Islam_Atayew
12.03.2024 00:12
Bir adamyñ yzyndan näçe köp ylgasañyz,

şonçada añsat taşlanýan biri bolarsyñyz!
45
102
Islam_Atayew
11.03.2024 20:15
Everest dagyna alty gezekde çykmany
başaran Gerard Omel, öz öýünde köýen
lampany çalyşýarka basgançakdan ýykylyp aradan çykýar.


täsin_dünýäm.
43
76
Islam_Atayew
11.03.2024 13:30
Eger saña ýetmän öläýsem birden,
Aýt gabrymy has çuñrak gazsynlar.
Mazaryñ üstüne mermer daş goýup,
Oýup-Oýup bagtsyz diýip ýazsynlar.

Eger bir gün şyñlamasa gulagyñ,
Bu dünýäden ötenimi bilginiñ,
Guramanka mazarymyñ topragy
Soñky gezek hoşlaşmana gelginiñ.

Gelip ýuwaşjadan epseñ dyzyñy,
Bir pursat ýatlasaň söýen ýigdiñi.
Diýersiñ kim ýazar kim okap berer,
Soñlanmadyk söýgimiziñ yzyny

Men seredip ol garaja gözleriñe,
Aýralyk perdesin alyp yüzüme.
Şemal bolup saçlaryñy dararyn,
Ýatlarsyñ sen, düýşleriñde bararyn...

Awtor ?
42
139
Islam_Atayew
10.03.2024 15:35
Nesip eýlesen

Ellerimde kagyz bent-bent goşgy
Ýüreklere guýup täsin bir yşgy
Eý Beýik Biribar köñülleñ köşgi
Bize söýülmegem nesip eýlesen.

Günämiz bar bolsa hasabyn sora
Niýeti ýamanlardan sen öziñ gora
Ajalymyz ýetip giräýsek göre
Jenneti görmegem nesip eýlesen.

Käbenur Abaýewa.
43
45
Islam_Atayew
10.03.2024 01:01
Hormatly Öwrenmeli portalynyñ agzalary we adminstrasiýasy Sizi
mukaddes Oraza baýramy
bilen tüýs ýürekden gutlaýan!
Goý, siziň agzaçarlaryňyz, tutan
orazalaryňyz, berjaý eden tagat
ybadatlaryňyz, ähli ýagşy dileg-dogalaryňyz, beren sadaka
sahawatlaryňyz Hakyň
dergähinde kabul bolsun!
Öý-ojaklaryňyzyň
rysgal-bereketi zyýada bolsun!
Saglyk, agzybirlik, abraý
hemişe hemraňyz bolsun!
Orazalarñyz kabul bolsun!
53
141
Islam_Atayew
09.03.2024 19:27
• Ispanýada poçta işgäri eýesine ýetirilmedik her bir hat üçin kanun esasynda 9 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilinýär.

• Dünýädäki iñ howply aeroportlaryň biri
Täze zelandiýadaky "Gisborne" aeroporty
onuň uçar ýolunuň deň ortasyndan demir ýoly kesip geçýär.

• Adamlaryň 70%-i öz sesini halanok.

• Ýuwaş adamlar, dogryçyl adamlaryň
ýanynda geplegen bolýarlar.

• Dünýädäki pullaryň hemmesini alyň we
hemmelere deñ paýlañ. Iñ giç 10 ýylyň
içinde hemme pullar, puly yöredip
bilýän adamlaryñ elinde bolar.

• ABŞ-da restoranlarda zenanyň ýerine
tölenmeýär. Bu zenandan üstün çykmak ýaly hasap edilýär.

• Şarpyk akyl başarjañlygyny gowulandyrýar we akyl aýdyñlygyny giñeldýär.

• Zenanlaryň 37%-i nahar bişirip
bilenok.

• Iň akylly adamlar - ýalançylar. Sebäbi
ýalan siziň beýniňizi 80% işlemäge
mejbur edýär.

• Eger-de nahardan öň hemmeler elini
ýuwsady, her ýyl ortaça 1 million adamyñ janyny halas edip bolardy.

• Adamyň keýpi ýok wagty nahara bolan tagam duýşy peselýär.

