Islam_Atayew
05.02.2024 08:38
Gazaply gyş günleriniň biridi. Kiçiräk bir
obadan balykçy gämisi deňze tarap ugrady. Şol barmana deňizde harasat turup, güýçli tolkunlar döredi. Bir salymdan garaňky düşdi. Balykçylar bolsa, yzlaryna dolanyp gelmedi. Eneler, çagalar we aýallar gijesi bilen balykçylaryň sag-aman dolanyp
gelmegi úçin dileg etdiler. Olar kenarda
gözýetime garap köp garaşdylar. Üstesine, şol gije bir külbede ýangyn döredi. Erkek göbeklileriň bary deňizde bolansoň, aýallara ody söndürmek başartmady. Ertir irden bolsa, balykçylar sag-aman gaýdyp geldiler. Hemmeler begendi. Emma bir aýalyň welin,
ýüzi salykdy. Sebäbi olaryň ýaşap oturanja külbesi ýanyp kül bolupdy.
Ol deňizden gelen adamsyna:
- Indi biz näme ederis!? Öýümizem ot aldy, bar zadymyz ýandy- diýdi.
Adamsy aýalyna şeýle jogap berdi:
- Men-ä kepbämiziň ýananyna şükür
edýärin! Entegem oduň ýagtysyny göräýdik, ýogsa biz apy-tupanyň içinde kenaryň haýsy tarapdadygyny hem biljek däldik.

Her bir işde haýyr bardyr.

Terjime eden: «MisSy»
40
86
wise
7 Fewral 2024
Hakyky
guli_
5 Fewral 2024
Hakyky her isde bir hayyr ba
nabat_
4 Fewral 2024
Hany degişmee😁🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.