Islam_Atayew
08.03.2024 00:22
Säheljik göwni bar gyz, gelin, enäñ,
Käte dert çekmekden, günleri öter,
Ullakan sowgada, garaşmaz zenan,
"Baýramyñ bilen" diý, şol sözüñ ýeter.

Salam, Hormatly gelin-gyzlar, ilki bilen sözimiñ başynda siziñ ähliñize berk jan saglyk dileýän. Mähriban zenanlar! Gadyrdan aýal-gyzlar Sizi ýetip gelen Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýüregimden gyzgyn gutlaýan. Goý siziñ maşgala ojagyñyzda agzybirlik,
ýürekleriñizde tükeniksiz söýgi,
durmuşda ullakan bagt we öñiñizde goýan maksatlarñyzda üstünlikler
arzuw edýän. Goý siziñ mährem yüzleriňizden owadan ýylgryş hiç wagt aýrylmasyn.

Bütin ýeri sowgat berýäs gyzlara,
Onuň minaradyr şäherlerini,
Onuň al şerap dey imriklerini
Dumanly-dumanly şäherlerini.

Soñra yyldyzlary, Deňiz-derýany,
Soň kellămiz gyzyp gidiberse has,
Aýy iki yaryp zergär mysaly
Ondan ýara gulakhalka ýasaýas.

Ussat şahyr Gurbannazar Ezizow bu goşgy setirlerinde bahar güline meñzeş zenanlarymyzyñ ajaýyp waspyny ýetiripdir.


Zeminiň gül-görki, zerden lälesi
mähriban @flowers_, seni 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen mähirli gutlaýan. Goý, siziñ durmuşyñyz gunçalap oturan bägüller ýaly mundan beýläk hem gül açsyn!

Öwrenmeli portalynyñ synmaz söýesi, konkurslaryñ soltany, görki güllerden gözel, hormatly @beghanym Baýramyň gutly bolsun!

Gül görki bahara meňzeş mähriban, @ilhano_va seni 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen mähirli gutlaýan. Göwnüñ yşkyň, keşbiň hemişe ýaz
ýaly mylaýym, bägüller kimin owadan bolsun!

Paýhaslylygy we ajaýyplygy bilen programa ylham hem-de joşgun paýlaýan gadyrly @garlawac, seni hem
zenanlar güni bilen tüýs yüregimden gutlaýan!

Säher howasy ýaly arassa ýürekli @sadajaaa ýetip gelen zenanlar baýramyñ bilen tüýs ýürekden gutlaýan!

Mylaýym bahar pasly ýaly elmydama
owadan we abadan mähriban @medik_ seni yetip gelen Halkara zenanlar güni bilen gyzgyn gutlaýan! Goý güler ýüzüň elmydama bahar ýaly nurana bolsun!

Gadyrly @manolya baharyñ güli bezeýşi ýaly, seniñ hem bagtyñy Gül büresin ýüziñ ýylgyryşdan doly bolsun, baýramyñ gutly bolsun!

Asuda Asmandaky aýyñ bölegine meñzeş mähriban @enes_ ýüregiñdäki maksat myradyña ýetmegiñi arzuw edýän! Baýramyñ gutly bolsun!

Gadyrdan @guli_ Size berk jan-saglyk, maşgala abadançylygny rowaçlygy yüregiñizde beslän hemme arzuw hyýallarñyzyñ bökdençsiz amala aşmagyny arzuw edyän. Baýramñyz gutly bolsun!

@sweet_poison Wagtyň öçürip bilmejek gyz gözelligni saklap, hemişe söýip we söýlüp ýaşañ! Baýramyñyz gutly bolsun!

Öwrenmeli portalynyñ zenan şahyry @awgust göziñizde hemişe şatlyk gözýaşlary görünsin, baýramyñyz gutly bolsun!

Görki ýaz açylan güliñ keşbine bäs edýän gadyrly @gulia_maksatmyradova baýramyñ gutly bolsun janyñ sag başyñ dik bolsun!

Hormatly @gül🥀_ arassa asman ýaly ak arzuwlara beselenen ajaýyp durmuşda güler ýüziñ solmasyn baýramyñ gutly bolsun!

Mähriban @amanmyradowa sizi hem ýetip gelen Halkara zenanlar baýramy bilen gutlaýan, size maşgala abadançylyk tükeniksiz bagt arzuw edýän!

Adym ýok diýip gaty görmäñ, şu post siziñ hemmäñiziñ baýramñyzy gutlamak üçin açylandygny unutmaly däl!

Bu goşgy bolsa siziñ üçin:

Mähribanlygyñyz beýik görelde,
Yürekler ýylanýar sizi görende,
Söýgimiz çäksizdir size köñülde,
Mähriban eneler, mährem uýalar.
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!

Siziň bilen dünýäň ýüzi dörändir,
Siziň bilen perzent sözi dörändir,
Siziň bilen bagtyň özi dörändir,
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!

Siziň baryňyzda owadan dünýā,
Siziñ baryñyzda göwünler gülýā,
Güller görküňize başyny egýä,
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!

Adyñyzy gaýtalaýar köňlümiz,
Sizi soňsuz sarpalaýar döwrümiz,
Janyňyz sag, uzak bolsun ömrüñiz!
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!

BAÝRAMYÑYZ GUTLY BOLSUN!
42
186
1414
10 Mart 2024
@Islam_Atayew, hm sagboluň🥹
gullnara_
9 Mart 2024
1414
9 Mart 2024
@Islam_Atayew, bu gutlagda mn yoga😌
1414
9 Mart 2024
@Islam_Atayew, hm bolya bagyşlarsyň
1414
9 Mart 2024
@Islam_Atayew, siz gosgy yazyaňyzmy
1414
9 Mart 2024
@Islam_Atayew, hm bolya
1414
9 Mart 2024
@Islam_Atayew, govmysyňyz
1414
9 Mart 2024
@Islam_Atayew, govy a siz nahilii
ilhano_va
8 Mart 2024
@Islam_Atayew, sağbol köp köp ☺️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.