• Ömrüniñ dowamynda her kim birini
tapar, ýöne "bir-birini" tapmak örän az adama nesip eder.


täsin_dünýäm.
46
229
Islam_Atayew
09.03.2024 00:42
Bir zenan maşgala aeroportda uçar bn
alyslardaky öz watanyna gitmek üçin
ýolagçylyga taýýarlyk görýärdi. Ýanynda
sumkalary bardy. Uçaryñ uçmagyna
bir sagat ýaly wagt bolansoň, okap
güýmenmek üçin gazet we ýanyndan
iýer ýaly bir paket köke aldy. Okamak we
dynjyny almak almak üçin aeroportyñ içindäki oturgyçlarynyñ birinde oturdy. Ýanyndaky oturgyja bolsa başga bir adam gelip otyrdy we ol hem žurnalyny açyp okamaga başlady. Ol aýal satyn alan kökesini ýanynda açyp goýupdy.
Zenan maşgala ilkinji kökesini alyp, iýmäge başlady. Adam hem ondan bir köke aldy. Zenan örän gaharlanypdy we içinden:"Wah, Özümi oňat duýýan wagtym bolsady, onda muny oňatja ýelmärdim!" diýip pikirlendi, Zenan birini alýar, adam hem birini alýardy. Zenan dälliräýjek bolýardy, ýöne gohlaşmagam islänokdy. Soňunda ýekeje köke galanda, zenan:"Indi bu edepsiz adam näme ederkä?" diýip pikirlenipdi. Ol adam
bolsa soňky kökäni alyp, ikä bölüp, yarsyny zenana uzatdy. Bu ýagdaýa has hem gaharlanan zenan ýarty kökäni alman, tüweleý ýaly bolup, gazedini alyp, uçaryna tarap çalt ädimler bn tasanjyrap gitdi. Uçara münen zenan äýnegini almak üçin, el sumkajygyny açdy. Bir seretse satyn alan kökesi açylmanjyk durdy. Örän utanypdy. Kökesini hiç açman, sumkasyna salanyny unudypddy. Ol adam bolsa kökelerini hiç gaharlanman zenan bn paýlaşypdy. Zenan bolsa meniñ kökelerimi iýýär diýip, ol adama örän gaharlanypdy. Indi ötünç soramaga-da mümkinçilik ýokdy.
Bu ýagdaý netijesinde şuňa ýene bir gezek göz ýetirdi:

Yzyna gaýtaryp bolmajak dört ýagdaý bar:
1- Daş zyňylandan soňra,
2- Söz agyzdan çykandan soňra,
3- Pursat gaçandan soňra;
4- Wagt geçenden soňra.

Yzyna gaýtaryp bolmajak ýagdaýlar emele gelýär, bu ýagdaýlardan seresap boluň!
48
169
Islam_Atayew
08.03.2024 11:30
- Maral siz 8-nji marty nähili geçirdiňiz?
-Bu erteki ýaly geçdi we soñy gynançly gutardy. Baýramçylyk güni maña görmegeý şazada sowgat berip, näzik sözler aýtdy, bütin agşam gujagynda bollum şeyle bir ajaýypdy.
- Aýý, nähili romantik. Onnoñ näme bolly?
- Ertesi gün ol şazada ýene meñ adamyma öwrildi.😁
46
80
Islam_Atayew
08.03.2024 00:22
Säheljik göwni bar gyz, gelin, enäñ,
Käte dert çekmekden, günleri öter,
Ullakan sowgada, garaşmaz zenan,
"Baýramyñ bilen" diý, şol sözüñ ýeter.

Salam, Hormatly gelin-gyzlar, ilki bilen sözimiñ başynda siziñ ähliñize berk jan saglyk dileýän. Mähriban zenanlar! Gadyrdan aýal-gyzlar Sizi ýetip gelen Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýüregimden gyzgyn gutlaýan. Goý siziñ maşgala ojagyñyzda agzybirlik,
ýürekleriñizde tükeniksiz söýgi,
durmuşda ullakan bagt we öñiñizde goýan maksatlarñyzda üstünlikler
arzuw edýän. Goý siziñ mährem yüzleriňizden owadan ýylgryş hiç wagt aýrylmasyn.

Bütin ýeri sowgat berýäs gyzlara,
Onuň minaradyr şäherlerini,
Onuň al şerap dey imriklerini
Dumanly-dumanly şäherlerini.

Soñra yyldyzlary, Deňiz-derýany,
Soň kellămiz gyzyp gidiberse has,
Aýy iki yaryp zergär mysaly
Ondan ýara gulakhalka ýasaýas.

