Islam_Atayew
02.03.2024 01:43
Men ýalan sözläniň üçin däl, inniden
beýläk saña ynanyp bilmeýänim üçin
gynanýan.
44
88
Islam_Atayew
25.02.2024 15:39
Söýilmek üçin

Seni hemmäň söýjek wagtam bor elbet,
Olam janyň teni terklän mahaly.
Ruhuň guşlar kimin ganatyn ýaýyp,
Jesediňi ýere örklän mahaly.

Şondan soň ýigrenýän tapylmaz seni,
Sebäp ne sesiň bar, ne üýn, ne hiliň.
Hiç kimiň şanyna gözüň dikilmez,
Özüň bilen gider ýiti zehiniň.

Böwet däl indi sen ynsan ýoluna,
Hiç kişiniň abraýyna şärik däl.
Çykasyň ýok "ägirtleriň" alnyna,
Ýa ussatdan ozup barýan şägirt däl.

Çyndan akan gözýaş gymmata düşer,
Ruh, imanyň barjasyny gadaklar.
"Merhum" bolar iň bir şöhratly adyň,
Ýaltananlar "öli" diýip gödeklär.

Üstünlik jan bilen dünýäňden çykar,
Indi anyk oňa eýgermejegiň.
Jesediňe her kim mähirli bakar,
Görnüp durka seniň beýgelmejegiň.

Ýigrenilmegmize özümiz sebäp,
Ýa ylahdan gelen artykmaç ukyp.
Garaz ýalançyda "öli" bolmasaň,
Ýakaňy goýbermez basdaşdyr, rakyp.

Kerim Hally.
45
53
Islam_Atayew
25.02.2024 00:00
Ajaýyp durmuşy isleýän adamyň ýolmaly 10 güli.

1. Säher bilen turup, toba etmek.

2. Pikirlenmek uçin yalňyz bolmak we wagt tapmak.

3. Ýagşyzadalar bilen söhbetdeş bolmak.

4. Zikr we şükür etmek.

5. Ýürekden berlip, iki eglim namaz okamak.

6. Okaýan zadyna amal etmek niýeti bilen, kitap (GURHAN) okamak.

7. Jowzaly, yssy günlerde hem agyz
beklemek.

8. Ile aşgär etman sadaka bermek.

9. Musulman doganyň gaýgy-gamyny
egismek.

10. Dünyä durmuşna gereginden artyk köňül bermezlik.


Hazynam.
43
62
Islam_Atayew
24.02.2024 00:00
Akylly adamlar peýdaly pikirleri
maşlahatlaşýarlar. Ýarym akylly adamlar bolup geçýän wakalary maslahatlaşýarlar, akylsyzlar
bolsa beýleki adamlaryñ gybatyny edýär.

Sokrat.
43
95
Islam_Atayew
23.02.2024 13:49
Mähir

Adam hemme zatdan doýar dünýäde,
Erikden, injirden, kişmişden doýar.
Gör näçe buýsançly, süyji bolsa-da,
Juda köp ýatlanan geçmişden doýar.

Adam hemme zatdan doýar dünýäde,
Gülkisi, şatlygy, malyndan doýar.
Agyr güne düşse "gynaman al" diýp.
Hatda Allañ beren janyndan doýar.

Ýöne adam asla doýmaz mähirden,
Teşne ýürek mydam şoña gyssanýar.
Özem iñ ýönekeý, mugt zat welin,
Adam bir-birekden şonam gysganýar.

Kerim Hallyýew.
41
59
Islam_Atayew
23.02.2024 00:21
Palidiñ bir talyby okuwdan daşary iş gözläp ýörmiş. Ahyr zooparkyñ başlygna gabat gelýä. Başlygy oña:
-"Ertir zooparka barlag gelyä, biziñem maýmynymyz öldi, sen şol barlag geçýänçä maýmyn bolup gözenekde
otur, puldan kem etmen, 3 wagtynada naharyñy bererin"diyä. Ýañky talyp razylaşyp ertesi zooparkda gözenekde oturýa. Bulam aç naharam bermändirler.
Barlag maýmyna seredip:
-"Beh munyñyza hor eken" diýä. Maýmyn talyp:
-" 3 wagtynadam nahar bermediler
sokdular" diýse. Barlagçy: "Gepleýän maýmynmaý bu, muny ýolbarsyñ ýanyna dykyň gepleýşini göreýin" diyä. Maýmyn talyby dykýalar ýolbarsyñ ýanyna. Ýollbars "hyr hyr hyr" edip talybyň ýanyna gelip:
"Gorkma dost menem Selhozdan" diyä.


