Islam_Atayew
25.02.2024 15:39
Söýilmek üçin

Seni hemmäň söýjek wagtam bor elbet,
Olam janyň teni terklän mahaly.
Ruhuň guşlar kimin ganatyn ýaýyp,
Jesediňi ýere örklän mahaly.

Şondan soň ýigrenýän tapylmaz seni,
Sebäp ne sesiň bar, ne üýn, ne hiliň.
Hiç kimiň şanyna gözüň dikilmez,
Özüň bilen gider ýiti zehiniň.

Böwet däl indi sen ynsan ýoluna,
Hiç kişiniň abraýyna şärik däl.
Çykasyň ýok "ägirtleriň" alnyna,
Ýa ussatdan ozup barýan şägirt däl.

Çyndan akan gözýaş gymmata düşer,
Ruh, imanyň barjasyny gadaklar.
"Merhum" bolar iň bir şöhratly adyň,
Ýaltananlar "öli" diýip gödeklär.

Üstünlik jan bilen dünýäňden çykar,
Indi anyk oňa eýgermejegiň.
Jesediňe her kim mähirli bakar,
Görnüp durka seniň beýgelmejegiň.

Ýigrenilmegmize özümiz sebäp,
Ýa ylahdan gelen artykmaç ukyp.
Garaz ýalançyda "öli" bolmasaň,
Ýakaňy goýbermez basdaşdyr, rakyp.

Kerim Hally.
45
53
gùl🦋__
25 Fewral 2024
❤👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.