Islam_Atayew
03.02.2024 19:30
Psihiki taýdan peslere okamak gadagan.+20.

1. Öýde makaron bişirjek bolýan.
Gaýnaýança ol jaýa geçip telewizor görjek bolup, gitmänkäm pişgime degişip, "Makaron gaýnasa maňa aýt" diýip kinomy görmäge gitdim. 10 minutdan soň bu pişigim gelip"Maw" diýdi. Baryp makarona seretdim. Gaýnapdyr. Inni bu pişigimden gorkýan.

2. Dostum daşary ýurda okamaga gidipdi. Öýi bolsa boş galdy. Maşgalasy ýok ýaş oglandy. Kämahal öýlerine aýlanyp agşam ýatyp gaýtmagymy haýşt edipdi. Bir gezegem men dostumuň öýüne bardym. Ýeke özüm, hiçkim ýok. Agşam uklajak bolanymda gapy kakyldy. Daşky gapydäl, öýüň içindäki gapy. Men daşky gapyny gulpladym ahyry. Ol tyrkylda üns bermedim. Emma tyrkyldy 2 minutdagy dowam etdi. Gapyny açmadym, golaýlamadym. Men dem almagada gorkup hiçzat etmän gorkup ýatypdyryn. Ertesi oýandym, öýi aýlandym. Hiçkim ýok. Internedi dördüm we "öýüň eýesiniň rugsady bolmasa käbir jynlar öýe girip bilenok" diýen ýazga duşdum.

3. Göz öňüňize getiriň, 8 san. Bu sifri
gapdallygyna ýatyrsak biz "hiç gutarmaýan zadyň" belgisini alars. Köp milletleriň taryhynda "şu belgi bilen döredilen zat hiç gutarmaz" diýilen yryma ynanýarlar.

4. Russiýa döwletiniň käbir duralgalarynda hakykatdanam "Öz ruhumy satýaryn. Million dollar" diýilip ýazylgy we telefon nomerli habarlara duşmak bolýar. Hakykatdan barlanylyp görüleninde hakykatdanam ruhyny satmaga razy adamlaryň barlygy anyklanyldy. Olar näsag we däli däl. Sagdyn adamlar. Köpüsi pul ýetmezçiligi sebäpli, köpüsi bolsa ýakynlaryny meselelerden halas etmek üçin şeýle hereket edýän ekenler.

5. Belkem kän üns berýän dälsiňiz, emma köplenç it-güjükler, pişikler ýa-da
başga jandarlar boş, hiç-zat ýok ýere stena, pataloga seredýärler. Nämçündir öýdýäňiz? Aýtmyşlaryna görä jandaryň gözi we duýgurlygy adamyňky bilen deň däl. Şol sebäpli olar başga zatlary, ruhlary, jynlary ýada üýtgeşik zatlary görýärler we şolara aňkarýarlar. A biz bolsa boş ýere seredýär diýip düşünýäs.

6. Bir gün agşam ukuda ýatyrdym. Ýatan
wagtym üstüme çalaja şemal gelen ýaly
boldy. Men gözlerimi açdym. Emma üstümde, howada maňa degmän
uçýan ýaly ýene men bardym. Bu aýnadäl, bu men. Ýöne men iki sany. Men öz- özümden nämçündir gorkmadym. Geňlik bilen synladym, ol ikinji men, meniň hereketlerimi edip howada uçup durşuna olam meni synlady. Soñra bolsa ýuwaşlyk bilen ol maňa golaýlady içime girdi we gözlerimden ýitdi. Men bu waka düşünmän köp ýerden gyzyklanyp gördüm we adam, bedenini taşlap ruh bolup aýlanyp bilýänini bildim. Şol görenim meniň ruhumdur, ýatan bolsa bedenimdi. Megerem şol sebäplidir öz- özimden gorkmanlygym.

7. Türkmen halkynyň arasynda tire-
taýpalar barada bilýänler az bolsa gerek.
Emma şondada bilýänler bar. Özüm hem tire-taýpadan çala başym çykýar. Şeýlelikde türkmenleriň arasynda "Bürgütler" tiresinden adamlar hem ýaşaýar. Beýle tireden bolan adamlar öz tireleriniň adyny bukup gezýärler ýada aýdanoklar. Sebäbi ol adamlaryň "Gözleri degýär". Howwa howwa, eger olar "Bäh ol maşynyň gowydygyny, bäh bu apparadyň betdigini, bäýbä gowyzat eken" diýen ýaly sözler aýtsalar, onda şol maşyn, şol apparat ýa-da şol aýdanzatlary HÖKMAN döwülýär. Şol
sebäpli 50-nji ýyllarda türkmenler bu tiräni ýigrenipdirler, şol sebäpli "Bürgütler" bukulup gezýäler. Bu erbet gylygy bu tire erbet niýetler üçin hem ulanýalar, emma hemmezadyň tölegi bar. Olaryň edeni soň özlerine 2 esse bolup dolanyp gelýär.

