Islam_Atayew
29.01.2024 01:39
Täsinlikler we Manyly sözler.

🔷Ösen döwletlerde iýilmän galyp zibile atylýan çörek önümleri, geçirilen barlaglara görä dünýädäki açlykdan ölýän adamlaryň 15 essesinden köp adama ýetjek mukdardadyr.

🔷2008-nji ýylda dünýä belli "Mc Donalds" tiz tagamlary taýýarlaýan kärhana 'double chees" diýip atlandyrylýan burgerlerine iki dilim peýnir
goýmagy bes edip, bir dilim peýnir goýmak bilen, 6 857 000$ peýda gazandylar.

🔷Dünýäniň iň uzyn tüneli Alp daglarynyň
aşagyndan geçip. Şweýsariýany Italiýa döwletine birikdirýän tüneldir. Bu tünel 17 ýylda gurulypdyr.

🔷Islandiýa döwleti dünýäde çybynlaryň
ýaşamaýan ýek-täk ülkesidir.

🔷Elinde pul saklaýan ýa-da başga biriniň puluny sanaýan adamyrň az wagtlygam bolsa alada- gaýgysy azalýar.

🔷Uran planetasynda 1 ýyl, biziň dünýämiziň 84 ýylyna deňdir. Her pasyl 21 yyllap dowam edýär. Bu planetanyrň bir ýylynda 42 yyllap gije-gündiz çalyşygy bolýar.

🔷 Adamlaryñ 70%-i öz sesini halanok.

🔷 Telefondaky nomerlariñ 80%-i bu siziñ hiç wagt jañ etmejek nomerlarñyzdyr.

🔷 Adamlaryñ 40%-i bolmanda bir gezek ýalandan özini telefonda gepleşýän ýaly alyp barandyr.

🔷29-njy Fewral bu güni Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde aýalyň erkek kişä durmuşa çykmagy teklip edip biljek yeke-täk güni hasaplanýar, we onuň "yok" diýmek hukugy ýokdur.

🔷"lýmit" diýilýän sanjymyň bardygyna
garamazdan "Açlyk" wirusy her gün
8000 çagany öldürýär. Emma bu barada
metbugatda eşitmersiňiz. Näme üçin?
Sebäbi açlyk hiç haçan baýlary öldürmeýär.

Meşhur şahsyýetleriñ Sözleri we Setirleri.

Eger geljekde bir gün "käşgä" diýmek
islemeýän bolsaň, 3 zady dogry saýla:
ýan-ýoldaşyňy. işiňi we dostuňy.
Ýunus Emre.

Aýna meniň iň gowy dostym, sebäbi men
aglanymda ol hiç haçan gülmeýär.
Ç.Çaplin

Men hiç haçan ýeñilmerin ýa ýeñerin, ýada öwrenerin.
Nelson Mondela

Aýy ýyla dönse, ökünmez adam,
Gapdalynda bolsa aý ýüzli ýary.
Sözüniň üstünde tapylýan adam,
Mertleriň merdidir, ärleriň äri.
Omar Hayyam.

Dünýädäki iň gowy adamlar - gözelligi duýup bilýän adamlar. Olar mert bolýar we hakykaty aýtmagy başarýar. Ine, hut şu häsiýetleri sebäpli hem olary ynjytmak aňsat bolýar.
Ernest Hemiňweý.

Suwlar hem akdy geçdi, gurady wagty geçdi, niçe Han niçe Sultan, tagty taşlady geçdi, Dünýä bir Penjiredir, her gelen Bakdy Geçdi...
Ýunus Emre.

Ýum gözüñi, gysyp gezgin dişini,
Ýaza ýetseň, unutmagyn gyşyñy,
Töwekgel et, Tañra tabşyr işiňi,
Sabyr bilen biter tiz hem bolmasa.
Megtymguly Pyragy.
44
155
nabat_
29 Yanwar 2024
@smiling_, hawa 😊🥰alay senem jorañy😁
nabat_
29 Yanwar 2024
@smiling_, bolyaa🤗🤗yene birini aljak men yone😁
nabat_
29 Yanwar 2024
Tomusda ispaniya gidaymeli eken onda😁😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.