Uly ýoluñ ortasynda bir BMW bilen Mercedes biri- biri bilen çaknyşdy 2 maşynam gapyrjak boldy emma Allanyñ
gudraty bilen içindaki sürüjlere hiç zat
bolmady. Ilki bilen BMW-den okdurlyp 1 gyz çykdy. Eýlesine beýlesine seredip aýagyny elini kellesini barlap görip ulydan demini aldy. Soñ Mersedesden
çykan sürüji oglanam gyzyñ edenlerni edip maşynyna gynançly seredip başlady. Oglanyñ ýanyna gelen gyz: "Bäh haýran galaýmaly, senem diri menem, maşynlar bolsa gapyrjak, " diýipdir. Oglan başyny ýaýkap: "Howwa geñ galaýmaly bärde bir yşarata bar!" diýä.
Gyz maşyndan bir çüýşe arak çykaryp:
"Ine seret bujagazada zat bolmandyr" diýip oglana seredipdir.
Gyz: "Gel onda ikimiziñ duşanmyzyñ
şanyna belläli gutlaly" diýip iki stakan alyp gelýär we birini dolduryp oglana
berýär. Oglan içip: "Sag bol gowy bolaýdy A sen näme üçin içeñok?
Gyz: "Ýok men içjekdäl!"
Oglan:" Hä o näme üçin?!"
Gyz:"Men GAI a garaşjak!"


Käbir gyzlar 5-10 oglan bilen söýşip. Soñundanam oglanlara ynam ýok diýyäler! Bes etmäñ dünýäde näçe million oglan bar... Belki bagtyñyzy taparsyñyz.
43
364
Islam_Atayew
22.02.2024 08:11
Adamyñ daşky görnişini däl-de, size goýýan hormatyny söýiñ!
46
107
Islam_Atayew
22.02.2024 00:04

Ilatyň 30%-i hiç wagt lukmana ýüz tutmadyk.


Degişgen we gülkinç adamlar aslynda

depressiýa has ýakyn adamlardyr.


Aktrisa Şarli Henderson "Gạrri potter" filminde 13 ýaşly okuwçynyň rolunda oýnady. Aslynda ol film surata düşüriliş wagtynda 40 ýaşyndady.


Mugallymlaryň 80%-i sapaklara gijä galyp gelýäler.


Ortaça bir adam ömrüniň dowamynda ýer şarynyň daşynyň 3 aýlawyna deň

ýoly geçýär.


Pikirlenende ruçka çeýneýän adamlaryň

köpüsi döredijilikli adamlardyr.


Singapurda birugsat başga biriniñ Wi-Fi birikseñiz 3 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.


Badamjanda tutuş Mendeleýew tablisasy saklanýar, şonuň üçin hem ol örän peýdaly.


Ruçkanyň gapagynda deşigiň goýulmagynyň sebäbi ýalňyşlyk bilen gapak ýuwudulanda bokurdakdaky howanyň geçmesini sazlamak üçindir.


Nemis fizigi Einişteýn dünýäden aýrylanda onuň soñky sözleri özi bilen gitdi. Einişteýine gözegçilik edyän

şepagat uýasy nemisçe bilenokdy.


Erkek adamlaryñ fetmezçiligi sebäpli island zenanyna öýlenen immigrantlara

Islandiýa her aý 5 000 dollar tölär.


täsin_dünýäm

78
498
Islam_Atayew
21.02.2024 17:44
Soňky derýa guranynda, soňky agaç ýok
bolanda, soňky balyk tutulanda, adamlar pulyň iýilmeýän zatdygyna düşünerler.
44
134
Islam_Atayew
21.02.2024 00:25
Ejeñ garaşýar

Ýaşarsyñ kä ýeñip, käte ýykylyp
Ömir bar ýerinde hökman göreş bar
Bir zady duý, basan çagy ýekelik
Ejeñ elmydama saña garaşýar!

Ejesiz öýlerde mähir göýdiger
Bir ýylgyrşy bilen ömri söýdirer
Belkide duýdurmaz, belki duýdurar
Ejeñ elmydama saña garaşýar!

Käbäñ barmy, sende dünýäñ genji bar
Hoş söze keýp edip göwniñ eljirär
Nurly gözin dikip gapa, penjirä
Ejeñ elmydama saña garaşýar!

Görmäge gel undup ara daşlygyn
"Ejem" diýseñ rugsat berer başlygyñ
Körpemiñ, juwanmyñ, ýa çal saçlymyñ
Ejeñ elmydama saña garaşýar!

Alyp bolmaz onuñ dogasyn töläp
Gürleş, kalbyñ sesin diliñde eläp
Bişiren duzuna "Bismilla" diläp
Ejeñ elmydama saña garaşýar!

Belki ikilikdir ilden bahalañ
Ýazgarýaka, bütin älem jahanam
Senden hemme kişiñ ýadan mahalam
Ejeñ elmydama saña garaşýar!


Kerim Hallyýew.
40
116