8. Dostlarymyz bilen deňize dynç almaga
gitdik, üç oglan bäş gyz. Agşam sagat 1-e çenli gitarada aýdym, tans, hezillik. Birden soň ýatmaga gitdik. Deňziň gyrasynda. Herkim öz palatkajygynda. Agşam men ukyň arasynda, bir dost oglanyň oýanyp deňize tarap ýöräp başlanyny gördüm, sagada seretdim üç bolupdur. Oň yzyndan ýene bir oglan, soň ýene biri oýanyp ýöremäge başladylar. Üç oglan bolup zombiler ýaly hereket edip ýuwaşlyk bilen deňize ýörediler. Men başga gyzlary hem oýaryp ol oglanlary saklajak bolup gygyrdym, ýok oglanlar şol ýöreýşlerine suwa golaýladylar. Men "Ukuda gezýänleri"
ýatlap, gyzlar bolup, ýöräp barýan
oglanlaryň ellerinden saklap çekmäge
başladyk. Bir joramyz wägirip gorkdy we
gaçdy. Galan dört gyz bolup bu üç oglany saklajak bolýas. Bular güýçli sakladanoklar. Ahyry oglanlary ukudan oýarmak üçin urup başladyk. Olar oýananýaly bolup "oň sesini eşitdiňmi, onuň sesi Hudaýyň sesi ýaly owadan" diýişip bir birlerine aýtdylar. Emma biz, diňe gyzlar hiç-hili ses eşitmedik. Şol wagtyň özünde goşlarymyzy ýygnap biz hemmämiz ol ýerden daşlaşdyk. Hemme gowçuluk. Aýtmyşlaryna görä deňizde "Suwperileri-Pycaлка" ýaşaýarlar
we olar owadan sesleri bilen oglanlary
emrindirip gark edýärmişler. Gyzlara
olaryň sesi täsir edenok eken.

9.Oksfodşir graflygyndaky Uiçwud tokaýlygy, köp ruhlaryň mesgeni hasaplanýar. Ol ruhlaryň arasynda 1560-
njy ýylyň sentýabr aýynyň 8-ne Uiçwud
tokaýlygyma gezelenje çykyp atdan ýykylyp ölen we rowaýata öwrülen Grafiniýa Lesteriň hem ruhy bar diýilip aýdylýar. Bir näçe wagt geçeninden soň şol tokaýlykda Graf öz Grafiniýasyna duşýar we Grafiniýa ärine "Biz 10 günden duşuşars" diýip aýdýar. Graf aýdylan güni ýogalýar we şol tokaýda Grafinýanyň ruhuna duşan adamada şeýle ömür garaşýar diýilip ynanylýar. Ine şu sebäpli hem adamlar eýýäm ýüzlerçe ýyllap şol tokaýyň daşyndan aýlanyp geçýärler.

10. Jynlary, ruhlary ýa-da perişdeleri çagyrmañ. Olar hakykatdan hem gelip bilýärler.

islenen.com
42
207
nabat_
3 Fewral 2024
@Islam_Atayew, @smiling_, yöruñ catda gep edeliñ😀🙃😊😁
nabat_
3 Fewral 2024
@Islam_Atayew, hawa😂😂🤦‍♀️
sofii
3 Fewral 2024
Agzalar, çada geçip bolmazmy, arkaýyn gürrüň ediň
nabat_
3 Fewral 2024
@smiling_, gep edyas😆😬
nabat_
3 Fewral 2024
@Islam_Atayew, señ postyñy yapdyraymaly gep edip😂😬
nabat_
3 Fewral 2024
@Islam_Atayew, biliyom biliyom😊😁😅
nabat_
3 Fewral 2024
@Islam_Atayew, hayaletli diyom abijim😁😱😂😂ol aytyanyñam dogry😅😁😂
nabat_
3 Fewral 2024
@kppbilmish, hä duşinnim😀😊
nabat_
3 Fewral 2024
Sunyaly gurrunler ilgimi çekyädä😄gorkunç zadlar gyzykly bolya😃
nabat_
3 Fewral 2024
Bir oy remont edilen tazeje jay bolsa oy goş zadam bar bolup adam yaşamayan bolsa şol öý eýeli(hayaletli)bolya diyaler dogrymyka😱
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.