Islam_Atayew
23.02.2024 13:49
Mähir

Adam hemme zatdan doýar dünýäde,
Erikden, injirden, kişmişden doýar.
Gör näçe buýsançly, süyji bolsa-da,
Juda köp ýatlanan geçmişden doýar.

Adam hemme zatdan doýar dünýäde,
Gülkisi, şatlygy, malyndan doýar.
Agyr güne düşse "gynaman al" diýp.
Hatda Allañ beren janyndan doýar.

Ýöne adam asla doýmaz mähirden,
Teşne ýürek mydam şoña gyssanýar.
Özem iñ ýönekeý, mugt zat welin,
Adam bir-birekden şonam gysganýar.

Kerim Hallyýew.
41
59
daly
23 Fewral 2024
👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.