Ussat şahyr Gurbannazar Ezizow bu goşgy setirlerinde bahar güline meñzeş zenanlarymyzyñ ajaýyp waspyny ýetiripdir.


Zeminiň gül-görki, zerden lälesi
mähriban
@flowers_, seni 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen mähirli gutlaýan. Goý, siziñ durmuşyñyz gunçalap oturan bägüller ýaly mundan beýläk hem gül açsyn!

Öwrenmeli portalynyñ synmaz söýesi, konkurslaryñ soltany, görki güllerden gözel, hormatly @beghanym Baýramyň gutly bolsun!

Gül görki bahara meňzeş mähriban, @ilhano_va seni 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen mähirli gutlaýan. Göwnüñ yşkyň, keşbiň hemişe ýaz
ýaly mylaýym, bägüller kimin owadan bolsun!

Paýhaslylygy we ajaýyplygy bilen programa ylham hem-de joşgun paýlaýan gadyrly @garlawac, seni hem
zenanlar güni bilen tüýs yüregimden gutlaýan!

Säher howasy ýaly arassa ýürekli @sadajaaa ýetip gelen zenanlar baýramyñ bilen tüýs ýürekden gutlaýan!

Mylaýym bahar pasly ýaly elmydama
owadan we abadan mähriban @medik_ seni yetip gelen Halkara zenanlar güni bilen gyzgyn gutlaýan! Goý güler ýüzüň elmydama bahar ýaly nurana bolsun!

Gadyrly @manolya baharyñ güli bezeýşi ýaly, seniñ hem bagtyñy Gül büresin ýüziñ ýylgyryşdan doly bolsun, baýramyñ gutly bolsun!

Asuda Asmandaky aýyñ bölegine meñzeş mähriban @enes_ ýüregiñdäki maksat myradyña ýetmegiñi arzuw edýän! Baýramyñ gutly bolsun!

Gadyrdan @guli_ Size berk jan-saglyk, maşgala abadançylygny rowaçlygy yüregiñizde beslän hemme arzuw hyýallarñyzyñ bökdençsiz amala aşmagyny arzuw edyän. Baýramñyz gutly bolsun!

@sweet_poison Wagtyň öçürip bilmejek gyz gözelligni saklap, hemişe söýip we söýlüp ýaşañ! Baýramyñyz gutly bolsun!

Öwrenmeli portalynyñ zenan şahyry @awgust göziñizde hemişe şatlyk gözýaşlary görünsin, baýramyñyz gutly bolsun!

Görki ýaz açylan güliñ keşbine bäs edýän gadyrly @gulia_maksatmyradova baýramyñ gutly bolsun janyñ sag başyñ dik bolsun!

Hormatly @gül🥀_ arassa asman ýaly ak arzuwlara beselenen ajaýyp durmuşda güler ýüziñ solmasyn baýramyñ gutly bolsun!

Mähriban @amanmyradowa sizi hem ýetip gelen Halkara zenanlar baýramy bilen gutlaýan, size maşgala abadançylyk tükeniksiz bagt arzuw edýän!

Adym ýok diýip gaty görmäñ, şu post siziñ hemmäñiziñ baýramñyzy gutlamak üçin açylandygny unutmaly däl!

Bu goşgy bolsa siziñ üçin:

Mähribanlygyñyz beýik görelde,
Yürekler ýylanýar sizi görende,
Söýgimiz çäksizdir size köñülde,
Mähriban eneler, mährem uýalar.
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!

Siziň bilen dünýäň ýüzi dörändir,
Siziň bilen perzent sözi dörändir,
Siziň bilen bagtyň özi dörändir,
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!

Siziň baryňyzda owadan dünýā,
Siziñ baryñyzda göwünler gülýā,
Güller görküňize başyny egýä,
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!

Adyñyzy gaýtalaýar köňlümiz,
Sizi soňsuz sarpalaýar döwrümiz,
Janyňyz sag, uzak bolsun ömrüñiz!
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!

BAÝRAMYÑYZ GUTLY BOLSUN!
42
186
Islam_Atayew
07.03.2024 19:56
"Sadalykdan zyýan bolmaz" diýipsiñ
Häli-şindi ejir çekýär sadalar.
Ýa Ussadym Sen şol ýerde ýalñyşdyñ
Ýa Senden soñ çalt üýtgedi kadalar.
41
64