyz.


🔷Fransuzlaryň iñ ýatak halkdygyny näçämiz bilýäris? Ýa-da Braziliýaň her ýyl 2,164 müň tonna kofýa öndürýändigini? Bolýa,maňa näme diýýän bolsaňyz Gresiýalylaryň iň çilimkeş halkdygyndan habaryňyz barmy?


🔷Ölüm ýitimiň iň köp bolýan ýeri- Owganystan. Şol sanda iň köp çaga ölümleriniň bolýan ýeri hem Owganystan.


🔷Wenesuelalylar iň köp piwo içýän halk bolup çykdy. Adam başyna ýylda 83 litr piwo içilýä.


🔷Türkler, wagtlaryny iýmäge sarp etýän ýeketäk halk.Bir türk, bir günüň dowamynda 162 minudyny iýmek-içmege sarp etýär.


🔷Ýokardada agzap geçişimiz ýaly, Braziliýalylar her ýyl 2,164 müň tonna kofýa öndürýärler. ( Dünýäde Iň köp kofýa öndürýän ýurt) Amerikalylar bolsa iň köp kofýa içýän halkdyr.


🔷Hytaý ýylda 1,166 müň tonna çaý öndürýärler. (DünýädeIň köp çaý öndirýän ýurt) Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolsa çaý içmekde 6 ýerde.


🔷Iş zolagynda iň köp işgäri bolan ýer Cayman Adalary. Ada raýatynyň 67%-sy işleýä.


🔷Kanadada her 100 adama 94 kompýuter düşýär.


🔷Birleşen Arap Emirlikleriniň her 100 raýatynyň 176 sany öýjükli telefony bar.


🔷Islandiýa iň köp gazet satan ýurt. Raýatynyň 1000-den 821-si gazet okaýar.


🔷Kuba, bilime iň köp çykdaýjy etýän ýurt.


🔷Iň abraýly 15 Uniwersitet Angliýada ýa-da ABŞ-dyr. Bularyň arasynda Cambridge, Oxford, College London, Imperial College London Uniwersitetleri bar.


🔷Hytaý 1.3 milýard raýaty bilen iň köp ilata eýe. Hindistanam Hytaýdan yza galasy gelenok. 1.1 milýardlyk ilaty bilen Hytaýyň yzyndan gelýär.


🔷ABŞ, iň uly ykdysadyýete (ekonomika) eýe. Ýaponiýa bolsa ikinji ýerde.


🔷Hytaý iň köp altyn öndürýän ýurt. Ýylda 270 tonna!


🔷Human Development Index'e(HDI) görä Islandiýa, ýaşaýyş derejesi iň ýokary bolan ýurt.


🔷Hindistan, ýylda 32719 sany jenaýaty bilen dünýä rekordyny döwdi. Russiýa bolsa ikinji ýerde.


🔷Egerde Hytaýda ölseñiz jesediňiz ýakylar. Sebäbi Hytaýda ýer galmandygy üçin jesetler hökman ýakylaýmaly.


🔷1518-nji ýylda Fransiýada bir tans

epidemiýasy bardy. Şol döwürde ençeme kişi ölýänçä durman tans etdi.


🔷Türkiýe we Ýaponiýa dünýäde resmi dinini ykrar etmedik döwletlerdir.


🔷Hindistanda 44 million çaga işgär bar.


🔷ABŞ-nyň, BMG-na 1 milliard dollardan gowrak bergisi bar.


🔷Dubaýdaky Burj-Halifa binasy şeýle bir beýik welin, Gün dogmagyna we batmagyna iki sapar tomaşa edip bilersiňiz. Burj Halifa örän uzyn welin, depesinden dünýäniň togolakdygyna hem göz ýetirersiňiz. Gün dogup başlanda göni lift bilen iň aşaky gata

gelseňiz, aslynda entäk daşaryň

garaňkydygyny, günüň dogmadygyny

görersiňiz. Bu bina Samsung (bu kompaniýa diñe tehnologiýa öndirmän eýsem gurluşyk gurnama işlerini hem alyp barýar) kompaniýasy tarapyndan gurlandyr.


🔷Kaliforniýada (ABŞ) "Hug Me" diýip ýazylgy Kola mehanizmlary bardyr. Gujaklasaňyz mugt kola berer.


🔷Hytaýa 2030-nji ýyla çenli 3 uly Sunamiň gelmegine we 700 million ynsanyň ölmegine garaşylýar.


🔷Israýyl zenanlaryna gulluk etdirýän ýeketäk döwletdir.18 ýaşy dolan zenanlar gulluga çagyrylýar. Zenanlar üçin 2 ýyl, erkekler üçin 3 ýyl gulluk.


🔷Angliýada bir zenanyň ortaça 19 aýakgaby bar. Olaryň bolsa bary ýogy 7 sini ulanýarlar.


🔷Müsür Piramidalarynyň içinde süýt

zaýalanman durup, Öz-özi gatyga öwrülýär we ýakyp barýan yssyda Piramida giren üşär.


🔷Iňlis polisiýalary, bolup biläýjek bir awariýada çagalary köşeşdirmek üçin

awtoulaglarynda gurjak aýy saklaýarlar.


🔷Dünýäde Koka-Kola satylmaýan diňe iki ýurt bar: Demirgazyk Koreýa we Kuba.


🔷Türkiýe Alkogol içgilerni içmekde

Dünýäde 3-nji orunda durýar. Çilim çekmek boýunça bolsa Dünýäde 11-nji ýeri eýeleýär.


Weebly.

86
733
Islam_Atayew
27.01.2024 17:04
Degişmedir.

Internetde käbir gyzlar atlaryna "Ýekeje", "Ýekejäm", ýa-da "Bitanem" diýp girýärler, hamala biz paçka-paçka ýaly.

Ýürege ýüzlenme. "Gadyrly ýürek gaýrat etde söýgiden ýanansyrama, señ işiñ gan aýlamak, işiñ bilen bol!"

Iki sany çaga gürleşýä. Birinjisi:
-Meň ejem hiç zatdan gorkmaýa!
Ikinjisi:
-A meň ejem bolsa gorkak! Kakam öýde ýok wagty ejem bir daýyny öýümize çagyrýa!

5 sany dost bir kwartirada ýaşaýan eken,
DẪLI, KELLE, SAMSYK, HIÇKIM, BIRI.
Bir gün Biri Hiçkimi öldūrýär.
Şol wagt Kelle banýada eken.
Dali polisiýa jaň edýär.
Dali: Salam, polisiýamy?
Polisiýa: Hawa, Näme boldy
Dali: Biri Hiçkimi öldūrdi.
Polisiýa: O nähili bolýa. Sen dälimi?
Dali: Hawa, bildiňiz, men Däli,
Polisiýa: Seň kelläň nirede?
Dali: Kelle şuwagt banýada. Suwa düşýär
Polisiýa: Senă samsyk ekeniñaý
Dali: Ýok, Samsyk şuwagt başagaý bolup
şu haty okap otyr.


Ýaşamak isleseñ gülmegi başar.
64
570