Islam_Atayew
21.02.2024 00:25
Ejeñ garaşýar

Ýaşarsyñ kä ýeñip, käte ýykylyp
Ömir bar ýerinde hökman göreş bar
Bir zady duý, basan çagy ýekelik
Ejeñ elmydama saña garaşýar!

Ejesiz öýlerde mähir göýdiger
Bir ýylgyrşy bilen ömri söýdirer
Belkide duýdurmaz, belki duýdurar
Ejeñ elmydama saña garaşýar!

Käbäñ barmy, sende dünýäñ genji bar
Hoş söze keýp edip göwniñ eljirär
Nurly gözin dikip gapa, penjirä
Ejeñ elmydama saña garaşýar!

Görmäge gel undup ara daşlygyn
"Ejem" diýseñ rugsat berer başlygyñ
Körpemiñ, juwanmyñ, ýa çal saçlymyñ
Ejeñ elmydama saña garaşýar!

Alyp bolmaz onuñ dogasyn töläp
Gürleş, kalbyñ sesin diliñde eläp
Bişiren duzuna "Bismilla" diläp
Ejeñ elmydama saña garaşýar!

Belki ikilikdir ilden bahalañ
Ýazgarýaka, bütin älem jahanam
Senden hemme kişiñ ýadan mahalam
Ejeñ elmydama saña garaşýar!


Kerim Hallyýew.
40
116
bitanem
9 Mart 2024
Eje hakdaky goşgylary gaty gòwy gòrýàn
ilhano_va
21 Fewral 2024
ilhano_va
21 Fewral 2024
@Islam_Atayew, hiç hiç diyme onnada:)
ilhano_va
21 Fewral 2024
@Islam_Atayew, ýokda:(
Miss_Minnosh❤️
21 Fewral 2024
🥺👍🏻
manolya
21 Fewral 2024
@Islam_Atayew, ýokla asyl şeýlä men ))
ilhano_va
21 Fewral 2024
@Islam_Atayew, bagyşla diyer ýaly zat yok bagysla sözüni kop ulanmagam gowy dal
ilhano_va
21 Fewral 2024
@Islam_Atayew, ýok ýok arkayyn bol
ilhano_va
21 Fewral 2024
Bilyan bilyan sagbol köp köp Alla hiç kime bermesin şol derdi
manolya
21 Fewral 2024
@ilhano_va, öňki aýtýan zatlarym )) gaýtalamaýyn bilýäňä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.